Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ösüşiň aýdyň ýoluna düşdi. Milli ykdysadyýetimizde durnukly ösüş gazanylýar. Türkmenistan ösen döwletlere deň derejedäki hyzmatdaş hökmünde özüni tanatdy. Döwletimiziň kanunçylyk ulgamynda hem rowaçlyklara eýe boldy. Ýurdumyda raýatlarymyzyň hukuklary we borçlary döwlet tarapyndan kepillendirilýär. Her bir raýata işlemäge, okamaga, saglygyny berkitmäge, erkin döredijilik bilen meşgullanmana giň mümkinçilikler döredilýär.
Ýurduň Konstitutsiýasy döwletiň Baş kanunydyr. Konstitutsiýa döwletiň hukuk ýagdaýynyň kesgitlemesi we ösüşiniň esasy ugurlary beýan edilýär. Şeýle hem raýatlaryň saglyga, zähmete, bilime, ylyma, saýlamaga we saýlanmaga bolan hukuklary kepillendirýär. Esasy kanunymyzyň 38-nji maddasynda bellenilişine görä, “Her bir raýatyň bilim almaga hukugy bardyr.
Umumy orta bilim hökmanydyr, her bir adam ony döwlet mekdeplerinde tölegsiz almaga haklydyr.
Döwlet her bir adam üçin öz ukubyna görä hünär biliminiň elýeterli bolmagyny üpjün edýär.
Döwlet we döwlete dahylsyz guramalaryň, raýatlaryň Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen esasda we tertipde tölegli bilim beriş işini amala aşyrmaga hukugy bardyr.
Döwlet hemme okuw jaýlary üçin bilimiň hökmany bolan standartlaryny belleýär” Türkmenistanyň Bilim ulgamynyň gatnaşyklary ýurdumyzda kabul edilen “Bilim hakyndaky” Türkmenistanyň kanyny bilen kadalaşdyrylýar. Salgylanylýan Kanunyň 1-nji maddasyna laýyklykda Bilim adamyň, jemgyýetiň, döwletiň terbiýe we okatmak babatda isleglerini kanagatlandyrmagy maksat edinýän, maksatlaýyn we ulgamlaýyn iş hökmünde kesgitlenýär. Bilimi kämilleşdirmek jemgyýetiň ruhy, durmuş, ykdysady we medeni ösüşiniň binýady Türkmenistanyň ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanda bilim ynsanperwerlige, demokratiýa, milli aň-düşünjelige hem-de
Konstitutsiýa döwletiň hereket edýän kanunçylygynyň esas goýujy binýadydyr. Ol döwletimiziň esasy syýasy-hukuk bolup, onda adam hukuklary, azatlyklary we borçlary, hukuk ulgamynyň ýörelgeler kesgitlenilýär. Türkmenistanyň Konstitutsiýasy kanunyň rüstemligini ykrar etmek bilen, hemmeleriň kanunyň öňünde deňdigini, jemgyýetiň gymmatly hazynasynyň adamdygyny, raýatyň abraýyny mertebesini we azatlygynydöwletiň goraýandygyny beýan edýär. Şeýle hem onda her bir raýatyň kanunlardan gelip çykýan borçlaryny ýerine ýetirmekde döwletiň öňünde jogapkärdigini görkezilýär.
Jeren Bagabekowa
Daşoguz şäheriniň 9-njy çagalar bakja bagynyň terbiýeçi-usulýetçisi