Jemgyýetiň ruhy dünýäsiniň esasyny ruhy iş düzýär. Ol ruhuň hereketi hökmünde ýüze çykyp, onuň dowamynda adamlaryň pikirleriniň we duýgularynyň tebigatyň hem jemgyýetçilik durmuşyň hadysalary barada keşpleri we garaýyşlary döredýändigini bellemeli. Bu işiň netijesi bolup, adamlaryň dünýä bolan kesgitli garaýyşlary, ylmy pikirler we taglymatlar, ahlak, dini hem estetiki garaýyşlar çykyş edýärler. Olar ahlak ýörelgelere we özüňi alyp baryş kadalara, halk döredijiligine hem professional sungata öwrülýärler. Bularyň ählisi adamlaryň garaýyşlary, ylmy pikirleri, çaklamalary we taglymatlary, çeper eserleri, ahlak hem dini aň, adamlaryň ruhy baglanyşyklary hem-de onuň esasynda döreýän ruhy psihologiki klimat hökmünde çykyş edýän özlerine kybapdaş ruhy gymmatlyklar görnüşine, manysyna eýe bolýarlar. Jemgyýetiň özgerýän we galkynýan döwründe ruhy işiň işewürligi aýratyn ähmiýete eýedir.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň aňyýeti, jemgyýetde aňyýet, bilşimiz ýaly, adamyň hereketini paýhaslandyryjy we gözükdiriji ulgam, syýasy herekete iteriji we adamlary birikdiriji güýç wezipeleri ýerine ýetirýär. Syýasy aňyýet, birinjiden, isleg bildirilýän jemgyýetiň nusgasynyň beýan edilişi we ikinjiden, ösüşe we ony amal ediliş usulyna bolan garaýyş bilen tapawutlandyrylýar. Eger şu nukdaýnazardan aňyýetiň biziň häzirki türkmen jemgyýetimizdäki wezipesini kesgitlemeklige çalyşsak, onda onuň şu jemgyýetiň gymmatlyklar ulgamy bolup, onuň ýurdumyzy mundan beýläk hem galkyndyrmaga we döwrebaplaşdyrmaga gözükdiriji paýhas bolup çykyş edýändigini bellemeli. Bu ulgam biziň Galkynyşlar eýýamymyzda, bir tarapdan, adamlara milli gymmatlyklardan ugur alyp, özlerinde milli taýdan öz ähmiýetine düşünmek duýgusyny taplamaklyga kömek bermeli bolsa, ikinji tarapdan, olaryň täze gymmatlyklary özleşdirip erkinlik we ynamlylyk duýgusyna we döredijilik aňyna hem-de ukybyna eýe bolmaklary üçin gerek. Ýokarda görkezilişi ýaly, garaşsyzlyk ýyllarynda jemgyýetçilik aň-düşünjesiniň täze hilini kemala getirmegiň ýolunda wajyp menzil geçildi. Şu ugurda edilen işleriň iň möhümi şol ýyllarda dikeldilen we häzirki döwürde ösdürilýän milletimiziň milli gymmatlyklary, däpdessurlary bolýar. Biziň ata-babalarymyz öz geljekki nesillerine baý medeni mirasy goýup gidenler. Özbaşdaklyga eýe bolanymyzdan soňra, şu mirasyň hakyky mirasdüşerleriniň, ony doly özleşdirmeklerine şert döredi. Bu ýyllar geçmişde halkymyzyň galkynyşlaryna itergi beren türkmeniň asyl ruhy ýörelgeleri esasynda jemgyýetiň özgeriş ýoluny kesgitlemeklige çalşyldy. Halkymyzyň ruhy dünýäsine çuňlaşyp, ony millet eden adamkärçilik pähimleriniň dürdänelerini ýüze çykarmak, häzirki we geljekki nesilleriň olary özlerine nusga edinip almaklary üçin bu gymmatlyklary jemgyýete gaýtaryp getirmek örän möhüm iş boldy.

  Gunçagül NUROWA

 S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Dokma önümçiligi fakultetiniň Tikinçilik önümçilik tehnalogiýasy hünäriniň 4-nji ýyl talyby