2014-nji ýyldan bäri her ýylyň 31-nji oktýabrynda BMG-niň Baş Assembleýasynyň 68/239 karary bilen 2013-nji ýylyň dekabrynda umumy halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni global şäherleşme meselesine çekmek maksady bilen döredilen “Bütindünýä şäherler güni” giňden bellenilýär. Bu günüň döredilmeginiň esasy sebäbi halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni dünýäde parahatçylyk meselelerine çekmeklige gönükdirilendir. BMG-niň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda dünýä ilatynyň ýarysyndan gowragy şäherlerde ýaşaýar, 2050-nji ýyla çenli bu görkezijiniň 68 göterime çenli ýokarlanmagyna garaşylýar. Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlar şäherleriň ösdürilmegine degişli täze maksatnamalary kabul etdiler. Şonuň netijesinde, ýaşaýyş jaý, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi, infrastruktura, esasy hyzmatlar, azyk howpsuzlygy, saglyk, bilim ýaly ugurlarda özboluşly ösüş gazanmak göz öňünde tutulýar.

Häzirki wagtda dünýä ýurtlarynyň ilatynyň köp bölegi şäherlerde ýaşaýar. Islendik şäheriň durmuş-ykdysady ösüşiniň ilatyň şäherleşmegine baglydygy hiç kim üçin syr däl. Adamlaryň howpsuz, ekologiýa taýdan arassa, ösen infrastrukturaly, hyzmatlaryň hili ýokary bolan şertlerde ýaşamak islegi gün-günden ýokarlanýar. Şonuň üçin esasy şäher hyzmatlaryna deňhukukly we laýyk elýeterliligi üpjün etmek durnukly şäherleşmegiň esaslarynyň biridir. Bu bolsa sosial ykdysady ösüşiň wajyp meseleleriniň biridir.

BMG-niň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda dünýä ilatynyň ýarysyndan gowragy şäherlerde ýaşaýar we 2050-nji ýyla çenli dünýä ilatynyň 68%-i şäher ilaty bolar. Maglumat üçin aýtsak 1800-nji ýyllaryň başynda ilatyň 2%-i, 1950-nji ýyllarda 30%-i şäherlerde ýaşaýardy. Her gün dünýäniň şäherleri takmynan 180 müňe golaý adam bilen dolýar. Ilatyň ykdysady, jemgyýetçilik we medeni çäreleriniň köpüsiniň şäherlerde jemlenendigi sebäpli, ýaşaýyş, infrastruktura, azyk howpsuzlygy, saglygy goraýyş, bilim, zähmet bazary, daşky gurşaw ýaly durnukly ösüşiň esasy faktorlary ýüze çykýar.

Ýene-de belläp geçmeli zatlaryň biri-de, her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde halkara derejesinde Bütindünýä ekiz şäherleriniň güni hem giňden bellenilip geçilýär. Bu sene 1957-nji ýylda döredilen Bütindünýä şäherler federasiýasynyň karary bilen geçirilýär. Bütindünýä şäherler federasiýasy halkara hökümete degişli bolmadyk guramadyr, esasy maksady dürli şäherleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek bolup durýar.

2013-nji ýylyň 25-nji maýynda gözel paýtagtymyz Aşgabat ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigini aýratyn bellerliklidir.

Mamagül ÝAZLYÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara hukugy fakultetiniň I ýyl talyby.