Ýurdumyzda irki döwürlerden bäri, ýerli howa şertlerinde bol hasyl berýän, şeýle hem uzak saklanýan we göçe ýaramly gawundyr garpyz görnüşleri döredilipdir.
Türkmen daýhanlary gawunyň “Waharman”, “Bişek”, “Gök Gülaby”, “Garrygyz” ýaly meşhur, şeýle hem onlarça beýleki görnüşlerini ösdürip ýetişdiripdirler. Häzirki wagtda dünýä bakjaçylygynda gawunyň 1600-den gowrak görnüşi hasaba alnypdyr, olaryň 400 görnüşi bolsa türkmen gawunydyr. Tohum saýlamak işi tejribeli bakjaçylar we alymlar – seleksiýaçylar tarapyndan häzirem amala aşyrylýar.
Zamça, garrygyz, gülaby, mazy, zamy, kyrkgünlük, akbişek, gürbek, sarygyz, waharman, paýendeki, hytaýy, şagawun, şekerpalak ýaly şirinden-şirin gawunlar bu gün biziň ak bazarlarymyzyň, desterhanlarymyzyň bezegi bolup durýar.
Türkmenler gawuny diňe bir çig görnüşinde iýmeýärler, eýsem olaryň etini diliklere bölüp, garpyzyň suwuna batyryp alýarlar we guradýarlar. Ondan ajaýyp önüm bolan «kak» alynýar. Gawundan «sök» («garagurt») diýen örän süýji nygmat hem taýýarlanylýar: gawunyň eti gaýnadylyp sowadylandan soň, oňa gowurmyşlanan bugdaý ununy goşýarlar. Alnan goýaltmany togalaýarlar we günüň aşagynda guradýarlar.
Şirin-şeker gawunlarymyz milli medeniýetimizde hem aýratyn orun alýar. Olar babatda dilimize ykjam ornan meňzetmelerdir deňeşdirmeleriň, hoşniýetli däp-dessurlardyr rowaýatlaryň köp sanlysyna duş gelmek bolýar.
Düzümi ynsan saglygy üçin iňňän peýdaly maddalara baý gawundan taýýarlanýan guradylan kak önümi irki wagtlardan bäri şirin nygmat hem dermanlyk önümi hökmünde giňden meşhur bolupdyr. Gawun kaky beden synalaryny zyýanly maddalardan arassalaýar, olaryň işini kadalaşdyrýar, beden süňkleriniň we saçyň ýagdaýyny gowulandyrýar. Gawun kaky bedeniň nerw ulgamyny hem sagdynlaşdyrýar. Kakyň düzümi kaliý kislotasyna baýdyr, şol sebäpli ony göwreli aýallara iýmek maslahat berilýär. Mundan başga-da, kakyň düzüminde ukusyzlykdan nerw dartgynlygyndan baş aýlanmadan, syna gowşaklygyndan saplanýan ferment, şeýle hem, deriniň, saçyň, dyrnagyň ýagdaýyny sagdynlaşdyrýan maddalar köp saklanýar.
Köpleriň islegini gazanan, jana derman gawunyň sortlarynyň biri kyrkgünlükdir. Onuň miwesi ýasy togalak, daşy maýda dilim-dilim, torly, tylla sary reňkli, ýakymly hoşboý yslydyr. Onuň agramy 0,6-1,2 kilograma deňdir.
Kyrkgünlügiň eti ak, ýuka, näzik, örän ýumşak, şabram şireli, aram süýji düzümindäki gandyň mukdary 10-12 %-e ýetýär. Paçagy ýuka hem ýumşak bolýar. Onuň bir düýbünde 4-6 sany miwesi bolýar. Ýokary derejede ideg ileri geçirilende gektardan alynýan hasyllylyk ýokarlanýar. Bu tagamly ekiniň ekiş möhleti mart aýynyň 20-den aprel aýynyň 10-y aralygydyr. Ol ortaça 40-45 günde bişip ýetişýär.
Gawunyň çigidinde 23-35% ýag bolýar.
Gawunyň düzümindäki foli kislotasy az ganlylar üçin peýdalydyr. Ol tuberkulýoz, bronhit, ýürek, bagyr, guragyry kesellerini bejermek üçin peýdalanylýar.
Maral ORAZBAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň uly mugallymy,
Oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty.

RU



