XX-nji asyrda kitleriň köpçülikleýin awlanmagy üç milliona çenli kitiň ýok edilmegine sebäp boldy, bu bolsa okeanyň ekosistemalaryna ýaramaz täsir etdi, kitler suwy azot, fosfor we demir bilen baýlaşdyrýan we deňizleri goramakda möhüm rol oýnaýan haýwanlardyr. Bu maddalar kömürturşy gazyny siňdirýän we deňiz iýmit zynjyrlaryny goldaýan fitoplanktonlary höweslendirýär.
Şeýle-de bolsa, kit sanlarynyň ep-esli azalmagy sebäpli deňiz ekosistemalary ejir çekýär. Tasman deňzine 300 litr töweregi emeli galyndy goýulyp, üstünlikli synag geçirildi.
2025-nji ýylda “WhaleX” fitoplanktonyň ösüşine has takyk gözegçilik etmek we bu mikroorganizmler tarapyndan sorulýan uglerodyň mukdaryny bahalandyrmak üçin birnäçe gözleg geçirmegi meýilleşdirýär. Bu innowasiýa çemeleşmesi, uzak möhletde howanyň üýtgemegine garşy göreşmäge kömek etjek ekosistemalary dikeltmäge we balyk gorlaryny köpeltmäge kömek edip biler.
Atadurdyýew Hojanazar
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň
3-nji ýyl talyby