Häzirki zaman iňlis diliniň düýbüni tutanlar – german taýpalary angllar,sakslar we ýutlar bolup,V asyryň ortalarynda Britan adalaryna göçüp gelipdirler.Şu döwürde olaryň dilleri nemes we frisleriňkä ýakyn bolupdyr we ol özüniň soňky ösüşinde,beýleki german dillerinden arasyny açypdyr.Gadymy iňlis dili bolan,anglo-sakson dili (köp sanly barlag geçirijiler gadymy iňlis dili hasaplaýarlar) az özgerişlere sezewar bolupdyr.Iňlis dili ýüzýyllyklaryň dowamynda Ýerde iň köp ulanylýan dilleriň biri.Oňa Beýik Britaniýanyň alyp baran syýasaty,esasan hem Demirgazyk Amerikada we Awstraliýada alyp baran syýasatlary ýardam edipdir.Ikinji Jahan urşundan soňra iňlis diliniň ähmiýeti has artdy.Häzirki wagtda döwürleýin we döwürleýin däl neşirler,telewideniýe,kino,radio,kitaphana fondlary,iňlis Internet sektory we beýleki çeşmelerden ybarat iňlis dilindäki maglumatlar giňişligine,möçberine we mazmunyna görä deňsiz taýsyz.Inlis dilinde ägirt uly möçberde çeper we ylmy-tehniki edebiýatlar ýazylan.Tehniki,tehnologik,patent resminamalary,ylmy eserler köplenç iňlis dilinde ýazylyp,soňra beýleki dillere terjime edilipdir.Bularyň ählisi iňlis dilini dünýäde aragatnaşygynyň möhüm serişdesine öwürýär.

Gyzykly maglumatlar:

Internet maglumatlaryna görä, dünýä boýunça ugradylýan poçtalaryň 75 göterimi, telefon jaňlarynyň 60 göterimi iňlis dilinde, 400 milliondan gowrak ýerli ilat iňlis dilinde gürleýär.

Iňlis dili Beýik Britaniýanyň, ABŞ-nyň, Täze Zelandiýanyň, Irlandiýanyň, Günorta Amerikanyň resmi dili we Kanadanyň resmi dilleriniň biri. Hindistanyň, Pakistanyň, Singapuryň we beýleki birnäçe ýurduň ikinji dili.

Häzirki wagtda ýerli däl iňlis dilinde gürleýänleriň sany 1,5 milliard töweregidir. Munuň özi iňlis diliniň, hakykatdan-da, dünýäde giňden ulanylýan dile öwrülýändigini görkezýär.

Iňlis we amerikan şiweleri dünýäde iň köp ýaýran şiwelerdir. Bu şiweleriň ýene-de ýigrimiden gowragy bar. Bu ýerde ünsüňi çekýän zat, şol bir dili ulanýandyklaryna garamazdan, dürli şiwelerde gürleýän adamlaryň biri-birine düşünip bilmeýän pursatlary az däl.

Iňlis dilinde gürleýänler, çaklamalara görä, XV asyra çenli dyngy belgilerini ulanmandyrlar.

Iňlis dili dünýäde iň meşhur we öwrenilmäge uly höwes bildirilýän dildir. Iňlis dili dünýäde meşhur dilleriň sanawynda üçünji ýerde durýar.

Iňlis dili internetiň dili hasaplanýar. Internet maglumatlarynyň 80 göterimi iňlis dilindedir.

  Maýa SAPAROWA

  Türkmen oba hojalyk institutynyň

Agronomçylyk fakultetiniň oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy hünäriniň 3-nji ýyl talyby