Rotorlar – buraw desganyň iň wajyp enjamlarynyň biri. Türkmenistanda iň ýörgünli buraw emeleriniň biri rotor usuly burawlamak diýlip, hasap edilýär. Rotorlaryň esasy işi buraw sütün turbalaryny wertikal ýagdaýda aýlap we onuň aýlanma momentini reaktiwleşdirýär. Rotorlar buraw sutünleri oturtma turbalaryny asylgy ýagdaýda saklamak üçin hem hyzmat edýärler. Elewatorlaryň we klinleriň ulanyp sütünler galdyrylan mahaly swiçlary biri-birinden açmakda we ýene-de birnäçe kömekçi işlerde hyzmat edýär. ABŞ-da ilkinji-rotor emeli ulanylypdyr. Rotorlarda esasan dişli geçirijiler ulanylýar. Esasy geçiriji teker wertýugda oturdylýar, rotoryň stoly bilen birleşdirilýär. Rotoryň stolynyň ortasynda boşluk bolup ol, ýerden sütün turbalary geçirilýär. Rotoryň stolynyň boşluk diametri dolotanyň ýa-da oturtma turbalaryň diametriden bagly bolup ol, esasan, 250-560 mm çenli bolýar.
1902-nji ýylda H=345 çuňňlygy bolan guýyny rotor emelindäki burawdylar Azerbaýjanda 1906-njy ýylda rotor emelinde ulanylypdyr. Eger-de rotora ýokardan garasaň, ol sagat dili boýunça aýlanýar, ters aýlaw diňe çaknyşyk mahaly özem hyrlary çepekeý kesilen bolsa rugsat berilýar. Guýular rotor emelinde burawlananda guýunyň çuňlygyna, baglykda, buraw şertli üýtgäp bilýär onuň predeleri 30-300 ob/min bolýar.
Aýlaw momenti rotoryň stoly bilen berlende dolotaň diametrine görnüşine buraw sütüniň diametrine guýynyň içindäki guralara bagly bolýar. Iň uly statiki agramlyk, stolyna täsir edýän wagty haçanda ol aýlanmaýan wagtydyr. Rotorlaryň gabaritlerini, massasyny, stolyň geçirijilik diametri işjeň aýlaw momentiniň iň usuly stolyň aýlanmasynyň iň uly göýberilýän tizligi onuň ulanyljak ulgamy anyklanylýar. Bu ululyklar taslama mahaly guýunyň maksimal statiki we sistematiki agramlyklara görä we buraw şertiniň saýlanan tipowaýa görä saýlanýar.
Atda ÖWEZOW,
Ýagsygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň SDTTHEA hünäriniň 2-nji ýyl talyby.

RU



