Täze ýylyň barha golaýlaýan günlerinde ýurdumyzyň çar künjegini gurşap alan şatlyk-şowhun, bagtyýarlyk has-da artýar. Şu ýyl bolsa paýtagtymyzyň seýilgähleriniň, medeni-dynç alyş desgalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, edara-kärhanalaryň binalarynyň töwerekleriniň, köçeleriň aýratyn gözellige beslenendigini nygtap bellemek gerek. Bu işde bolsa ýurdumyzyň hususy işewürliginiň wekilleri – Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary aýratyn işjeňlik görkezdiler. Täze ýyl mynasybetli paýtagtyň dürli künjeklerinde baýramçylyk ruhunda bezeg işlerini ýerine ýetirmek boýunça Aşgabat şäher häkimligi bilen Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde yglan eden “Täze ýyl baýramy äheňinde bezelen iň gowy seýilgäh we baýramçylyk meýdançasy” atly bäsleşikde bu aýdyň ýüze çykdy.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça, oňa gatnaşan onlarça telekeçileriň arasyndan paýtagtyň iň gelim-gidimli ýerleri bolan “Ylham” hem-de Garajaoglan seýilgählerini milli äheňde, ýokary derejede bezän “Türkmen Awtoban” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 1-nji orna, Magtymguly şaýolunyň ugrundaky Magtymguly ýadygärliginiň ýerleşen meýdançasynyň bezeg işlerini ýerine ýetiren “Serpaý ussat hyzmatdaş” hususy kärhanasy 2-nji orna, “Aşgabat” medeni-dynç alyş seýilgähini “Ak şäherim Aşgabat” monumenti bilen bilelikde ýokary derejede bezän “Owadan ülke” hojalyk jemgyýeti bolsa 3-nji orna mynasyp boldy. Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Prezidentiniň gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.
Aýmyrat PIRJIKOW,
Magtymguly adyndaky
Türkmen döwlet uniwersitetiniň
žurnalistika hünäriniň 5-nji ýyl talyby.