Bambuk- agaja meňzeş, emma ol ýüpegi bar ösümlikdir, ony agaç diýip bolmaýar, onuň tebigaty düýbünden üýtgeşik hasaplanýar.

Bambuk örän tiz ösýär, boýy 38 metr, inliligine aýlananda diametri 80 santimetre deň.  Ýaş bambuk bäş- alty  hepdäniň içinde 18 metre çenli ösüp bilýär.   Bambuk gün saýyn däl eýsem, sagat saýyn ösýär. Özüne öňaýly şert bolanda bir günde ýarym metrden artyk ösüp bilýär.

Bambuk güýçli we ýeňil bolany üçin ondan jaýlar, howlular, köprüler we her  dürli mebeller ýasalýar.  Ol suw turbalary üçin hem oňaýlydyr. Bulardan başgada bambukdan sebetler, gutular ýasalýar. Bambuk kagyz önümçiliginde hem giňden peýdalanylýar, şeýle-de her hili saz gurallary ýasalýar. Bogunlarynda toplanan madda farfor  pudagynda ulanylýar.  

Käbir ýurtlarda bambuk ýapraklaryndan salatlar, işdäaçarlar taýýarlanylyp iýmit üçin ulanylýar.

  Ogultäç  AMANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk  fakultetiniň Oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy hünäriniň 2- nji ýyl talyby.