Gadymy taryhy kitaplarda bellenilişine görä Dehistanyň, başgaça aýdylanda, Maşat-Misserianyň harabalyklarynyň 1830-njy ýylda ilkinji gezek ýewropaly Britan Artur Konolly bolupdyr. Maşat-Misserian barada ilkinji maglumatlar, şeýle hem bu şäher bilen baglanyşykly halk rowaýatlarynyň beýany-da hut Konolla degişlidir.Dogrusy bu gadymy ýadygärlik biziň ýurdumyzyň çäklerinde ýerleşse-de dünýä arheologlarynyň hemişe gyzyklanmasyny özünde saklapdyr. Hat-d akäbir maglumatlara görä ol ýerde mundan birnäçe müňýyllyklar owal kofýe şalygynyň höküm süren bolmagynyň hem ähtimallygy hakynda çaklama bar.

Maşat-Misserianyň ilkinji fotosuratlaryny Zakaspiý oblastynyň başlygy general Aleksandr Komarow alan hem bolsa, ol ýadygärlik hakynda örän az maglumat bar. Emma ýadygärlikde saklanyp galynan ajaýyp nagyşlaryň hem-de onuň arhitektura aýratynlygy dünýäniň taryhçylary bilen bir hatarda ylmy çaklamalar bilen gyzyklanýan ylym admalarynyň hem täsirini özüne çekýär. Ol Türkmenistanyň arheologiýasyna, etnografiýasyna we tebigatynyň öwrenilişine bagyşlanan işlerinde ilkinji öwrenilmeli hem-de has çuňňur öwrenilmeli ýadygärlik hökmünde ýokary derejeli taryhy gymmatlykdyr.

Dürli çyzgylaryň, fotosuratlaryň we neşirleriň bolmagy hem goralyp saklanmagy häzirki zaman dikeldijilerine Dehistandaky ýadygärlikleriň öňki durkyny ýokary derejede täzeden dikeldip biljekdiklerine umyt baglamaga mümkinçilik berýär. Binanyň ýüzündäki gök ýazgylaryň taryhçylarymyzyň döredijilikli işlerinde , şeýle-de suratkeşlerimiziň sungat eserlerinde ýer almagy bolsa, häzriki zaman arhitekturasy bieln berk bagly bolan inçeden nepis kerpiçleriň ýonulyp ýasalmagy taryhy birlikleriň baglanşygyndan habar berýär.Göm-gök syrça bilen syrçalanan kerpiçden ussatlyk bilen ýazylan ýazgyny geljekki akademik Aleksandr Semýonow 20-nji asyryň başynda okap, rus diline terjime edipdir. Görlüp oturylsa, metjit Horezm şa Muhammet II-iň döwründe gurlan eken. 1200 – 1220-nji ýyllarda paýtagty Gürgenç bolan Muhammet şa II Dehistanyň çägini hem öz içine alýan ägirt uly imperiýany dolandyrypdyrandygy hakyndkay maglumatlar bu günki gün taryhçylarymyzy hem diýseň gyzyklandyrýar.Has soňraky ýylalrda Wasiliý Bartoldyň, Aleksandr Semýonowyň, Mihail Massonyň ýadawsyz tagallalary netijesinde ülkäniň taryhyny öwrenmek kem-kemden ýola goýlup başlanýar.Dehistanyň çäklerinde ýerleşýän ýumşak toprakly ýerler bilen birlikde edil ýadygärligiň süňňüni düzýän gaty topraklar hem ýadygärlik bilen bile eýlenen ýaly, ýadygärligiň golaýyna barmazdan bärden synlan alymalr ol ýeriniň topragynyň ýadygärligiň arhitekturasy esasynda tekiz edilendigini hem belläp geçmekleri gyzyklydyr we özüne çekijidir.Dehistanyň topraklary takmynan üç müň ýyl ilata hyzmat edipdir. Ýöne bu döwür dowamly bolmandyr: özleşdirlen ekin meýdanlarynyň taşlanyp, asyrlardan soň gaýtadan dikeldilen döwürleri hem bolupdyr.

Ýadygärligiň Sasaniler döwrüne degişlidigi kesgitlenildi hem-de olaryň degişli obalarynyň depeleriniň görnüşindäki haraba öwrülen galyndylaryny Maşat-Misserianyň tekiz giňişligini görkezýär we täsin ýeri türki kowumly halkalryň ol ýerlerde şalyk sürendigini subut edýän subutnamalar bar.Dehistanyň üsti bilen Horezmden Persiýa barýan kerwen ýoly Uzboýuň häzirki hanasynyň ugry, gadym döwürde bolsa Amyderýanyň Hazara guýýan bir golunyň ugry bilen geçipdir.

Indi birnäçe ýyl bäri Dehistanyň ýadygärliklerini gorap saklamak ugrunda üstünlikli iş alyp barýan we ýakynda metjidiň durkyny dikeltmek boýunça taslamany ýerine ýetrmekleri biziň eýýämimizde ýaşap geçen dürli halkalaryň arasyndaky medeniýetleriniň özara gatnaşykalryny görkezýän bu ajaýyp ýadygärlikdäki diňleriň 25 metrden ybarat bolap, öz töwereginde birnäçe kerwensaraýlary ýerleşdirmesi hem bu günki gün ýurdumyzyň içinde taryhymyzyň kökli yzlarynyň goralyp saklanmasy bilen baglanşyklydyr.Bize öz taryhymyzy öwrenmäge giň mümkinçilikler döredip berýän Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

Aknur KERIMOWA,
Şukurjan AZAMATOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň,
Ýyladyşhana hojalygy hünäriniň 5-nji ýyl talyplary.