Ýat we ýatkeşlik, akyl we pikir ýaly hadysalar bütin beýni ulgamyň, umuman ähli neýronlaryň önümidir. Biologiýa ulgamynda ýatkeşligiň üç görnüşi bar bolup: genetiki ýatkeşlik, immunologiki we neýrologiki ýatkeşlikler. Mälim bolşuna görä, genetiki ýatkeşligiň esasy nuklein turşularydyr, esasan hem, DNK-molekulasydyr; immunologiki ýatkeşlik umumy bedeniň genotip görnüşini kesgitleýän DNK-bilen bir hatarda maglumatly (informasiýaly) ýokary mlekulýar proteinleriň gatnaşmagynda üpjün edilýär. Neýrologiki ýatkeşlik bolsa ähli neýronlaryň wezipesidir.Beýniniň pikirlenmek, akyl we huş ýaly wezipeleri esasy neýronlaryň bedenjiklerinde molekulýar derejede geçýän himiki we fiziki özgerişmeleriň netijesinde döreýär. Muňa subutnama edip neýronlarda örän ýokary tizlikde geçýän madda we energiýa çalşygyny görkezmek bolar, kelle beýnide öýjük genomanyň transkribirleşme hadysanyň tizligi beýleki agzalara garanyňda örän ýokarydyr. Beýleki agzalaryň we dokumalaryň öýjüklerinde transkribirleşen DNT mukdary beýnidäki DNK garanyňda iki esse pesdedir. Soň hem adamyň beýnisinde DNK molekulasynyň 20% töweregi şol ýerde öndürilen RNK-niň molekulasy bilen gibritleşen ýagdaýdadyr.Beýnide pikirlenme hadysa beýni gabygynyň neýronlarynda elektriki tolkun ulgamyň ýaýramaklygy bilen geçýändigini fiziki barlaglaryň netijesi görkezdi. Şol tolkunlar bellibir neýronlarda ýygnanyp ýatkeşligiň döremegine getirýär. Şu nukdaýnazardan, ýagny şol tolkunlaryň ýygnanmaklyk we şol öýjükde saklanmaklyk ukyplaryna görä iki görnüşde bolýar: gysga wagtlaýynýatkeşlik we dowamlyýatkeşlik. Gysga wagtlaýyn ýatkeşlikde daşky gurşawdan beýnä düşýän täsirleriň esasynda döreýän tolkunlar köp saklanmaýar we tiz ýitip gidýärler. Şu tolkunlaryň köpüsi beýni gabygyndaky neýronlara ýetmezligi bilen tamamlanýarlar.Dowamly ýatkeşlikde neýronlara gelýän tolkunlar beýniniň gabygynyň neýronlarynyň köp mukdary bilen baglanyşykly geçýär we şol neýronlara güýçli täsir etmeklik bien baglanyşyklydyr. Netijede, neýronlarda durnukly himiki özgerişmeler geçmeýär we neýronlarda durnukly fiziki baglanyşyklaryň döremegine getirýär. Şol özgerişmeleriň dowamynda bellibir neýronlarda özboluşly häsiýetler dowamly mahsus bolup galýarlar.Beýnä düşýän informasiýalaryň beýnide saklanyp galmaklygyna neýronlardaky sinapslaryň hem ähmiýeti uludyr. Şu hadysany öwrenmeklik sinapslardan informasiýanyň geçirilmeginiň iki görnüşiniň bardygyny görkezdi. Sinapsdan informasiýany ýeňilleşdirilenýag-daýda we ony togtadylanýagdaýda geçirmeklik. Birinji görnüşinde sinapsdan geçirilýän ilkinji impulsyň geçişine garanyňda ikinji im-puls, ýokary amatlykda geçirilýär. Ikinji görnüşinde geçirilýän im-pulslara berilýän jogaplaryň güýji gitdigiçe peselýär, soňundan ýitip gitmegi-de mümkin.Ýatkeşlik ýagdaý hem şu iki özgerişme hadysalaryň netijesi bolmagy mümkindir. Pikirlenme hadysada adenilatsiklaza ulgamynyň hem ýardamy bardyr. Bu ulgam hGMF we hAMF öndürmeklik bilen köpsanly fermentleriň işjeňleşmegini üpjün edýär, şol sanda RNK-polimerazanyň işjeňleşmegi ýa-da ornitindekarboksilazanyň işjeňleşmegi poliaminleriň öndürilmegine ýardam edip sinapslaryň wezipeleşmeginiň alnyp barylmagyna giňden gatnaşýarlar.Haýwanlaryň bellibir refleksa öwredilmegi bedene düşýän himiki birleşmelere baglydyr. Strihnin şol öwrenmekligi ýeňilleşdirse, puromisin öwrenmekligi togtadýar. Sebäbi neýronlarda informasiýalaryň ýygnanmaklygy şol öýjükde RNK-laryň we proteinleriň öndüriliş tizligine baglydyr. Ýatkeşlikde we pikirlenmekde neýronlarda öndürilýän peptidleriň gatnaşmagynda geçiril-ýändikleri barada hem gipoteza bardyr. Şol gipoteza molekulýar kod gipotezasydiýilýär. Şu gipoteza laýyklykda beýnä düşýän maglumatlar neýronlarda dürli aminoturşy düzümli peptidler görnüşinde ýygnanýarlar. Şeýle mehanizmiň esaslarynda hem adamda uzaklaýyn ýatkeşligiň döremegi mümkindir. Neýronlarda akyl, huş we paýhas ýaly hadysalaryň döremekligine neýronlarda öndürilýän peptid gormonlary we liberinler ýaly aminoturşular yzygiderlikli gurluşlaryň öndürilmekligidir. Şol birleşmeleriň bedeniň gormonal ýagdaýyny sazlaşdyrmakda ähmiýeti nazara alynsa, adamda uzaklaýyn ýatkeşligiň döremeginiň esasy mehanizmi molekulýar kod gipotezasy esasynda geçýär diýip tassyklamak bolar.
Aýşat Allaberdiýewa
Türkmen Oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby