Geçiş döwründe güýçli döwletlilik, ykdysady reforma döwlet tarapyndan gözegçilik etmeklik bu döwrüň aýratynlygy boldy. Meýilnamaly hojalykdan bazar hojalygyna, umumy eýeçilikden eýeçiligiň dürli görnüşlerine, şol sanda hususy eýeçilige geçmek, geçiş döwründe hususylaşdyrmak işi başlanyp, nyrhlar döwletiň elinde saklanyp, ykdysady özgerişler etaplaýyn, ýuwaş-ýuwaşdan amala aşyryldy.

Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan döwlet eýeçiligini doly agalygyndan azat bolup garyşyk hilli ykdysadyýeti döretmek we ony ösdürmek maksat edinildi. Şeýle ykdysadyýet dürli eýeçilik görnüşleriniň, şol sanda hususy eýeçiligiň hereket etmegi üçin deň ykdysady şertleriň döredilmegi esasynda kemala gelýär. Garyşyk ykdysady ulgamy döretmek meselesi eýeçiligi döwletden aýyrmak we hususylaşdyrmak işine öz täsirini ýetirdi. Ýurtda döwlet eýeçiligi bilen bir hatarda hususy eýeçiligiň we eýeçiligiň beýleki görnüşleriniň döremegi hyzmat ediş söwda pudaklaryna degişli kiçi hem ortaça kärhanalary hususy eýeçilige satmakdan başlandy. Emläk eýeçiligi wajyp mesele, ol her bir adamyň durmuşda tutýan ornuny we geljegini kesgitleýär. Şonuň üçin hususy eýeçilige geçilende ýurduň ilatynyň dürli gatlaklarynyň bähbitlerini göz öňünde tutýan usullar bilen amala aşyryldy. “Hususy eýeçilik, goý, täze girizilýän desgalarda we özleşdirilýän ýerlerde has-da giň gerim alsyn” diýen ýörelge öňe sürüldi. Şol bir wagtyň özünde bolsa, hyzmat gurşawynda çaklaňrak obýektleri auksionlaryň üsti arkaly satylyp başlandy. Orta göwrümli kärhanalar zähmet birleşmelerine uzak möhletleýin kärendesine ulanylmaga berildi. Eýeçiligiň paýdarlar görnüşi hem kem-kemden durmuşa ornap başlady. Ýöne eýeçiligiň bu görnüşiniň döremekligi üçin bazar gatnaşyklarynyň ösen derejesi gerek. Şol sebäpli ol köptaraplaýyn çemeleşmeler esasynda girizildi. Türkmenistanyň ykdysadyýetini köp pudakly ösen hojalyga öwürmek meselesi gaýragoýulmasyz mesele hökmünde öňe çykdy. Hawa, oba hojalygy bilen bir hatarda senagat Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy sütüni bolup ozal hem çykyş edýärdiler. Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda ýurtda 1600 kärhana hereket edýärdi, şolaryň 400-e golaýy özbaşdak balansdaky önümçilik birleşikleri, kombinatlar we kärhanalardy. Öndürilýän senagat önüminiň aglaba bölegi (76,2%) agyr senagatyň, şol sanda 67,1% -i ýangyç-energetiki toplumyň paýyna düşýärdi. Nyrhlaryň täsiri netijesinde ýeňil senagatyň udel agramy peselip 11,6%-e barabar boldy. Ozalky döwletara gatnaşyklaryň bozulmagy önümçilik kuwwatlarynyň ulanylyşynyň peselmegine, önümçilik serişdeleriniň könelmegine getirdi. Bu kynçylyklar türkmen döwletiniň ykdysady syýasatynda öz şöhlelenmesini tapýar.

 Şermedow Asadbek

 Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Sanly dolandyryş (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrynyň 1-nji ýyl talyby