Iň peýdaly otag gülleriniň biri-de hlorofitumdyr. Onuň ýapraklary özüne zyýanly maddalary siňdirýär. Şonuň üçin bu ösümlik aşhanada we ýatylýan otagda goýulýar. Hlorofitum klubeni arkaly köpeldilýär.
Hamedoreýa – (Chamaedorea)
Hamedoreýa howanyň düzümindäki zäherli gazlary özüne siňdirýär. Hamedoreýany esasan gara ýola ýakyn jaýlarda goýulsa benzoly we trihloretileni bitaraplaşdyrmaga ukuply.
Tohum arkaly köpelýär. Tohumynyň diametri 2 sm, 6 hepdede tohumlary gögerip çykýar. Tohumyň gögermegi üçin 27-30 gradus temperatura gerek.
Sansewieriýa – (Sansevieria)
Otag gülleriniň arasynda iň sadasy sansewieriýadyr, ýagny halk arasynda ol “gaýynenemiň dili” ýa-da “ýylanyň derisi” ady bilen tanalýar. Ol kislorodyň generatory hasaplanýar. Sansewieriýa adam bedeninde bolup geçýän üýtgeşmeleri uýgunlaşdyrýar, immunitetini ýokarlandyrýar. Ol sowuklamadan goraýar, howa basyşynyň üýtgäp durmagyny, temperaturany we howanyň çyglylygyny kadalaşdyrýar.
Sansewieriýa kök çykyntgylary arkaly köpeldilýär.
Kalanhoýe – (Kalanchoe) Mirt (Myrtus)
Kalanhoe, ewkalipt, mirt we beresklet hemmesi bir otagda ýerleşdirilende, olaryň oňat täsir edijiligi has güýçli bolýar. Bu ösümlikler topary wiruslaryň we bakteriýalaryň zyýan ýetirijiligini gowşadýar. Eger otagda bir-birine ýakyn ýerleşdirilende bakteriýalara garşy göreşijilik häsiýeti 1.5-2 metr aralykda has ýokarlanýar.
Kalanhoýanyň baldagynda goşmaça kökler emele gelýär, baldak arkaly köpeldilýär.
Mirt mirtler maşgalasyna degişli hemişe gök öwüsýän gyrymsy bezeg ösümlik. Onuň ýaşyl ýalpyldawuk ýapraklary, ýakymly ysly ak ýumşak gülýapraklary bolýar. Watany Ortaýerdeňzi, miwesi iýmiş. Medeni görnüşi adaty mirt. Mirt tohum we çybyklary arkaly köpeldilýär.
Mirt urugyny grekçeden terjime edilende “ysly smola”, “balzam” (otlardan taýýarlanan derman ýag) diýmegi aňladýar. Kiçijik ýapraklary köp mukdarda efir ýagyny saklaýar. Esasanam mirtiň ýakymly gülünde efir ýagy köp bolýar. Baldagynyň ýokarky böleginden we ýaş baldagyndan parfýumeriýa senagatynda ulanylýan efir ýagy, mirt suwy taýýarlanylýar.
Gülaýym Mämmedowa
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň Oba hojalygynyň seçgisi we tohumçylygy hünäriniň 1-nji ýyl talyby