Şu ýylyň 19-njy martynda paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Şol gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň taryhyna ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan we asyrlaryň dowamynda kemala gelen halk häkimiýetlilik däplerini alamatlandyrýan demokratik özgertmeleriň ähmiýetini açyp görkezýän sene hökmünde altyn harplar bilen ýazyldy. Dabarada türkmen döwletiniň Prezidenti wezipesine işe girişen Serdar Berdimuhamedow çykyş etdi.
Hormatly Prezidentimiziň çykyşynda aýratyn belläp geçen ugurlarynyň biri durmuş ulgamy bolup durýar. Bu ulgam barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz:
«Men ilaty durmuş we hukuk taýdan goramagy güýçlendirmek döwlet Baştutanynyň baş wezipeleriniň biri bolmalydyr diýip hasaplaýaryn. Biziň döwletimiz zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, talyp haklarynyň we döwlet kömek pullarynyň möçberlerini artdyrmak, şeýle hem ilata beýleki durmuş kömeklerini bermek boýunça görülýän çäreleri hiç wagt ünsden düşürmez.
Biz köp çagaly maşgalalara döwlet goldawyny mundan beýläk-de gowulandyrarys. Her bir maşgalany häzirki zaman öýi ýa-da jaýy bilen üpjün etmek meniň esasy aladalarymyň biri bolar» diýip belledi. Häzirki wagta çenli durmuş ulgamyna degişli kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi we köp çagaly maşgalalara ýeňillikleri göz öňünde tutýan kadalar beýan edildi. Şu ýylyň, ýagny «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 1-nji ýanwaryndan hereket edip başlan, köp çagaly aýal maşgalalaryň pensiýalarynyň we döwlet kömek pullarynyň ýokarlandyrylmagyny göz öňünde tutýan kanunlaryň kabul edilmegi muňa şaýatlyk edýär.
Hormatly Prezidentimiziň çykyşynda belläp geçen ugurlarynyň ýene biri saglygy goraýyş ulgamydyr. Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz: «Ýurdumyzda adamyň saglygy jemgyýetiň we döwletiň ýokary gymmatlygy bolup durýar. Şoňa görä-de, ilatyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we olary ýok etmek, saglygy goraýşy we derman senagatyny dünýä derejesinde ösdürmek boýunça köp işler amala aşyrylýar. Saglygy goraýyş ulgamynda özgertmeler dowam etdiriler. Täze-täze hassahanalar, bejeriş-sagaldyş edaralary gurlup, döwrebap lukmançylyk enjamlary we derman serişdeleri bilen üpjün ediler» diýip, aýratyn nygtady. Döwletimiz sagdyn durmuş ýörelgesine aýratyn üns berýär we «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi üçin ähli mümkinçilikleri we şertleri döredýär. Bu ugurda Türkmenistan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar we sylaglara mynasyp bolýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny wagyz etmek we giňden ornaşdyrmak, temmäkä garşy göreşmek, raýatlaryň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak we adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, Türkmenistany 2025-nji ýyla çenli temmäkiden azat ýurda öwürmek üçin netijeli çäreler durmuşa geçirilýär. Bu bolsa raýatlarymyzyň, aýratyn hem, ýaşlarymyzyň saglygy barada yzygiderli alada edilýändigini görkezýär. Ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek, saglyga zyýan ýetirýän ýaramaz endiklere garşy göreşmek, raýatlarymyzyň beden we ruhy taýdan sagdynlygyny gazanmak döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Eziz Hayidow
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň talyby