Türkmen topragy gadymy ýadygärlikleriň galyndylary, nijeme galalaryň häzirki günümizde hem edil öňki durkuny saklap galmasy bilen öz beýanyny tapýar. Bu günki gün taryhda bolup geçen wakalaryň, söweşleriňdir, ösüşleriň, nesillere yz goýmagyň iň ýokary nusgasy hökmünde taryhy galalaryň şekilleriniň içinde-de taryh saňa bakyp dur. Sen taryha bakýarsyň? Galalar bolsa, şol taryhy bakyşlaryň aýnasy. Olarda ynsan özüni görýär, olarda ynsan geçmişini, ata- babalaryny we gelejegini görýär. Olarda ynsan öz sesini eşidýär we ol sesde şöhratly ata – babalarymyzyň yzy bar. Nusaý taryhy ýadygärligi bu günki gün dünýä medeniýetleriniň içinde iň gadymylarynyň biridir. Beýik medeniýetleriň özara gatnaşygynda ýüze çykýan Nusaý medeniýeti dünýäniň çar künjüne uzaýar. Onuň gadymylygy, Parfiýa şalygynyň merkezi bolmagy we şol şalygyň ýer ýüzünde beýik döwletleriň içinde uly medeniýetleri ýüze  çykarandygyny subut edýän wakalar bar. Şolaryň biri hem dünýä belli Jelaletdin Soltan Türkmen – Ýagny Jelaletdin Menburny türkmendir. Jelaletdin Soltan Soltan Jelaletdin adyny almak bilen ýer ýüzünde bu günki güne çenli söweşiji, batyr, çakdanaşa hüşgär hem-de dogumly şahsyýet bolandygyny subut etdi. On Üçünji asyryň taryhy söweşinde, Çingiz hany garşysyna baş goýmak bilen , dünýäniň ýarsyny basyp alan duşmanyň öňünde ilkinji bolup, garşylyk görkezip, söweşde Çingiz hany ýeňip boljakdygyny subut etdi. Şol söweşleriň biri-de Nusaý taryhy ýadygärliginiň ýanyndaky Çingiz hanyň goşuny bilen bolan söweşdir.Taryhy şahslaryň şol galalara degişlidigini ýekän- ýekän subut etmek, şol galalara degişli wakalarda gelejege öwretmäge nijeme maglumatlaryň bardygyny subut etmek , bu günki gün alymlarymyzyň nesillerimiziň öňündäki borjydyr. Şeýlelikde her bir galanyň, taryhy ýerleriň galyndylary hem beýleki medeniýetler bilen , mysal üçin Marguş, Assuriýa, Mesopotamiýa, Ýegipt ýaly medeniýetleriň galyndylary bilen doludyr. Şol sebäpli hem taryhy öwrenileninde töwerekleýin alynýan zatlar bolýar.

An- Nesewiniň golýazmalaryna salgylananymyzda Soltan Jelaletdin özünden iki esse köp goşuny Nusaýyň ýanynda ýeňip, daş- töwerekdäki halkalara hem öz mertligini, Çingiz handan ýeňilmeli däldigini subut edipdir.Taryhda açylmadyk sahypalaryň jümleleriniň arasyndaky aýdylmadyk zatlary janlandyryp bilýän şahsyýetler bolýar. Olar halkyň aňynda, hakydasynda baky saklanýar, ol şahsyýetler bilenem il tanalýar, halk tanalýar, döwletler, yklymlar tanalýar. Türkmen halkynyň gahryman ogly 13-nji asyryň dünýäsini sarsdyran, batyrlykda we edermenlikde, adalatlylykda we çalasynlykda dünýäni aňk eden , bu güne çenli ady taryhyň tekjelerinden, dilleriň dessanlaryndan çykmadyk Jelaletdin Muhammet Meňburny özüniň ady bilen türkmeniň ady bilen bile öz adyny “Soltan Jelaletdin ýa- da adalatly hökümdar”- diýip,
tanadandyr. Elbetde olar şahsyýetler tatyhyň sahypalaryna jan berýär. Şol taryhy sahypalarda öz ady ýazylan bolsa-da nesillere bu günki gün nusga hem heç wagt ýatdan çykmajak taryhy şahsyýet hökmünde halkyň buýsanjyna öwrülýär. Ol sahypalaryň täze, röwşen mazmunlaryny ýyl geçdigiçe çemeleşýän adamyň ahwaly bilen sazlaşyp, täzeden barmaga mümkinçilik döredýär. Sandyk açylanda göwherleriň gözüňi gamaşdyryşy ýaly, taryhyň sahypalarynda- da taryhy şahslar gözüňi gamaşdyryjy şöhle bolup nur saçýar. Taryhyň syrlary açylanda, ondaky gahrymanlar janlanmaga başlaýar. Taryh her sahypasyny açana syryny açybermeýär.Taryhyň hem sahypasyny açmaga mynasyp şahsyýetler bolýar. Taryhyň hazynasynda göwher şuglaly täsin şahsyýetleriň biri hem Türkmeniň söweşiji ogly, gahryman perzendi, dünýäni basyp almaga synanyşyk eden Çingiz hanyň ýeke- täk güýçli garşydaşy Horezmşa Soltan Muhammet Jelaletdin Meňburnydyr. Soltan Jelaletdin1212- nji ýylda şa köşgünde dünýä iýnýär. Onuň keşbi kino, teatr sungatlarynda, nakgaşçylyk işlerinde hem örän aýdyň beýanyny tapýandyr. Ol barada ýazylan taryhy çeşmeleriň saklanyp galmagyna görä ol barada edilen nakgaşçylyk, monumental işler hemhalkymyzyň merdana ogly bolan bu şahsyýeti tanatmak üçin ýeterlikdir.

Annagulyýew Serdar
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 118-nji toparynyň talyby