Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň guramagynda fizika boýunça 2-nji açyk halkara olimpiadasy geçirildi.
Geçirilen halkara olimpiada gatnaşmak üçin ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden daşary Russiýa Federasiýasynyň, Özbegistanyň, Rumyniýanyň, Hytaýyň, Türkiýäniň, Belarusuň, Hindistanyň, Pakistanyň, Kipriň, Koreýanyň we Täjigistanyň bilim ojaklaryndan ýüztutmalar gelip gowuşdy. Olimpiadanyň eminleri gatnaşyjylaryň 84-siniň işlerini birinji, ikinji we üçünji orunlara mynasyp gördüler.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Kerim Çerkezow mümkin bolan 50 utugyň ählisini ýygnap, iň ýokary netijäni görkezdi. Ol bu üstünligi dünýäniň 13 döwletine wekilçilik edýän 57 ýokary okuw mekdebiniň 170-den gowrak talybynyň arasynda gazandy.
Ýeňijileriň üçüsi M.Ý.Ýewsewýewa adyndaky Mordowa döwlet mugallymçylyk uniwersitetine (Russiýa Federasiýasy), ikisi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine, galanlary bolsa Russiýanyň Döwlet ynsanperwer-tehnologiýa uniwersitetine, Perm döwlet milli barlag institutyna, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutyna, Döwlet energetika institutyna we Milli howpsuzlyk institutyna wekilçilik edýärler.
31-den 44-e çenli utuk ýygnan talyplaryň 29-sy açyk halkara olimpiadanyň ikinji ornuna mynasyp boldular. Olaryň 22-siniň ýurdumyzyň dürli ýokary okuw mekdepleriniň talyplarydygy has-da guwandyryjydyr.
Eminler 11 — 30 aralygynda utuk toplan 45 talyby üçünji orna mynasyp gördüler. Baýrakly orunlara mynasyp bolan daşary ýurtlularyň arasynda agzalan ýokary okuw mekdeplerinden başga-da, Belarus milli tehniki uniwersitetiniň, Penza döwlet uniwersitetiniň, Kazan milli barlag tehnologiýa uniwersitetiniň, Rumyniýanyň we Koreýanyň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň talyplary-da bar.
Ýerli talyplardan — Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna wekilçilik eden ýaş fiziklerden Ahmet Abaýew, Merjen Şöhradowa dagy ikinji, Orazmuhammet Nurgeldiýew, Leýli Poladowa, Orazbibi Şalarowa dagy bolsa üçünji orny eýelediler.
Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ýokary dünýä derejesine çykmagy möhüm wezipeleri öňde goýýar. Häzirki wagtda Türkmenistanda şol wezipeler üstünlikli çözülýär. Munuň özi, ilkinji nobatda, halkara okuw mekdepleriniň döredilmegine, iň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen ýokary okuw mekdepleriniň we beýleki okuw-mugallymçylyk edaralarynyň täze binalarynyň gurulmagyna, şolaryň işine iň täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna, şol sanda internet we elektron kitaphanalar arkaly dünýä maglumatlar ulgamyna ýokary tizlikli elýeterliligiň üpjün edilmegine degişlidir.
Rahym Rahmangeldiýew
Türkmen döwlet binagärlik–gurluşyk institutynyň
Binagärlik–gurluşyk fakultetiniň mugallymy