Aprel aýynyň başyndan bäri dünýäniň 33 ýurdunda çagalaryň arasynda gelip çykyşy näbelli bolan gepatit keseliniň 650 hadysasy ýüze çykaryldy. Bu barada Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy habar berdi diýip, RIA Nowosti belleýär.

“2022-nji ýylyň 5-nji aprelinden 26-njy maýy aralygynda BSGG-ä onuň bäş sebitindäki 33 ýurtdan çagalaryň arasynda etiologiýasy näbelli bolan ýiti gepatit keseliniň 650 mümkin bolan hadysasy barada habarlar gelip gowuşdy. Bu agyr ýiti gepatitiň etiologiýasy näbelli bolup galýar we häzirki wagtda öwrenilýär” – diýlip, guramanyň beýanynda aýdylýar.

BSGG-niň maglumatlaryna görä, azyndan 38 näsaga transplantasiýa zerur boldy, 9 çaga ýogaldy.

Habar berlişi ýaly, näbelli gelip çykyşly gepatit keseliniň 374 hadysasy Ýewropa sebitiniň paýyna düşýär, olaryň 34%-i Beýik Britaniýada hasaba alyndy. Çagalaryň arasynda mümkin bolan gepatit hadysalary barada habarlar Demirgazyk we Günorta Amerikanyň sebitlerinden (240), Ýuwaş ummanyň günbatar böleginden (34), Günorta-Gündogar Aziýadan (14) we Gündogar Ortaýer deňzinden hem (5) gelip gowuşdy.

Gurama kesel hadysalarynyň dörtden üç böleginiň (75,4%) 5 ýaşa çenli çagalarda ýüze çykýandygyny habar berýär. Şeýle-de, koronawirusa garşy sanjym barada maglumatlar bolan 63 hadysanyň 53-sinde (84,1%) çagalaryň sanjym almandygy habar berildi.

Barlaghana derňewleri näsaglarda A-E gepatit wiruslarynyň bardygyny inkär etdi.

BSGG global derejedäki howpa ortaça diýip baha berýär we şol bir wagtyň özünde kesel hadysalary baradaky maglumatlaryň göwrüminiň çäklidigini, hadysalaryň hakyky sanynyň bolsa epidemiologiki gözegçiligiň ýeterlik däldigi sebäpli azaldylan bolup biljekdigini belleýär.