Dil milletiň ruhy hazynasy hasaplanýar. Her bir milletiň beýleki halklardan tapawutlandyrýan aýratynlygy onuň ene dilidir. Ýer ýüzünde uly halkyň we iň kiçi milletiň dil bazasyny goramak gaty möhüm mesele bolup durýar. Her ýylyň 21-nji fewralynda bellenilýän Halkara ene dili güni, ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň karary bilen 1999-njy ýylda döredilip, onuň esasy maksady ýitmek howpy abanýan dilleri goramaga gönükdirilendir. Bu halkara güni 2000-nji ýyldan bäri bütindünýäde bellenilip geçilýär. Häzirki wagtda dünýäde 6000 töweregi dil bar we olaryň 43 göteriminde gepleýänleriň sany barha azalyar. Bilim we jemgyýetçilik ulgamynda diňe müňden gowrak dil möhüm orny eýeleýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 2007-nji ýylyň 16-njy maýynda Bilim, Ylym we medeni gurama bolan ÝUNESKO – nyň Baş konferensiýasynda, 2005-nji ýylyň 20-nji oktýabryndaky 33-nji mejlisinde kabul eden kararyna laýyklykda, 2008-nji ýyl “Halkara diller ýyly” diýlip yglan edildi we durmuşa geçirmekde esasy edara hökmünde ÝUNESKO bellendi. Bu başlangyç diňe bir ene dil bilen baglanşykly meseleleri ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, dünýäniň dürli künjeklerinde köp dilli bolmak syýasatyny durmuşa geçirmek isleýän döwletler bilen hyzmatdaşlygy saklamaga gönükdirlendir. Köp milletli ýurtlarda, ene diliň maşgalada ýürgünliligi, aslynda ýurduň baýlygy hökmünde garalýar. Her diliň ýitmezligi we onuň ösmekligi üçin esasy şertı, oňa berilýän bahasyna degişlidir. Adam özüniň ene diline buýsansa, şol belentlikde hem medeniýetini, ata-babalaryndan galan miraslary goramakda we ösdürmekde başarjaň bolýar.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli dünýä dilleri institutynyñ talyby Geldiýewa Merjen