Wiktoriýa regiýa yssy we çygly şertlerde ösýän köp ýyllyk özboluşly suw ösümligidir. Tebigatda şeýle ösümligiň bardygy 1801-nji ýylda anyklanylan.
Wiktoriýa regiýanyň asyl watany – Günorta Amerika hasaplanýar. Bu ösümlik Amazonka we Orinoka derýalarynyň kenarlarynda ösýär. Onuň ýapraklary örän uly bolup, diametri 2 metre ýakyndyr. Suwuň üstünde ýüzýän ýapragynyň görnüşi ullakan gaýygy ýada salýar. Ýapragynyň gyralary 5-10 santimetr giňlikde depä gaýrylan. Ýapragyny ýogynlygy 5-10 santimetr bolan damar saklap durýar. Onuň ýapragy çagalary, 50 kilogram ýüki hatda ýüzüne birtekiz edip sepilen 75 kilogram topragy hem göterip bilýär.
Bu ösümlik awgust aýynda gülleýär. Gülüniň ini 40 santimetre ýetmegi mümkin. Güli üç gün ýaşaýar. Her gün agşam açylyp daň atanda ýapylýar. Gunçasy suwuň aşagynda bolup, açylmagyna ýakyn galanda suw ýüzüne çykýar. Gunçasy ak reňkde bolýar. Güli birinji güni gülgüne reňkde açylýar, ikinji güni dok gyzyl reňkde, üçünji güni bolsa açyk gyzyl reňkde açylýar. Ýerli halk bu ösümligiň miwesini iýýärler.
Wiktoriýa regiýa tohumy arkaly köpelýär. Onuň kadaly ösüp ýetişmegi üçin suwuň temperaturasy +30° C töweregi bolmaly. Bu ösümlik öz watanyndan başga ýerlerde ýörite gül ýetişdirilýän ýyladyşhanalarda ösdürilýär. Moskwa, Sankt-Peterburg we Toşkentdäki boranika baglarynda bu ösümlik bar.
Oguljeren POTYKOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

RU












