«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» kabul edilmegi täze taryhy döwürde ynamly öňe barýan döwletimizi ösdürmegiň öňde goýlan anyk wezipelerini kesgitledi. Bu strategiki maksatnamanyň ýurtda badalga berlen köpu-gurly özgertmeleri durmuşa geçirmekde, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny ösdürmekde uly ähmiýete eýedigi öz-özünden düşnükli bolsa gerek. Hormatly Prezidentimiziň belläp geçişi ýaly, «Biziň esasy maksadymyz mähriban Watanymyzyň asudalygyny we howpsuzlygyny, durmuş-ykdysady taýdan ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagy, bütin dünýäde parahatçylygy hem-de özara ynanyşmagy berkitmegi üpjün etmekdir. Şu belent maksatlara ýetmegiň ýoly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde kabul edilen hem-de ata Watanymyzyň geljek 30 ýylda gülläp ösmegine gönükdirilen Milli maksatnamada aýdyň beýan edildi». Munuň özi ajaýyp zamanamyzda beýik özgertmeleri nazarlaýan taryhy başlangyçlaryň nobatdaky tapgyryna badalga berlendigini açyk-aýdyň görkezýär.

Milli maksatnamada öňde goýlan wezipelere laýyklykda, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, elektron senagatyny kämilleşdirmek, ähli pudaklara sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmaklygyň depginini ýokarlandyrmak, telekeçiligi goldamak, senagat pudagynyň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, täze iş orunlaryny döretmek baradaky meseleleri ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezmek bolar. Munda esasy maksat dünýä ykdysadyýeti bilen aýakdaş gitmek üçin ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakdan, netijede, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda milli ykdysadyýeti ösdürmäge aýratyn ünsüň berilmegi netijesinde berk ykdysady binýat emele gelýär. Onda nebitgaz we himiýa pudaklary uly orny eýeleýärler. Häzirki wagtda bu ugurlardaky döwrebap kärhanalaryň hasabyna täze sepgitlere ýetilýär. Ýurdumyzda gurlup, ulanylmaga berlen nebitgaz, himiýa kärhanalarynyň bu ösüşlere uly goşant goşýandyklaryny bellemek gerek. 2018-nji ýylda işe girizilip, iň täze tehnologiýalar bilen üpjün edilen iri senagat desgalary — «Garabogazkarbamid» zawody, Gyýanlydaky polietilen we polipropilen önümçiligi boýunça gazhimiýa toplumy, 2019-njy ýylda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ulanylmaga berlen gazdan benzin öndürýän zawod we beýlekiler ýurduň ykdysady kuwwatyny berkitmekde möhüm ähmiýetliligi bilen tapawutlanýar. Olaryň polietilen we polipropilen, karbamid, sintetiki ammiak, tebigy gazdan öndürilýän benzin ýaly ýokary hilli önümleri pudagyň girdejililigini artdyrmak bilen, içerki hem daşarky bazarlarda barha artýan islegleri kanagatlandyrmaga ýardam edýär. Bular täze innowasion tehnologiýalar esasynda döwletimiziň ykdysadyýetini senagatlaşdyrmak babatda aýgytly ädimleriň ädilendiginiň we bu işleriň dowam edýändiginiň subutnamasydyr.

Ata Watanymyzy ösüşleriň täze belentliklerine alyp barýan Arkadagly Serdarymyz: «Ýurdumyzyň ösüş ýoluny şan-şöhrata beslemek biziň el-ele berip, birek-birege düşünip, ähli gujur-gaýratymyzy bir ýere jemläp, halal zähmet çekip gazanjak ýeňişlerimize baglydyr» diýip belläp geçýär. Agzybirlikli çekilen zähmet bolsa bagtyýarlyga tarap ak ýollary açýar. Goý, şu nurana ýollarda, ösüşli menzillerde hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!

Yslam TYLLANUROW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Inžener Mehanika fakultetiniň uly mugallymy