Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan dünýä jemgyýetçiliginde özüniň parahatsöýüji içeri we daşary syýasaty bilen halkara bileleşiginiň gyzyklanmasyny artdyrýar. Häzirki wagtda dünýäniň 151 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary alyp barýan ata Watanymyz berk binýatly, hoşniýetli halkara hyzmatdaşlygy gurujy döwlete öwrüldi we dünýä ýüzüniň ykrarnamasyna eýe boldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir gününde ajaýyp üstünliklere beslenýän Türkmenistan ähli ulgamlar bilen bir hatarda, daşary syýasatyň üstünlikli amal edilýän döwleti hökmünde giňden tanalýar. Ýurduň halkara jemgyýetçiligindäki milli bähbitlerini goramakda ygtybarly gural bolup durýan diplomatiýa ýurdumyzyň daşary syýasatyny bütindünýäde ygtybarly ösdürmekde esasy ugurlaryň biridir. Bu babatda, Bitarap Türkmenistan döwlet Garaşsyzlygyny alan ilkinji gününden başlap, häzirki wagta çenli dünýä döwletleri bilen dürli ugurly diplomatik gatnaşyklary işjeň ýola goýdy. Esasanda, döwletimiziň daşary syýasy durmuşyndaky esasy hyzmatdaş ýurtlarynyň biri bolan Katar döwleti bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyk özüniň datly miweleri we geljekki ösüşiniň kämilligi bilen uly ähmiýete eýe bolup durýar.

Bitarap Türkmenistan döwleti bilen Kataryň arasynda 1996-njy ýylyň 22-nji noýabrynda bilelikde komýunike esasynda ýola goýlan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gysga döwrüň içinde özüniň işjeň netijelerine eýe boldy. Döwletara diplomatik gatnaşyklaryň hil taýdan has-da ösmeginde iki ýurduň döwlet baştutanlarynyň resmi saparlary aýratyn orun eýeleýär. 2010-njy ýylyň 11-12-nji oktýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň Katar döwletine ilkinji taryhy sapary amala aşyrmagy dostlukly döwlet bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň daşary syýasatda aýratyn ähmiýete eýediginiň aýdyň subutnamasydyr.

Esasanda, 2022-nji ýylyň 5-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Serdarymyzyň Katar döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň çakylygy bilen dostlukly ýurda amala aşyran sapary netijeli we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň has-da berkemegine, täze öwüşgüne çaýylmagyna uly ýardam berýär. Şeýle hem, ýokary derejeli saparlaryň dostlukly ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli geçirilmegi geljegi röwşen ýollara öwrülen diplomatik gatnaşyklaryň pugtalanmagyna getirýär. Häzirki wagtda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň täze mazmun bilen baýlaşdyrylmagy ähli pudaklary şol sanda, syýasy, ykdysady, söwda, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim, sport, ulag we kommunikasiýa, energetika, senagat, oba hojalygy, ýokary tehnologiýalar ýaly dürli ulgamlary öz içine alýar. Bu ugurlarda dürli ýyllarda tejribe toplan türkmen-katar gatnaşyklary özüniň baý hukuk binýadyna eýe boldy. Döwletleriň arasynda ýyllaryň dowamynda birek-birege özara ynam we düşünişmek esasynda alnyp barylýan gatnaşyklaryň netijesinde ulag ulgamlarynda, nebit-gaz pudagynda, medeni gatnaşyklarda we beýleki ugurlarda gazanylan üstünlikleriň netijesi taraplaryň arasynda baglaşylan Ylalaşyklarda, Ähtnamalarda we başgada birnäçe resminamalarda özüniň aýdyň beýanyny tapýar. Döwrüň gyzgyn talaplarynyň biri bolan bilim syýasatynyň hem has-da kämilleşdirilmeginde ýakyndan ýardam berýän Türkmenistan we Katar döwletiniň arasyndaky halkara hyzmatdaşlygy özara bähbitli, resminamalaýyn esasda alnyp barylýar. Ýeri gelende, 2017-nji ýylyň 15-nji martynda gol çekilen “Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Katar döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiýa institutynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň” bilim ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde aýratyn ähmiýete eýedigini bellemek gerek.

Bu gün Türkmenistan dünýä ýüzünde parahatçylygyň we howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň has-da berkidilmegi babatda uly tagalla edýär. Özara hormat goýmak we uzakmöhletleýin häsiýete eýe bolan, strategik ýörelgelere eýerýän, döwletara gatnaşyklaryň depginli ösüşine eýe bolan ýurdumyz halkara gatnaşyklaryna ygrarlylyk häsiýetli çemeleşme bilen dünýä ýüzüniň gyzyklanmasyna mynasyp boldy.

Hatyja Döwletnazarowa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby