Gidroponika usulynda ot-iýmler taýýarlananda ösümlikler topraksyz emeli gurşawlarda ösdürilip ýetişdirilýär. Ösümlikler iýmiti kök ulgamyny gurşap alýan iýmitli erginden alýarlar. Maldarçylykda gidroponikada ýetişdirilen ot-iýmleriň ähmiýeti örän uludyr. Gidroponika usulynda taýýarlanan ot-iýmler mallara beýleki ot-iýmler bilen utgaşyklykda berilýär. Bu ot-iým beýleki ot-iýmler bilen utgaşyklykda mallara berlende olaryň bedeninde madda çalşygyny, fermentleriň işjeňligini ýokarlandyryp, beýleki ot-iýmleriň siňňitliligine oňaýly täsir edýär, mallaryň witamine, mikroelementlere talabyny üpjün edýär, umumy goraglylygyny, durnuklylygyny (immunitetini) ýokarlandyrýar, et-süýt, ýumurtga önümliligini, nesil berijiligini artdyrýar, nesil berijilik ýaşyny uzaldýar, derman serişdeleri üçin edilýän harajatlary azaldýar. Maldarçylykda şeýle ähmiýetli ot-iýmler ata-babalarymyz tarapyndan has gadymy döwürlerden bäri taýýarlanyp gelip, häzirki wagtda hem oba ýerlerinde iri şahly mallary, dowarlary, öý guşlaryny idedýän hojalyklarda ulanylýar. Bu hojalyklarda gidroponika usulynda bugdaýyň, arpanyň, şalynyň, mekgejöweniň, jöweniň tohumlary ýapyk şertlerde ýörite gaplarda bir tekizlikde ýazylyp topraksyz ekilip, çyglandyrylyp, 7-8 günüň dowamynda alnan öserler ot-iým görnüşinde beýleki ot-iýmler bilen utgaşykly berilýär.
Gidroponika usulynda ot-iýmleri taýýarlamak ownadylan ot ununyndan 8 esse, bedäni taýýarlamakdan 7 esse arzan düşýär. Bu ot-iýmler mikro- we makroelementlere, witaminlere, fermentlere, beloklara baý bolup, mallar üçin ekologik taýdan arassa tebigy iým bolup durýar. Şeýle ot-iýmlerde çalyşýan energiýa 12 MJ deň bolup, çig belok 136,87 g, lizin 7,36 mg, metionin 2,21 mg, serin 5,89 mg, sistin 1,47 mg, şekerler 206,03 g, kalsiý, fosfor, magniý, natriý, sink, selen, B witaminler toplumy (B1, B2, B6), E witamin, karotin saklanýar. Ýagny gidroponika ot-iýmleriň düzüminde 29%-e golaý belok bolýar. Ol oba hojalyk mallary üçin zerur bolan witaminleriň 75%-ini üpjün edip bilýär. Bu ot-iýmleriň düzüminde fermentleriň bolmagy ondaky beloklaryň, mineral maddalaryň 85-90%-iniň mallaryň iýmit siňdiriş ulgamy tarapyndan gowy özleşdirilmegine getirýär.
Gidroponika usulynda taýýarlanan ot-iýmler iri şahly mallaryň süýt berijiliginiň 5%, nesil berijiliginiň 13,2% çenli ýokarlanmagyna, süýdüň ýaglylygynyň, belogynyň mukdarynyň artmagyna getirýär. Umumy oba hojalyk mallary we guşlary ýetişdirmek üçin edilýän harajatlaryň 25% çenli peselmegine getirýär.
Bu ot-iýmleri ýylyň dowamynda yzygiderli tapgyrlaýyn ýagdaýda ýetişdirip, taýýarlap bolýar. Beýleki ot-iýmlik ekinler ýaly uly meýdanlary, döküni, suwy, agrotehniki çäreleri, belli bir toprak-howa şertlerini talap etmeýär. Emeli döredilen ýapyk şertlerde suwy, döküni az mukdarda talap edip, kiçi meýdandan köp ot-iým öndürmäge mümkinçilik berýär. Ot-iýmleri saklamak üçin artykmaç çykdajylar edilmeýär, sebäbi ýylyň dowamynda zerur wagty çalt (7-8 günüň dowamynda) ýetişdirmäge mümkinçilik bolýar we howa-toprak şertlerine bagly bolmazdan, bol önüm alynýar. Gidroponika usulynda ot-iýmleri taýýarlamagyň önümliligi taýýarlanýan meýdanyna baglylykda 500-1000 kg/gije-gündize deň bolýar.
Gidroponikada ot-iýmleri taýýarlamak birnäçe tapgyrlardan durýar: tohumlary taýýarlamak, ekiş geçirmek, gök massanyň artmagy, kök ulgamynyň ulalmagy bolup durýar. Bu ot-iýmler ýagtylandyrylan we garaňky şertlerde taýýarlanýar. Garaňky şertlerde ekilen tohumlar şineläp, akja öserleri çykanyndan soň mallara ot-iým görnüşinde ulanylýar. Ýagtylandyrylan usulynda bolsa öserler fotosintez geçirip başlaýar we ýaşyl reňke geçip başlanynan soň ot-iýmlik maksatlar üçin peýdalanylýar. Gidroponikada ot-iými taýýarlananda ýapyk şertlerde usulyna görä, 18 sagat ýagtylandyrylyp ýa-da garaňkylandyrylan şertlerde 18-200C temperaturada, 65-75% çyglyklyk şertleri döredilýär. Onuň üçin saýlanyp alnan tohumlary bir gapda çyglandyryp, 24 sagat saklaýarlar, şol döwürde tohumlaryň guramazlygy üçin wagtal-wagtal çyglandyryp durmaly. Şondan soň 1 kg tohumy alyp, 0,2 m2 ululykdaky ýörite dörtburç gaplara belli bir galyňlykda deň ýaýradylyp ýerleşdirmeli. Tohumlaryň çyglylygynyna, ot-iýmiň görnüşine görä, wagtal-wagtal çyglandyrylyp, otagyň howasy çalşyrylyp durulmaly. Bir ösüş döwründe, ýagny 7-8 günüň dowamynda 2 litr suw harçlanmaly. Şol döwürde tohumlaryň düzüminde birnäçe hil we mukdar üýtgeşmeler bolýar. Öserlerde mallar üçin has gymmatly iýmitlik maddalar toplanýar. Ýylylygyň, ýagtylygyň täsirinde tohumlardaky ätiýaçlyk maddalar ýeňil özleşýän maddalara öwrülip, oba hojalyk mallary we guşlary üçin has gymmatly ot-iým alynýar.
Oba hojalygynyň esasy ugurlarynyň biri bolan maldarçylyk pudagynyň ot-iým binýadynyň gowulandyrylmagy, ot-iýmleriň dürli görnüşleriniň oba hojalyk mallaryny, guşlary iýmitlendirmekde ulanylmagy olaryň et, süýt, ýumurtga önümliliginiň ýokarlanmagyna getirýär.
Firuza Dosçanowa
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby