Häzirki wagtda mars gurak bir ýer,az mukdarda buzluklary we ýerasty suwlary bardyr.Munuň bilen birlikde eger ýerüstüne ýakyndan seredeniňde uzak geçmişleriň dowamynda bolan silleriň,okeanlaryň goýup giden yzlaryny görmek bolýar.Emma milliardlarça ýyl mundan ozal ol ýeriň atmosferasy häzirkä garanyňda has ýokary bolup biler. Bilermenler Marsda bar bolan deltalara esaslanyp ol ýerde okeanlaryň bolandygyny hatda tutuş planetany gurşap alandygyny aýtýarlar.Ikinji tarapdan bolsa,marsdan getirilen daşlaryň düzümi öwrenilende onuň düzümindäki birleşmeler planetanyň dört milliard ýyl mundan öň dimirgazygynda ägirt uly buzly ummanyň bolandygyny subut edýär.Emma bu ugur barada Tokiýonyň alymlary şeýle diýýär:”Mars milliardlarça ýyl mundan ozal öz magnit meýdanyny ýitirdi,netijede bolsa atmosferadaky suw buglary kosmosa uçdy we ummanlaryň bolsa bugarmagyna sebäp boldy” diýip belläp geçýärler.
NASA bolsa bu barada geljek ýyllarda has takyk maglumatlary ele geçirjekdikleri barada aýtdy.

Ogulnur BERDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.