Ählimize mälim bolşy ýaly, her ýylyň 26-njy aprelinde Bütindünýä intellektual eýeçiligiň güni giňden bellenilip geçirilýär. Bu günki sene öz gözbaşyny 1967-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden ýörite Kararnamasy bilen tassyklanyp şol günden alyp gaýdýar. Intellektual eýeçilik ulgamynda abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ýurdumyzyň daşary ykdysady strategiýasyny, ýurdumyzyň häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyny üpjün etmekde, öňdebaryjy sanly hem-de maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny iş ýüzünde ornaşdyrmak boýunça daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmakda ähmiýetlidir.
Intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasy BMG-niň edarasy bolup, ylymda, ykdysadyýetde innowasiýalary we döredijiligi höweslendirmegiň esasy serişdesi hökmünde Intellektual eýeçiligi peýdalanmagyň meseleleri bilen meşgullanýar. Türkmenistan hyzmatdaşlyk edýän abraýly halkara guramalaryň we düzümleriň çäklerinde, 1995-nji ýyldan bäri doly hukukly agzasy bolup durýan Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasy bilen köpugurly gatnaşyklara möhüm ähmiýet berýär.Türkmenistan intellektual eýeçiligiň bütindünýä guramasynyň köp sanly ylalaşyklaryna hem yzygiderli goşulýar. 2015-nji ýylda döwletimiz 1999-njy ýylyň senagat nusgalaryny halkara taýdan bellige almak hakyndaky Gaaga ylalaşygynyň Ženewa namasyna we olimpiýa nyşanlaryny goramak boýunça Naýrobi şertnamasyna goşuldy.
Ýurdumyzda «Türkmenistanda eýeçilik hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, intellektual eýeçiligiň bir görnüşi bolup durýan ylmy intellektual eýeçilik obýektlerini döretmek we peýdalanmak maksady bilen alnyp barylýan ylmy-tehniki işde Gahryman Arkadagymyzyň 2013-nji ýylyň 1-nji martynda gol çeken Karary bilen döredilen Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy intellektual eýeçiligiň düzümlerini goramak babatda döwlet tarapyndan kadalaşdyrylyş işini alyp barýar. Bu ugurda kanunçylyk binýat hem yzygiderli ösdürilýär. Muňa “Oýlap tapyşlaryň hukuk goragy hakynda”, “Algoritmleriň, elektron hasaplaýjy maşynlar (EHM) üçin programmalaryň, maglumat bazarlarynyň we integral mikroshemalaryň topologiýasynyň hukuk taýdan goralyşy hakynda”, “Seleksiýanyň gazananlaryny hukuk taýdan goramak hakynda” we beýleki hukuk namalar esas bolup hyzmat edýär.
Begmuhammet ATAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň talyby.