Azerbaýjan adynyň döreýşi we bu adyň nireden gelip çykyşy barada dürli pikirler orta atylypdyr. Görnükli azeri syýasat işgäri, belli žurnalist Mehmet Emin Resulzada görä, Beýik Isgenderiň (Aleksandr Makedonskiý) guran ʻʻYunan-Bahterˮ imperatorlygyna garşy gelen, ʻʻAtropetˮ tarapyndan gurlan döwlete Atropetenýe diýilipdir. Ermeniler bu döwlete Aderbadegan diýipdirler, bu sözüň arapçalandyrylan şekli (mu’arrebi) bolan, Azerbaýjan sözi hem şeýle orta çykypdyr. Başga bir pikire görä bolsa Azerbaýjan ady, Beýik Isgenderiň hyzmatynda bolan iranly Satrap Atropatesiň adyndan gelip çykmakdadyr. Atropates Beýik Isgender ölenden soň, Isgenderiň ady bilen dolandyran topraklarynda garaşsyz bir patyşalyk gurupdyr. Bu patyşalyga Atropatesiň ülkesi manasyna gelen Grek kökünden gelen Atropatene ady berilipdir. Ermeniler bu ülkäni Atrapatakan diýip atlandyrsa, parslar Aturpatakan, surýaniler (siriýalylar) bolsa Azerbaýgan diýip atlandyrypdyrlar.
Belli taryhçy Zeki Welidi Togan hem Azerbaýjanyň adyny Beýik Isgender bilen baglanyşdyryp, b.e. öň 328-nji ýylda Isgenderiň adyna Medianyň (häzirki Azerbaýjan) käbir welaýatlaryna häkimlik eden Ahameni generaly Atropatesiň adyndan gelip çykandygy pikirini öňe sürüpdir.
Türkolog Halil Açykgözüň ʻʻOguz ili Azerbaýjanˮ kitabynda beýan edişine görä, Pehlewi dilindäki (Iranda ulanylan häzirki zaman pars diliniň köki) ʻʻAtaş (od)ˮ manysyna gelen ʻʻAzarˮ sözi bilen ýene-de şol dildäki ʻʻgoraýjyˮ manysyna gelen ʻʻBaýganˮ sözleriniň birleşmesinden dörändigi pikiri öňe sürülýär.
IХ asyrda ýaşan din we taryh ylymlarynyň alymy Muhammet bin Jerir Taberi bolsa ybadat etmek üçin ataşyň iň ulusy bu mekanlarda bolandygy üçin ʻʻAtaşlar ülkesiˮ manysyna gelen “Azerbaýjan” ady berilipdir diýip belleýär.
Kadyrberdi ÝOWŞANOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 322-nji toparynyñ talyby