Erkek dogan
Erkek dogan suwjuk bolmaz,
Ýüregi hut çelpek dogan.
Barsam, gaýtsam ýollaryma,
Sözüň bilen gül dök dogan.
Bir mahallar batbörege
Çolaşardy galpak dogan…
Diýme maňa: “Sözüň çuň däl”
Aýna ýaly ýalpak dogan!
Mündirer “sürerdiň ulag”
Bizi
şonda galtak dogan.
“Geldi- gelmedi” diýmäwer,
Gözde gizläp, çylpyk dogan.
Süýji geplemersiň bilýän,
Şonda- da ýürek dok dogan…
Seň kalbyň aňyrsy umman,
Garramawer entek dogan,
Erkek dogan, erkek dogan…
OBA GIDESIM GELÝÄR (Jigim Selbijana)
Meň oba gidesim gelýär.
Güneş çyksa bulutlardan. Aýakýalaň ylgan ýerlem
Daş ahyry unudardan.
Şähere sapyp bir ýany,
Barýar obam has ulalyp, Ondaky kel peller indi, Galdy baglyga duwlanyp.
Tawus guşuň ganaty deý,
Murgabyň suwy owadan.
Gojalaň gürrüňni diňläp,
Süýnüp gaýdýar ol obadan.
Meň oba gidesim gelýär, Aýlanmaga şol ýerlere.
Gözýaşam bilen reňkläp,
Öwlüýäniň germewlerin.
Jiglermiň murty tabapdyr,
Ýigit çykypdyr ýegenim.
Obaň ýaşulylary bilen
Tirkeşýär indi doganym.
Meň oba gidesim gelýär,
Ýüregim kert-kemer meniň,
Enemleň köçesi meňzeş Ertekisine enemiň.
Gije çyrlaklaň sesine,
Aýdym ýazasym gelýär meň.
Murgabyň mahmal mukamna
Bile ýuwaşja hiňlenip.
Ejem bilen gelnejemiň,
Gümür-ýamyryny diňläp
Oturmaga tam kölgede,
Meň oba gidesim gelýär.
Guzy-goýunlaň sesine,
Çäksiz simfoniýa diňläp,
Öňküden on esse beter,
Meň oba gidesim gelýär.
Ýürege ýapyşan gussa, Aýt obam, haçan ýeňlär.
Gaýtaladygymça şo-o-ol söz: Meň oba gidesim gelýär.
Durmuş haýran galaýmaly,
Gaýtalaýan, sözüm diňläň.
Şeýlebir küýsegler bilen, Meň oba gidesim gelýär.
Obadan gelen ýegenim,
Gapdalymda goşgy diňläp,
Taşlap, şäherde doganyn,
Oň oba gidesi gelýär.
“DOGAN” DIÝERLER
Zeminiň gatyna syýa döker-de Şygyr ýazar biz ikimiz barada, Meň galamym.
Bagyşla sen ezizim,
Biziň söhbetimiz dogan barada.
Biz baglaryň ýapragyna saralan Şemallaň aýdymny diňläp ulaldyk.
Ulaldyk biz ýagşylygyň içinde,
Ýamanlygy geňläp-geňläp ulaldyk.
Göwräň ynjan köňüllere hoş bir ys, Ejem seniň ýylgyrşyňdan dömdim men.
Bu giň howla göwün berip, boşlugyň,
Namedigni gözüm bilen gördüm men.
Okadyk,öwrendik geçegçiligin,
Bu gadymy,aldawçy ak dünýäniň.
Erkimiziň diňe ejemdedigin
Bildik hüwdi hakda bir heň diňläbem.
Biz ulaldyk-halypalaň sazynda,
Göre-göre bir-bireksiz oňmany,
Biz birek-birege ýylgyryş bolup,
Baýlaşdyrdyk “dogan”diýlen dünýäni.
Zeminiň gatyndan syýa döker-de,
Tebigat damardan söýgi goýberer.
Ana şol damardan bileje dämen Syýalara bizde “dogan”diýiler.
MEN-Ä OBA GITJEK
Men-ä oba gitjek,oglumy alyp, Gözellige öwrenişsin gözlerim. Daňdan goňşularyň howzuna baryp, Suw daşajak,nahallarna mellegiň.
…Ejemden soň…alçalar hem garrapdyr, Gorlanypdyr,dym-dykyzja gölämiz.
Seýrek gelýän aýal doganlam ýaly, Üzümleri selçeňläpdir teläriň.
Ýene-de göwrämi ýorunja busup,
Ot ýygyşyn gaýtalajak enemiň.
Sapagny ötürip bermegem lezzet Kölegede,gözi uly temenniň.
Erkek doganymyň sözleri ýaly, Dünýä mähir bilen haçan bakarka? Abraýy galamdan gözledim ýördüm,
Başga zady dileg etmän Ýokarka…
Menem säher suw sepjek giň gujagna,
Çagalygmy bagra basan howlymyň.
Şükür, hiç sönmedik atam ojagna,
Mähri siňsin,ulalmaka oglumyň.
Men-ä oba gitjek,dynjymy aljak, Görüp gaýtjak,maňkalyja jiglemmi.
Hemem gyz jigime hünjüjik alyp,
Sag bol aýtjak,hut şol öýde doglanna.
Tämiz saklawersin ejemiň öýün, Işe gidip gelibersin,gelnejem.
Bäş-on günjük öý işlerni edeýin, Hyzmatymy görsünler goý,meniňem.
Göçgünli kelleler bir mahal ýaşkak,
Okamaga äkelipdir,paýtagta. Ýogsa,partygmyzy dakynyp,mäkäm,
Giderdik-le okuwdan soň pagta-da.
Men-ä oba gitjek,kölegeli tam,
Hem ejemiň ýerin tutan gelnimiz,
Bäş köçe aňyrda ýaşaýan atam,
Baý islärdi,paýtagtdan gelmegim.
Maňa azar bermäň,men oba gitjek,
Güňleç şäher sesden aljak dynjymy.
Sähralaň şemalna derdimi daňyp,
Şygyr ýazjak,söýgi hakda ünjüli.
Ýol-ýola,il-ile sapanda agşam,
Sygyrlaryň sürä gidip gelşini,
Synlaýyn-la biraz suratkeş ýaly, Agşamara süri obaň gelşigi.
Goňşy gyzlar gözlerini süzüşip, Diýýärler ogluma: “görmegeý ýigit”.
Senem ýürek gyssa,gussa ilişip, Şäheri birsellem taşlap,oba git!
Men-ä oba gitjek,şu gün ýa ertir, Köp boljak däl,gussalarym çogmasyn.
Arasynda käte baryp gaýdaýyn, Eziz obam unutmasyn,dogmasyn.
Gündizki otla-da alyp petegi, Synlap gitjek,sagy-soly,çar ýanym.
Şonda sähraň seçegine çolaşan,
Bedewler synlasyn,oba barýanym.
Ýaşyl baýyrlaram meniň yzymdan
Galgap galsyn müň bir reňkli şal ýaly.
Megerem şemallaň içi gysandyr,
Olaram oňlarlar oba barýanym.
Täsin-le,otlynyň “şuwlap”gitmesi,
Sähraň ruhy kowalasa, yzymdan,
Gül tumarly sähram,närazy bolup,
Öýkeläp galmasyn,şahyr gyzyndan.
Men-ä oba gitjek,gözlem dynç alsyn,
Hem oglan doganym “gel” diýýär “ýygy”.
Goý ýüregim derdin döksün,ynjalsyn,
Men oba gideýin,alyp oglumy.
Oba etýudy
Daň düýbi çyzyldy, ümsümlik oba,
Guşlar gum- guklugyň hyýalna mündi.
Hem tamlaň ýanynda säginip ulag,
Ota- da gidenok aýallar indi.
Asmanyň ýüzünden süýrelýän misli,
Içi ak pagtaly halta- bulutlar.
Öý bikeleri deý taýýar zat iýip,
Indi pişiklerem ýalta bolupdyr.
Mal ýataklardan hem bir ses çykanok,
Gazyk çalşyp, zowzalardyk geçä biz.
Häzir ümsümligiň mukamy akýar:
Asudaja köp gatnawly köçämiz.
Sygyrlar örä- de gidenok indi,
Şowhunly daňdanlar ötäýen ýaly.
Peçlerden tüsseler çykanok indi,
Adamlar hut göçüp gidäýen ýaly.
Ýygym günlerinde iş has köp bolýar,
Belki olar gidendirler atyza.
Häzir asman- zemin arasyn ölçäp,
Derekler çyzgyç deý, durlar hatara.
Şemal yralanok ýaşyl baglary,
Şol müň ýylky oba, pelek gadymy.
Men bagra basýan- da ümsümlik bilen,
Açýan kildi gulplanmadyk gapyny…
… Hany meniň barlygymyň gözbaşy,
Daňdan ot satmaga ugraýan käbäm?
Ýa şoň ýoklugyna gyýylyp senem,
Sessizje otyrmyň mähriban obam?
“Geldiňmi?” diýýärmiň şahyr gyzyňa?
Sen näme üçin dymýaň, bir sözle ahyr.
Ýa geçen günleriň çöküp dyzyna,
Küýseýäni üçin müýnlimi şahyr?
Hiç tapmadym jogap, köne tanşym dek,
Imrindim obadan çykýan atyra.
Göýä ýaşlymyň ölçegi bolup,
Derekler çyzgyç deý durlar hatara…
IR DÄLMI?
(Jigim Marala)
İr-ä entek iýnse gubar gözlerňe,
Gaşlaryňda on ýediniň heseri.
Ilki agsam ir dolanyp,oýüňe,
Okap diňe söýgi hakda eseri.
Ýatlamaga iş-güýç bilen unudyp,
Batbörege göwünlermiz daňýanmyz.
Ene ýaba tanamaga cuňlugy,
Özumizi goja tutdan zyňyanmyz.
Gelnejemiň kürtesinden ýapyşyp,
Çagalardan gabanyanyň düýn dälmi?
Ir-ä entek,içki jaýda gyslysyp,
Sabamaňyz, O ne beýle, Ir dälmi?
ŞAHYRYŇ GYZY MEN…
Asmanyň aýdymny diňläp ulaldym,
Ajap söz eşitsem giňap ulaldym. Ulaldym men, ýagşy dünýäň içinde
Ejemiň öwüdin diňläp ulaldym.
Ýyllar sepen ak saçlarmyň tarynda
Söýgimiň çigni bar, muňa-da şükür.
Doganlarym bu zeminiň üstünde
Sähel görmeseler, ýoluma çykar.
Şahyryň gyzy men, asly sünnäli, Ejemiň şygrynda adym bar meniň.
Eziz ýara aýdylmadyk sözlerde,
Erte-birigün aýtjak zadym bar, meniň
Ejem gelip…
Üçekleň aýdymyn diňläp ýatyryn,
Ejem tamdyrtowdan geläýjek ýaly…
Şalpy- şaram üsti başy, gyňajy,
Häzir hut özi hem eräýjek ýaly…
Mal ýataga ýagşyň geçýänin aýdyp,
Zeýrenjegem bolmazdy ol, öýde kän…
Käte bir doganma igenerdi hem:
Diýerdi: “ Bejeräýmel- ä ahyr öýdekäň…”
Häzirem ýagyp dur, şol köne ýagyş,
Getirip gussany öz ýoly bilen…
Wagtyň damaryna çekip ol nagyş,
Dur meniň aňymda gozganybilmän…
Näme üçindir adam küýseýär käte,
Geçilen ýollaryň süýji gussasyn.
Kim bejerer köňlüň ajy derdini,
Kim synyk ýamalaň ezber ussasy?
Sowalymy kime berjegim bilmän,
Gaýta- gaýta wagta ýüzlenip mäkäm
Men ýagyşyň üçekdäki sesinden,
Diňleýärin “aýak basyşyn” Notaň!
Ezilýär köňülem ýagyşly günde,
Oň sesin diňleýän goýup işimi.
Her ýagyş ýaganda baş atgyjy öl,
Ejem gelip, açjak ýaly işigi…
DOGANYM GÜLJAHANA
Al-ýaşyl gülleň “gyňajy”, Seň tutumly toýlaryňmy?
Güller seniň joraňmy ýa, Ýa-da doganoglanyňmy?
Güller seniň ykbalyňmy,
Aglap içiň dökýäniňmi, Çyg basan bu ýaşyl meýdan Diýýär: “Zaryn çekýäniň kim?
Nirelerde seýran göwnüň, Gunçalaň gaýmagyndamy?
Hany nirelerde höwrüň,
Gülleriň oýmagyndamy?
GADYM DÜNÝÄŇ BIR ŞAHYRY KEMELDI (Doganym Güljahana)
Gadym dünýäň bir şahyry kemeldi,
Dünýä seret ýylgyryp dur,gör indi.
Daglardan peleňdi,haýbaty,sesi, Derýadan tereňdi,köňlüň eýesi.
Pespäldi gözleri,mydam gussaly,
Eli galamlydy,şygyr,kyssaly. Seret ine,oň mazary köneldi,
Gadym dünýäň bir şahyry kemeldi.
O gün dünýä lerzan boldy,akdy suw,
Aşyklaryň köňli Arşda elendi.
Şonda birden-birden aglady arzuw,
Çünki dünýäň bir şahyry kemeldi.
Yhlaslar hem ýandy,ýürek elendi,
Sebäp dünýäň bir şahyry kemeldi.
Şonda dünýä mana,duýga elendi,
Sebäp dünýäň bir şahyry kemeldi.
Ol dogana dogan,jigä arkady, Yşgyň perdeleri gaýyp elendi.
Agal dünýä,aglasana haý çekip,
Gadym dünýä,bir şahyryň kemeldi.
EJEME
Ertekiler ýat bolupdyr, ejemem, Enemem, bir mahal aýdyp bererdi.
Goňşularyň ählisi-de oturyp,
Ýadymda kölgede gök çaý süzerdi.
Çagalygym geçdi baglaň içinde, Nowçalar düzerdik, monjuk hamana.
Oglan doganlarmyň söýýän gyzlarna,
Hat äkidip bererdik, agşamara.
Ýyllar saçlaryma ak gar sepipdir,
Ulalypdyr, birmahalky taýçanak. Obanyň çetinde akan şol akar,
Ene ýaba öwrülipdir, çaýkanyp.
Kysmat uzaklara seçipdir, bizi, Biýaralaň seçişi deý garpyzyn.
Nersi bir ojaga eýe bolupdyr,
Joralarym söýmese-de, agtygyn.
Ýyllar dür saçypdyr, duýgularmyza,
Kän kösenip, kämilleşdim bu ýolda.
Ejemiň ertekä siňdiren sesi,
Doňup galdy sahna bolup hyýalda.
Ýatlama, ýatlama, gundogda ýatan,
Päkizeje bäbejige meňzeýäň, Käteler arlykdan aşjak bolaňda,
Kalbyň baglaryny kertip dyňzaýaň.
Gowzadýaň joşgunyň aýdymlaň bilen,
Owal-ahyr ýazyp, aýdanlaň bilen.
Kämilleşip ýaşap geçýän ýollary,
Kämilligiň öýdän öýdümi bilen…
Gyş gelmänkä…
Kämil däl bolarly bu beýik baglar,
Garga geçse hüjjerişýär saçlary.
Gyş heniz nobata goýmandyr
Çemli
Güýz toşabna dalan bu agaçlary…
Bilýänem däldirler aňzagyň baryn…
Adam şeýle bolýar…
Gaty söýende.
Täsin…
Gyş gelende asyljak daryn
Çyrmaşyklar taýýarlaşyp goýanda…
Agaçlar henizem ýaprak dökerne,
Ynanmazdan dowam edýär ýangynyn.
Ezilip damary güýzüň şekerne,
Hamana gelmejek ýaly gamly gün…
Goýalşan mürepbe,
Ýumşak toşabyň
Nobatyny syzyp, süýji gülaby…
Häzir süňňü müdimilik galjak deý,
Göýä häzir başlajak deý bal aýy…
Gargalaň opera aýdyşyn diňläp,
Toprak baş ýaýkaýan mysaly häzir.
Tekiz ýerde büdräp gelýän enem deý,
Güýzüň ruhy gökde hasaly häzir…
Şemal ýekelänok öýsüz itleri…
Gorkusyndan gizlenişýär syçanlar.
Güýz gelse obamyz aňyryk süýşüp,
Uzaklaşan ýaly bolýar ejemler…
Toşabyň ysyna eräp bedenim,
Kimdir birin göresleri gelýändir.
Gyş gelmänkä bilmän näme ederin,
Agaçlar hem hut men ýaly bolýandyr.
Ol heniz nobata goýmandyr çemli,
Agaçlar bukulyp, nyýaza durmaz…
Emma…
Arasynda bölek bulut deý
Geçip gidýär gyş köýnekli…
Sudurlar…