Jemgyýetiň geçiş döwrüniň sosial güzümi öňki, synplaryň sosial toparlaryň we gatlaklaryň düzümi bilen belli bir derejede bagly bolýar. Şonuň üçin hem ozalky jemgyýet gurluşynyň sosial düzüminiň bölekleriniň we halkalarynyň käbirini üýtgetmek, başga bimäçelerine täze hil häsiýetini bermek, şonuň ýaly-da täze durmuşy-ykdysady reallyklara laýyk gelýän täze sosial toparlaryň hem gatlaklaryň kemala gelmeklerine, jemgyýetde orun almaklaryna ýardam etmek arkaly ulgamlaýyn ösüşine ýol açyldy. Geçiş döwründe ilatyň düzüminde täze-täze toparlar ýüze çykýar. Olaryň sosial statuslary üýtgäp, bähbitleri aýrybaşgalaşýar. Täze düzümler başda bölek-bölek bolýar. Olara içki bitewilik, jebislik ýetmeýär. Olaryň ykdysady, syýasy, durmuşy-medeni statusynyň arasynda bir kysymdaşlyk ýok.

Jemgyýetçilik toparlarynyň kanuny resminamalarda berkidilen statusy bilen olaryň sosial-psihologik taýdan özlerini duýuşlary gabat gelenok. Bular wagtlaýyn, geçiş döwrüniň nyşany. Meselem, jemgyýetde geçýän özgerişe tapawutly garaýyş esasynda hem dürli sosial toparlar döreýärler: täze gymmatlyklara daşarky güýjüň (döwlet ýa-da özgerdiji topar) täsiri hökmünde garaýan topar; özgerişe serişde hökmünde garaýan topar; özgerişe şahsyýetiň özüni kämilleşdirmeklige dörän mümkinçilik hökmünde garaýan topar. Bazar gatnaşyklaryna girişilýän döwürde şu hili dürli toparlaryň döremekligi kanunalaýyk. Sebäbi garaşsyzlykdan öňki ýyllar biziň ýurdumyzda agalyk eden marksistik filosofiýa adamlaryň aňyna häzirki Galkynyş eýýamynda jemgyýete işewür ornaşdyrylýan bazar ykdysadyýetiniň, hukuk döwletiniň we raýat jemgyýetiniň gymmatlyklaryna ýigrenç döretmeklige çalşypdy. Ol ýyllar jemgyýetçilik aňy köpçülikleýin paýhasy kemala getirip, adamyň özbaşdak pikir ýöretmeklik ukybyny peseltdi. Özbaşdak pikiriň inkärlenýän ýerinde şahsy borç we şahsy jogapkärlik gowşaýar. Şonda jemgyýet jogapkärçiligi adamyň özi bilen däl-de, onuň maşgalasy, kowumy, garyndaşlary bilen baglaýar. Netijede, ahlaklylygy göteriji bolup aýratyn adam däl-de topar çykyş edýär. Çünki geçiş döwründe toparlaýyn aňyň täsiri saklanyp galýar. Biziň bazar gatnaşyklaryna işewür girişýän döwrümizde adam öz edýän işine özi jogap bermelidir. Adamlaryň täze şertlerde öz borjuny we jogapkärçiligini bilmekleri üçin täze aň gerek. Jemgyýetde täze aňyň kemala gelmegininiň öz depgini bar. Aňyň kemala gelmegine ykdysady we durmuşy özgerişleriň täsir edýänligine garamazdan, onuň depgini soňkularyň üýtgeýiş depgini bilen gabat gelmeýär. Şonuň üçin täze aňyň kemala gelmegini emeli taýdan çaltlandyrmak ýa-da çäklendirmeklik gerekli netije berip bilmeýär. Geçiş döwrüne geregugerekmejek salgylaryň köpdürliligi häsiýetli bolýar.

 Bahadyrowa Näzik

Türkmen oba hojalyk institutynyñ Weterinar lukmançylygy fakultetiniñ 1-nji yyl talyby