Müňlerçe ýyllar dowamynda adamzat ýer şarynyň üstünde öz ýaşaýan gurşawyna aktiw täsir edip ýör.

Ylaýtada XIX – XX-nji asyrlarda tehnika, senagat we çylşyrymly tehnologiýalar pajarlap ösdi. Bularyň netijesinde ýer şarynyň tebigatynyň deňagramlygy bozuldy we bozulmagyny dowam edýär: jandarlaryň we ösümlikleriň köp görnüşleri gaýdyp gelmesiz ölüp, ýitip gitdi.

XX-nji asyryň ortalarynda adamzat atom tehnologiýasyny özleşdirdi, senagat kärhanalaryň önümçiliginiň kuwwatlary görülip eşidilmedik derejelerde ýetdi.

Şeýlelikde biosfera örän köp zyýanly we zäherli maddalar taşlandy görnüşinde gelip ugrady. XX-nji asyryň aýaklaryndan başlap adamzat kosmos giňişliginiň hem „hapalar“ ugrady.

Netijede tebigatyň deňagramlylygy çenden aşa bozuldy we bozulmagyny dowam edýär, jandarlaryň we ösümlikleriň ýaşamaga öwrenşen,uýgunlaşan gurşawy – biosfera – çendan aşa zaýalanmagyny dowam edýär: ýer şaryna öli planetalaryň hataryna goşulmak howupy abanýar.

Gelejekdäki inženerlere biosfera abanýan howupyň aýylgançakdygyny görkezmek, jandarlaryň we ösümlikleriň (faunanyň we floranyň) ýaşaýan gurşawyň (ekosistemanyň) deňagramlygyny bozýan zyýanly taşlandyralyň çykýan „çeşmelerini“ görkezmek, şol taşlandylary azaltmak we zyýansyzlandyrmak usullaryny öwretmek, taşlandysyz tehnologiýalary işläp düzmek ýollaryny tapmak bolup durýar.

Ekologiýa ylymlarynyň talaplaryny düýbinden ýok etmek ýa-da azaldyp zyýansyzlandyrmak üçin, parnik effektini döredýän we ýeriň ozon gatlagyny ýumurýan jisimleri atmosfera taşlamazlyk üçin gelejekgi inženerler „Umumy himiýa“, „Organiki himiýa“, „Himiýa tehnologiýasynyň prosesleri we apparatlary“, „Nebit we gazy işlemegiň tehnologiýasy“ we başga-da öz hünärine degişli ýörite tehnologiýa derslerini çuň we giň özleşdirmelidirler.

 Kurdowa Bilbil Baýramgeldiýewna

 Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy