Dünýäniň, şeýle-de Türkmenistanyň suw baýlyklarynyň hapalanmagy iki topara bölünýär: tebigy we antropogen.
Suw baýlyklarynyň tebigy hapalanmagy tebigy hadysalaryň täsirinde geçýär. Ummanlaryň düýplerinde dag emele gelme hadysasy, güýçli çagbaly ýagyşlardan toplanan sil suwlarynyň derýadyr köl, deňizdir, umman suwlarynyň goşulmagy, tüweleýdir güýçli tozanly ýelleriň suw giňişliginde badynyň gaçmagy, duran suwlaryň ýataklarynda ösümlikdir haýwanlaryň galyndylarynyň çüýremegi we başga sebäpleriň täsiri bilen bolup geçýär.
Tebigy hapalanmalar köplenç möwsümleýindir, az möçberlidir we olar suwuň gabawuna düşüp ereýärler, dargaýarlar. Ondaky gaty jisimler suwuň düýbüne çökýär, ýeňilleri suwuň tolkunlary bilen gyra-kenara çykarylýar we netijede suwuň düzümi tämizlenýär. Ýöne, suwuň öz-özüni arassalamak häsiýeti çäklidir.
Suw baýlyklarynyň antropogen hapalanmasy adamzat jemgyýetiniň hojalyk işjeňligindäki galyndylarynyň (zir-zibilleriň), olaryň önümçilik işlerinde peýdalanýan kämilleşmedik tehnologiýalarynyň gaty zyňyndylarynyň, suwuk akyndylarynyň, gazşekilli maddalardaky agyr metallaryň tozanlarydyr gurumlarynyň ýer üsti we ýerasty suwlaryna düşmegi sebäpli bolup geçýär.
Suwuň hapalanmagy diýip, ýaşaýyş gurşawyna oňaýsyz täsirini ýetirýän ýada maddy gymmatlyklara zelelli jisimleriň suwa gelip goşulmagynda emele gelen fiziki, biologik galyndylaryň döremegine aýdylýar.
Suwlaryň hapalanmagynyň mineral, organiki, bakterial, biologik we ýylylyk görnüşleri tapawutlandyrylýar.
Dünýä suwlarynyň hapalanmak meselesi
Suwuň hilini erbetleşdirýän maddalara hapalaýjylar diýilýär. Suwuň hilini we himiki ýollar bilen hapalanandan daşary, ýylylyk arkaly we mikroorganizmleriň üsti bilen hapalanmaklyk amala aşyrylýar.
Her ýylda Orsyýetde akar suwlaryň 76318 mln km 3 goýberilip, filtrasiýa meýdanlaryna 2494 mln m 3 suw baryp ýetýär. Olaryň 6366 mln m 3 suw doly derejede arassalanan däldir.
Häzirki wagtda Dünýä ummanlary güýçli hapalanyp, oňa ýyl boýy ýer üstünden 700 mlpd. m 3 ýyl boýy hapa suwlar akýar. Oňa mysal, Ýuwaş ummanynyň d/g-g/b böleginiň 6470 km-de 585 km 2 ýeri ýuka nebit pliýonkasy bilen örtülendir, ol bolsa umman suwy bilen atmosferanyň ýylylyk balansyny üýtgedýär, suwlaryň bugarmagy ol ýerlerde 2 esse azalyp, howa şertleriniň bozulmagyna getirýär.
Zyýanly maddalar derýalaryň üsti bilen, deňizleriň, ummanlaryň, ýer asty suwlaryň üsti bilen onçakly çuň bolmadyk ýerlerde hem hapalanyp bilýärler.
Senagat kärhanalary tarapyndan derýalar, suw akabalary, köller, agyr metallaryň birleşmeleri arkaly hapalanýarlar. Bu birleşmeler, agyr metallar hiç wagt arassalanmaýar. Pb, Hg, Kd, Ni, Zn, Mn suwa düşende zooplangtonlaryň ölmegine getirýär.
Radioaktiw maddalaryň suwa düşmegi netijesinde ionizasiýa prosesi geçip janly organizmleriň ösüşine otrisatel täsir edýär. Ondan daşary fitoplangton, balyklar köp mukdarda radioaktiw maddalary özleşdirip özüniň organizminde ol maddalary toplaýarlar. Şeýle radioaktiw maddaly balyklary iýmek adam organizmine erbet täsir edýär. Häzirki wagtda Don derýasynda hapalaýjy maddalar 10 PDK (AÇG) –dan geçýär, Sahalin adasynyň derýalary, Kola ýarym adasynyň derýalarynda, Amur derýasynyň aşak akymynda, Eniseý derýasynda 27 görnüşli radionukleotidler tapylypdyr. Bu ýagdaýlaryň ählisi soňky 20-25 ýylda bolup uly ekologiki zyýany döredýär.
Gara deňiziň ekologiki ýagdaýy has erbetleşdi, bu deňze senagat, durmuş ykdysady, kommunal hojalyklaryň önümi köp derejede taşlanýar.
Dunaý derýasyndan 75%-im hapalar Gara deňze gelip düşýär. Onuň ekologiki ýagdaýynyň erbetleşendigi ol ýerde balyklaryň tutulyşynyň has azalanlygy bilen düşündirilýär.
Senagat kärhanalaryň taşlaýan suwlary hem 3-e bölünýär.
-Durmuş ykdysady.
-Ýer üsti suwlary.
-Senagat kärhanalarynyň suwlary.
1) Durmuş kärhanalarynyň meýdanlaryndan duşlar, kir ýuwýan edaralar, aşhanalaryň taşlaýan hapa önümleri bilen hapalanýar.
2) Ýer üsti derýalarynyň, dürli oba-hojalyk ekin meýdanlaryndan alnyp gelinýän zyýanly maddalar.
3)Senagat kärhanalarynyň tehnologik taşlandy suwlary degişlidir.
Türkmenistanyň „Suw hakynda― Bitewi kanuny suw serişdelerini rejeli peýdalanmagyň we goramagyň ähmiýetini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.Bu Bitewi kanun 2004-nji ýylyň oktýabr aýynyň 25-ine kabul edilýär.Bu kanun suwekologik babatda hukuk tertibiniň ýola goýulmagyna hem-de Türkmenistanyň ykdysady howpsyzlygynyň üpjin edilmegine ýardam berer.
Döwlet önümçiliginiň we hususy önümçiligiň, şeýle hem şäher gurluşygynyň ösmeginiň, ilatyň maddy hal ýagdaýynyň gowulanmagynyň we suwa bolan dürli ugurly hajatlaryň artmagynyň we olary hapalanmakdan, zibillenmekden, we egsilmekden goramagyň ylmy taýdan esaslandyrylan has netijeli kadalaryny işläp taýýarlamak we berjaý etmek zerurlygy döreýär.
Türkmenistanyň suw kanunçylygynyň wezipesi – Suw serişdelerini ilatyň, ykdysadyýetiň pudaklarynyň we tebigy gurşawyň hajatlary üçin ylmy taýdan esaslandyryp rejeli peýdalanmagyň, suw serişdelerini hapalanmakdan, zibillenmekden, egsilmekden goramagy üpjin etmek, suw gatnaşyklaryny düzgünleşdirmekden, suw desgalarynyň ýagdaýyny gowulandyrmakdan, suwlaryň zyýanly täsiriniň öňüni almakdan we ony aradan aýyrmakdan, şeýle hem edara taraplaryň şahsy adamlaryň hukuklaryny goramakdan, ýurdumyzda suw gatnaşyklary babatda kanunçylygy pugtalandyrmakdan ybaratdyr.
Türkmenistanyň suw hakyndaky kodeksi 1972-nji ýylyň dekabr aýynyň 27sine kabul edildi.Onda suwy goramak barada şu aşakdaky wezipeler göz öňüne tutulýar:
Ähli suwlar ( suw obýektleri ) suwuň fiziki, himiki, biologiki häsiýetleriniň üýtgemegi, suwuň tebigy arassalanmak ukybynyň kemelmegi, suwuň gidrilogiki we gidrogeologiki düzgüniniň bozulmagy sebäpli ilatyň saglygyna zyýan ýetirip biljek, şonuň ýaly-da balyk gorlarynyň azalmagyna, suw üpjünçiligi şertleriniň ýaramazlaşmagyna hem-de beýleki amatsyz hadysalara getirip biljek derejedäki hapalanylmakdan we egsilmekden goralmalydyr.
Aral deňziniň ýok bolup gidişi meselesi häzirki döwrüň iň agyr ekologik meselesi bolup durýar we oňa, hat-da milli betbagtçylyk meselesi diýsek hem ýalňyşmarys . Aral deňziniň meselesi öz gözbaşyny geçmişden başlaýar . Ýöne soňky 10 ýylyň içinde bu mesele adamy gynandyryjy derejä ýetirdi . Merkezi Aziýanyň ähli ýerlerinde güýçli depginde gurulan suwaryş ulgamlary, köp sanly ilatly ýerleri we senagat kärhanalaryny suw bilen üpjün etmek bilen bir hatarda, hemme taraplaýyn ägirt uly betbagtçylyk bolan Aralyň ýok bolup başlanmagynyň sebäbi boldy . Hut ýaňy – ýakynda çöllerden we sähralardan alnyp täze suwarymly meýdanlara öwrülen ýerler mynasybetli ýeňiş sazlary ýaňlanýardy we şunda ol suwuň araldan alynyp , ony suwsuz galdyrylýanlygy düýbünden ünsden düşürilýärdi . Bu bolsa adamyň gidrosfera bilen baglanyşykly uly gidrotehniki işleriniň biridir.
Aralyň ýok bolup gitmegi, dünýä kataklizmleri bilen deňeşdirilende Amazoniýanyň basseýnindäki tropiki tokaýlaryň ýok edilmek howpundan soň 2-nji ýerde durýar . Aralyň ýok bolup gitmegi ägirt uly Merkezi Aziýa regiony üçin ( diňe onuň üçin hem däl ) hiç zat bilen deňeşdirip bolmajak heläkçilikdir we bu ýerde ýaşaýan halklaryň mundan beýläk şu ýerde ýaşamagy hem howp astynda bolýar (Beknazow we Nowikow 1995 ýyl ).
Aral , özüni suw bilen üpjün edýän beýik Týan –Şan we Pamir dag belentliklerinden örän daşda Merkezi Aziýanyň çölleriniň içinde ýerleşendir . Özüniň suwuny ol iki derýanyň Amyderýa we Syrderýanyň akymlaryndan we köp bolmadyk atmosfera ygallaryndan (120 mm ) alyp durýar . Aral akymy bolmadyk köl bolany üçin onuň suw derejesiniň özgerip durmagy bir tarapdan gelýän suwuň göwrümine, beýleki tarapdan suwuň milli ykdysady hajatlara sarp edilişine we köp derejede onuň bugarmasyna bagly bolup durýar .Aralyň suw derejesiniň deňagramlylygynyň soňky ýüzelli ýa-da ikiýüz ýyllygyndaky üýtgäp durmagynyň netijesi takmyndan + – 1,7 m boldy. ( Şmitkow 1970 ýyl ).
Türkmen kölüniň sebit we Türkmenistan üçin durmuş ykdysadyähmiýeti
Türkmenistandaky ,,Altyn Asyr‖ Türkmen kölüniň gurluşygyna 2000-nji ýylyň 31-nji awgustynda badalga berildi. Türkmen köli topragyň şorlaşmagy suw baýlyklarynyň hapalanmagy, ýerasty suwlaryň derejesiniň ýokary galmagy we suwarymly ýerleriň hem-de çöl örileriniň suwa basdyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleriň çözgüdini tapmakda möhüm ähmiýete eýe bolar.
Bu kölüň gurluşygynyň diňe zeýakaba-zeýkeş suwlaryny akdyrmaga niýetlenip hiç bir ýagdaýda Amyderýadan hem-de beýleki suwaryş çeşmelerinden suw almaga niýetlenip gurulýan desga däldir.
Hazirki wagtda Türkmenistanyň ýerüsti baýlyklarynyň esasy çeşmesi Amyderýadyr. Ol Garagum derýasy arkaly Lebap, Mary, Ahal, Balkan welaýatlarynyň melioratiw ulgamlaryny ýeke-täk suwaryş toplumyna birleşdirýär. Şeýle-de Amyderýa Lebap we Daşoguz welaýatynyň suwa bolan talaplaryny üpjün edýär.
Suwarymly ýerlerde onuň suw baýlyklaryndan peýdalanylanda 6 km3 möçberde zeýakaba-zeýkeş suwlaryny hasaba alnanda 1998-nji ýylda 11 km 3 – dan geçdi.
BMG- niň öňüni alyş diplomatiýasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebit merkeziniň başlygy Miroslaw Ýença, BMG-niň Ylym , Bilim we medeniýet baradaky guramasynyň (ÝUNESKO) sebit wekili Kunli Han , BMG-niň Ýewropa ykdysady toparynyň ekologiýa syn boýunça maksatnamasynyň ýolbaşçysy Entoni Nunes dagy öz çykyşlarynda ― Altyn Asyr‖ Türkmen kölüniň döredilmeginiň diňe bir türkmenistanlylar üçin däl , Merkezi Aziýa Sebitinde ekologik durnuklylygy üpjin etmek , ýerleriň şorlaşmagynyň öňüni almak , öri meýdanlaryň hasyllygyny gowlandyrmak , bu kölde hemişelik mesgen tutynjak we düşläp geljek dürli görnüşli millionlarça guşlaryň çöl gözelligine etjek täsiri, ekojahankeşdelik ýaly täze ugruň milli ykdysadyýete goşulmagy , şor suwlary ylmy esasda gaýtadan işlemek ýaly möhüm meseleleriň çözgüdine öwrüljekdigini nygtadylar.
2009-njy ýylyň 15-nji iýulynda hut hormatly Arkadagymyzyñ özüniň gatnaşmagynda birinji tapgyry açylan ― “Altyn Asyr” Türkmen köli häzir Garagum gujagyndaky Garaşor we Demirgazyk baş akabalara birikdirilmegi , şeýdibem ýurdyň ähli çägindäki zeý suwlaryň uzynlygy 103 klometre, ini 18.6 kilometre barabar bolan 132 kub kilometrlik ägirt köle akdyrylyp ugralmagy , hakykatdanam, taryhy waka öwrülipdi.
Döwletmämmet Azady adyndaky
TMDDI-niň gündogar dilleri we edebiýaty
fakultetiniň talyby Garlyýew Meýlis

RU












