Ýakynda köp kompaniýalar Marsyň Terraforminginiň üstünde işläp başladylar. Elon Musk bu gözleglere bagyşlanan teleýaýlymda söhbetdeşlik geçirýär we Marsyň temperaturasynyň ýokarlanmalydygy barada aýdýar. Iki usulyň bardygyny we bu usullaryň biriniň aňsat, beýlekisiniň kyndygyny aýtdy. Aňsat usuly bolsa gülkünç we çynlakaý görnüşde bolup, Marsyň polýuslaryna ägirt uly partlama döretmek bilen zerur temperatura ýetip, doňan buzluklaryň eräp biljekdigini we wagtlaýyn atmosferanyň döräp biljekdigini aýdýar. Şeýle-de bolsa, bu usul howuply hasaplanylýar.
4 milliard ýyl ozal Marsda ýaşaýyş bolup bilermi?
Mars 4 milliard ýyl ozal ýaşap boljak planetady we ummany bardy. Şeýle-de bolsa, bularyň ýitirilmeginiň sebäbi magnit meýdanynyň ýoklugydyr. Gün ýelleriniň Günüň gelmeginiň öňüni alyp bilmeýändigi sebäpli, ýyllar boýy atmosferasy aýryldy, ummanlary gurady, ýadrosy hereketsiz galdy we ýerasty suwlary doňdy.
Geçmişde Marsyň ýaşaýyş bolan planetadygy adamlaryň aňyna köp soraglary getirýär. Marsda ýaşap geçen jandarlar barmy? Gün ýelleri ol ýerde ýaşaýan jandarlary ýok etdi.
Mars planetasynda metan gazynyň bardygy we bu metanyň gazynyň bolmagynyň sebäbi hem Marsda tapylan Metanogen bakteriýalarydyr.
Şeýle-de bolsa, 4 milliard ýyl ozal Marsda ýaşaýşyň bardygy entek belli bolmasa-da, bu durmuşyň ýokdugyny aňlatmaýar. Ýer şary ýaly ýaşap boljak planetada ýaşaýşyň ýoklugy geň dälmi? Marsa-da Mars planetasynda janly-jandarlar barmydy? Bular soraglar esas bolup galýar. Marsda ylmy-barlag işlerini alyp barýan alymlaryň bu meseläni has jikme-jik synaglar arkaly çözüp biljekdigine ynanýarys.
Erkin Annageldiýew
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň
4-nji ýyl talyby