Hormatly Prezidentimiziň döwletlilik ýörelgelerinde jemgyýet we şahsyýet gatnaşyklary hukuk esasynda guralýar. Kanuna esaslanýan gatnaşyklar hemmeleriň jogapkärçiligine we kanunyň talaplaryny berjaý etmegi borç edinendiklerine daýanýar. Şeýlelikde, Türkmenistan gurýar, döredýär, kämilleşýär. Gurujylyk, döredijilik döwletimiziň baş ýörelgesi bolup durýar. Häzirki zaman türkmen jemgyýeti adama bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk hökmünde garaýar. Halk häkimiýetiniň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan demokratik däpleri döwlet gurluşynyň sazlaşygyny kesgitlemek bilen, ýurdumyzyň durnukly ösüşine milli özboluşlylyk berýär.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça milli demokratik ýörelgelerimize täze itergi berildi. Şonuň netijesinde halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy — Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi. Halk Maslahatynyň döredilmegi halkymyz tarapyndan giň goldawa eýe bolup, jemgyýetiň we döwletiň möhüm syýasy, ykdysady, medeni-durmuş meselelerini jemgyýetçilik ygtyýarly wekilleri bilen ählihalk forumlarda maslahatlaşyp çözmek ýaly asylly ýörelgeleriň iş ýüzünde amala aşyrylýandygyny aýdyň görkezýär.
«Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Konstitusion kanun türkmen halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary edaranyň hukuk binýadyny kesgitläp, onuň durmuş esaslaryny has-da giňeldýär. Halk Maslahatynyň hereketini kesgitleýän bu hukuk resminamasynyň kabul edilmegi bilen, döwletimiziň ýokary we ýerli wekilçilikli edaralary bir bitewi ulgama birigýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, häzirki wagtda hereket edýän welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýerli edaralary hökmünde resmileşdirilmegi olaryň netijeli işlemegi üçin şertleri döreder.
«Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Konstitusion kanun Halk Maslahatynyň işini kämilleşdirmek bilen, demokratik institutyň döwrebaplaşmagyny alamatlandyrýar. Esasy Kanunymyzyň 6-njy maddasynda beýan edilişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahaty Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaradyr. Onuň işi demokratiýa, aýanlyk, adalatlylyk, kanunyň hökmürowanlygy, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmak, adamyň we raýatyň kanunyň öňündäki deňligi, adamyň hukuklaryna we azatlyklaryna hormat goýmak, çözgütleri erkin ara alyp maslahatlaşmak we kabul etmek, jemgyýetçilik pikirini nazara almak ýaly ýörelgelere esaslanýar.
Bu işleriň netijeli durmuşa geçirilmeginde Türkmenistanyň syýasy ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde, häzirki döwürde biziň döwletimizde köppartiýaly, jemgyýetçilik birleşmeleriň işine itergi berýän syýasy-hukuk ulgamyň kemala gelmegi öz täsirini ýetirýär. Bu hem öz gezeginde Türkmenistanyň raýatlarynyň syýasy erk-islegini emele getirmek we ony erkin beýan etmek, saýlawlara we sala salşyklara gatnaşmak arkaly jemgyýetiň syýasy durmuşyna gatnaşmak, şeýle hem döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda raýatlaryň bähbitlerine wekilçilik etmek ýaly kadalaryň üsti bilen adamlaryň işewürligini artdyrýar.
Şu ýylyň 26-njy martynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary jemgyýetimizde milli demokratiýanyň has giňden ýaýbaňlanmagyna täze itergi berdi. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda demokratiýany has-da çuňlaşdyrmak we giňeltmek ugrunda amala aşyrýan işleriniň barha rowaçlanýandygyny görkezýär.
Görşümiz ýaly, ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmak, raýat jemgyýetiniň edaralaryny döretmek, syýasy ulgamy häzirki döwrüň talaplaryna laýyk kämilleşdirmek boýunça köp işler durmuşa geçirilýär. Şu maksat bilen, «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Konstitusion kanunyň kabul edilmegi ýurdumyzda syýasy köpdürlüligiň we köppartiýalylygyň ykrar edilmegi jemgyýetiň syýasy ulgamyny hil taýdan täze derejä çykarýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi ilatymyzyň ähli gatlaklarynyň öz isleg-arzuwlaryny döwlet syýasatynda aňlatmaklary we olaryň syýasy işewürliginiň ýokarlanmagy üçin täze esaslary döredýär.
Tamara SEÝITOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ Inžener Mehanika fakultetiniñ uly mugallymy