Mälim bolşy ýaly, paýtagtymyzyň «Aşgabat» adynyň döreýşi şeýle-de onuň aňladýan manysy hakynda dürlüçe garaýyşlar, pikirler aýdylýar. Geň ýeri hem olar biri-birinden tapawutlanýar.
Hemmämize düşnükli ýaly bolup görünýän Aşgabat sözi alymlaryň, dilçileriň, taryhçylaryň ençemesiniň zähmet eleginden geçendigine maglumatlar bilen tanyşanymyzda göz ýetirdik. Soltanşa Atanyýazowyň toponimik sözlüginde (1970) Aşgabat sözi « aşg » we « abat» söz böleklerinden düzülip, « eşg » diýen arap sözüniň türkmençe «yşk, söýgi, höwes, mähir», «abad» diýen pars sözüniň bolsa türkmençe « abat, şikessiz, bejerilen, oturymly ýer» manylary aňladýandygy diýlip düşündiriş berilipdir. Şuňa görä-de, Aşgabat şäheriniň ady ilki « söýgi, mähir, höwes bilen abat edilen ýer, oba, şäher» ýaly manylarda ýüze çykyp Eşgabat, Yşgabat görnüşlerinde ulanylypdyr. Taryhçy Öwez Gündogdyýewiň « Aşgabat-keramatly Ärsagyň şäheri» atly kitabynda çeşmeler bolsa, Ärsaglara Aşganylar, nesilşalygyň başynda duran Ärsak l-e hem Aşg l diýlendigi görkezýär. Kitapda «Asaak şäheriniň» öz adyny Ärsag l adyndan alandygy, grek dilindäki « Asaak» sözüniň bolsa ýoýlup, gündogarça « yşg », netijede « Asaak » şäheriniň-de « Aşgabat» diýmegi aňladýandygy hakynda degerli maglumatlar aýdylypdyr. «Aşgabadyň agşamy » gazetiniň 1990-njy ýylyň 15-nji noýabryndaky sanynda çap edilen Arazbaý Öräýewiň « Aşgabat- «at galasy » diýmekmi?» atly makalasyndan mälim bolşy ýaly, Aşgabat « Aşh » hem-de « abat » diýen sözlerden ybarat. « Abat » sözüniň gala, berkitme manylary şübhe döretmeýän-de bolsa, « Aşh » sözünde alymlaryň arasynda pikir dürlüligi emele gelipdir. Gadymy döwürlerde, orta asyrlarda galalar ýörite maksatdyr niýetler bilen salnyp, onuň gala-döwlet, gala-şäher, gala-berkitme, köşk-gala, garawul-gala görnüşleri bolupdyr.Ýöne Aşgabat bularyñ hiç haýsysyna hem degişli edilmändir. Ol şäheriň ortasyndaky ylymda mälim bolan köne galanyň ady bilen baglanyşdyrylyp, soňlugy bilen «Ashabad» diýlip atlandyrylypdyr. « Aşg » we «eşg» sözleri meňzeş-de bolsa, « ask » bilen baglanyşygy bolmandyr. 2000 ýyl mundan öň şu galada ýaşan halkyň dilinde «Ash», «Asp», «As» hem-de «Aş», «Aşw» sözleri «at» diýen manyny aňladypdyr. Netijede Ashabat, Aşgabat sözleri ugurdaş bolup, ikisi hem « At galasy » diýen manyda ulanylypdyr. Orta Aziýada, Parfiýada, Eýranda, araplarda gadymy döwürlerde ata «as», «asp», «ash» diýler eken. Has takygy biz bu maglumatlaryň jemlemesinde Aşgabat sözüniň « At saklanýan gala » manysynyň bardygyna göz ýetirdik. Bu maglumatlaryň üstüni A. Meredow bilen S. Ahallynyň « Türkmen klassyky edebiýatynyň sözlüginde» berilýän käbir arap-pars sözleriniň manysyny getirmek arkaly ýetirmäge synanyşýarys:
Asp (p.esb)- at (конь) asby-tazy-arap aty.
Aşkar (a)- 1) agymtyk gyzyl, sarymtyk gyzyl; 2) gyzyl gyrat at(конь)
Eşhep (a.eşheb)-çal, kül reňk (ata degişli).
Mundan başga-da Aşgabat şäheriniň adyna düşündiriş we onuň taryhy dogrusynda XX asyrdaky dürli neşirlerde hem maglumatlar berlipdir. Olara mysal edip türkmen we daşary ýurt wekillerinden: A. P. Poseluýewskiý « Leksikalogiýa we semasiologiýa»(Aşgabat-1946), taryhçy S.G. Agajanowyň «Aşgabat-Ärsaglaryň şäheri», kinorežissýor A.Atajanowyň «Aşgabat-Asabat («as»-asman, «abat»-mekan, şäher) », geografiýaçy E. M. Mürzäýewiň «Astarta hasyllylygyň we söýginiň zenan hudaýynyň şäheri», atlantolog W. Şerbakowyň « Aşgabat-Asgard(aslaryň şäheri)» ýaly kitaplardyr işlerini , H. Hasanow, W.A.Nikanow, M.N. Melheýew, S. Uzin dagynyň « Aşgabat- aşyklaryň şäheri, yşk şäheri » diýen düşündirişlerini görkezmek bolar.

Aýgül SAPARBAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 210-njy toparynyñ talyby.