Ýapyk topraklarda banany ösdürip ýetişdirmek üçin ilki bilen ekin ekiljek ýeri, meýdançany saýlap almaly. Ýapyk meýdan üçin ýer saýlanyp alynanda birnäçe zatlary göz öňünde tutmaly bolýar. Eger-de köp eginli uly göwrümli senagat ýyladyşhana toplumy salynjak bolsa:

1. Gara we demir ýoluň ýakynlygy;

2. Suw ulgamynyň golaýlygy;

3. Elektrik we gaz üpjünçiligi;

4. Şäheriň golaýlygy wajyp hasaplanýar.

Ýyladyşhanalary we wagtlaýyn ýyladylýan meýdanlary aýry-aýry ýa-da toplumlaýyn ýerleşdirmek bolýar. Ýyladyşhanalary gurply, ýokumly toprak garyndylary bilen doldurmaly. Ýyladyşhanadaky topragy organiki we mineral dökünleri bilen gurplandyrmaly. Ýyladyşhanalaryň topragyny taýýarlamak üçin sökülmedik we sökülen topraklar, parnik çüýrüntgiler, çägeler ulanylýar. Şeýle hem, ýyladyşhanalar üçin aşakdaky topraklar ýaramly hasaplanýar:

1. Dag etek baýyr ýerleriň topraklary;

2. Ýorunjadan boşan ýerleriň topraklary;

3. Arassa meýdan topragy, kösükli ekinler, mekgejöwenden boşan topraklar;

4. Ýanmadyk dersiň dargamagy netijesinde taýýarlanylan çüýrüntgili topraklar. Bu toprakda ýokumly maddalar köp saklnýar: N 3,2-3,7%, P 1,3-2,4%, K 1,0-1,7%.

5. Ýaprak çürüntgili toprak. Ýapraklaryň çüremegi netijesinde alynýar. Agyr topraklar çäge bilen garylýar.

6. Saman çüýrüntgileri bilen garylan toprak. Çüýrän samanlar toprak bilen garylýar we ulanylýar. Ýyladyşhananyň topragyny çalyşmak gaty agyr zähmeti

talap edýär. Traktor tirkegi, ýük maşynlar ýük ýükleýjiler, gerek bolýar.

7. Tekjeli ýyladyşhananyň topragy 2–4 ýylda zyýansyzlandyrylýar we doldurylýar.

Ýyladyşhanalarda kadaly şertler diňe ösümlikler üçin däl-de, eýsem ol ýerde zyýankeşler we keseller hem gül ýaly köpelýärler. Şonuň üçin ýapyk topraklaryň fitosanitar ýagdaýyna berk gözegçilik etmeli, zyýankeşlere amatly şertleri döretmeli däl. Mysal üçin, eger-de hyýar ösdürilip ýetişdirilýän ýyladyşhanada onuň çyglyk derejesi 70% pes bolsa – kerepli sakyrtganyň gelmegine garaşybermeli.

Haçanda ýyladyşhanada şol bir ekin ekilip dursa, mysal üçin banan, toprakda edil şu ekiniň zyýankeşleri ýüze çykýar. Şonuň üçin nahallaryny ekmezden öň margansowka goşulan gyzgyn suw bilen (+60°С) topragy gowy yzgarlandyrmaly. Kadasy 10 litr suwa 1 gr margansowka. Diňe topragy däl, eýsem ýyladyşhananyň özüni hem zyýansyzlandyrmaly. Onuň üçin hemme agaçdan bejerlen konstruksiýalary kömelekleri, lişaýnikleri we mohlary ýok edýän mis kuporos bilen ýuwmaly. Aradan bir hepde geçenden soň olara hlorly hek çalynýar.

Ýyladyşhanany zyýansyzlandyrmak üçin karbofos, formalin ýaly serişdeler ulanylýar. Ýyladyşhanalarda we parniklerde tohum ekmezden öň zyýansyzlandyrmak işlerini geçirmeli. Olar üçin şu aşakdaky pestisidler we olaryň garyndylary ulanylýar. 2% formalin + 0,5% karbofos (2000 ml+500 ml – 100 litr suwa) 2% formalin + 0,5% rogor (2000 ml+300 ml + 100 litr suw) 1 m2 ýere iş suwuklyk erginiň möçberi 0,3-0,4 litr.

Ýyladyşhanalary gaz bilen dezinfisirlemek. Munuň üçin ýyladyşhananyň ähli açyk ýerini ýapyp ýyladyşhananyň her bir m3 –na 50-100 gram kükürt ýa-da 30-60 sany kükürt şaşkasy ýakylyp onuň gazy bilen zyýansyzlandyrylýar. Tohum ekmezden üç gün öň kök çüýreme keseline garşy topragyň üstüne sinab we owradylan kükürt (5 gram m2) sepip 2 sm çuňluga garmaly. Akganatlylardan we kerepli sakyrtgalardan başga ýyladyşhanany köplenç şirejeler we garynjalar zyýan ýetirýärler. Olardan iň amatly goranmak usul güýz aýlary sary kükürdüň şaşkalary bilen tüsseletmek. Metal karkasly polikarbonatdan örtülen ýyladyşhanany tüsseletmek bilen zyýansyzlandyrmak bolmaýar, şonuň üçin topragy we üstleri bordos suwuklyk bilen pürkmeli. Ol goraýjy fungisid, bakterisid hem pestisid bolup hyzmat edýär. Kila keselini (käbir ösümlikleriň kökünde emele gelýän kesel) ýok etmek üçin topragy 40% karbationyň ergini bilen zyýansyzlandyrmaly. Instruksiýasy boýunça bir bedre suwda 500 gr karbationy eretmeli we toprak agdarylandan soňra gowja suwlamaly. Egerde ösümlikler çiş nematoda, gara aýaklyja bilen kesellän bolsalar, onda olary ýok etmek üçin karbofos serişdesi kömek edýär. Erginiň taýýarlanylyşy: 90 gr seridäni 10 litr suwda eretmeli. Toprag ergini agdarylmanka guýmaly we birki gün geçenden soňra agdarmaly, şeýle ýagdaýda serişde topragyň has aşaky gatlaklaryna aralaşýar.

Fitoftorany ýada beýleki kömelek kesellerini ýyladyşhanadan ýok etmek aňsat däl, çünki kömelegiň sporalary örän ýaşaýşa ukyply. Ösümlik galyndylaryny çykaryp ýakandan soňra topragy gaýnan suw bilen suwlamagy, dykyz polietilen plýonka bilen ýapyp goýmagy maslahat berilýär. Soňra topragy mis kuporos bilen suwlamaly, gury hek bilen örtmeli we agdarmaly.

Ýyladyşhanany güýz aýlary kesel dörediji kömeleklerden goramagyň iň gowy usuly fitosporin serişdesini ýa-da dürli hili güýçli fungisidleri ulanmakdyr. Ergini instruksiýasy boýunça taýýarlamaly we ýyladyşhananyň üstlerini zyýansyzlandyrmaly. Bu işi howanyň temperaturasynyň +10°C we ondan hem ýokary derejede amala aşyrmaly, aşak temperatura serişdäniň täsirini ýok edýär.

Ýyladyşhanalarda we parniklerde tohum ekiljek ýa-da nahal oturdyljak ýerde 12-15 sm galyňlykda ýokumly toprak dökülýär. 1 m2 ýyladyşhana üçin 0,15- 1,20 m³ ýokumly toprak sarp edilýär. Elekde elenen strukturaly, çüýrüntgili, ýokumly toprak höküminde peýdalanylmalydyr. Tohum ekiljek ýokumly toprak garyndysyny şulardan taýýarlamaly: 40% ýorunja ýeriň topragy, 40% çüýrüntgi, 10% şaly harpygy we 10% gatamadyk sygyr tezegi.

Banany ösdürip ýetişdirmek üçin toprak belli bir talaplara laýyk gelmelidir: ýokary öýjük-öýjükliligi 65-75%, iň pes çyglylygy 45-50%, howalanmagy 20-25%, dykyzlygy 0,4-0,6g/sm2, turşulygy 6-7 pH birlige eýe bolmalydyr. Şunda banan üçin topragyň düzümine ýokary öýjüge we suwuň syzyjylygyna eýe bolan komponentleri goşmak zerurdyr. Düzgün bolşy ýaly, toprak bölekleriniň şu aşakdaky gatnaşygy ulanylýar:

• ýeňil çägeli ýa-da çägesöw topraklar – 20-30%;

• torf ýa-da agaç gyryndysy biziň ýagdaýymyzda biogumus bolup biler – 50-60%;

• ders komposty – 20-30%.

Ýyladyşhanaçylaryň arasynda meşhur bolan ”Käwendiş’’ , ‘’ Lakatan’’, ‘’Ýaşyl banan’’, ‘’Nendrum’’, ‘’Gyzyl banan’’, ‘’Puwan’’, ‘’Rabosta Moris’’, ,,Bal banan’’,’’, ‘’Maýsur banany’’, ‘’Sary banan’’ ýaly ýapyk toprakda ekmek üçin bananyň dürli görnüşleriniň sortlary bar.

Torfuň ýerine, suw geçirijiligini ýokarlandyrmak üçin Türkmenistanda köplenç adaty çäge ulanylýar, ýöne onuň bir kemçiligi bar — oňa esaslanýan garyndylar çyglylygy az siňdirýär we pes möçberde, ýygy-ýygydan suwarmagy talap edýär. Bu ýagdaýda kompostdan başga-da torf, sarp edilen kokos gyryndylary bilen çalşyrylyp bilner.

Tohumy ekise taýýarlamak.

Gowy we ýokary hilli hasyly almakda ýokary hilli tohumlary saýlamak möhüm orun eýeleýär. Häzirki wagtda ýurduň bazarlarynda açyk meýdanda we ýyladyşhanada ekmek üçin niýetlenen içeri we daşary ýurt öndürijileriniň banan tohumlarynyň köp görnüşi bardyr.

Bananlary ýyladyşhana şertlerinde suwarmak iki usul bilen amala aşyrylýar. Birinjisi – ýönekeý, arzan we eýýäm ahlak taýdan könelişen, ýöne şonda-da ulanylýar – suw piirküjileriň, suwarylýan gaplaryň, burunly şlanglaryň we ş.m.). bu usul bilen ösümlikleri deň derejede suwarmak mürnkin däldir, bu bolsa gök önümleriň ösüşiniň dürli bolmagyna we ösüşine täsir edip biler.

Ikinji usul ep-esli gowudyr – suwaryş ösümlikleriň iýmiti bilen garylanda, damjalaýyn suwaryş ulgamlarynyň kömegi bilen (dökünler ýokumly erginde ereýärler). Şeýle ulgam ýagyş ýagdyrmak usulynyň öňünde birnäçe artykmaçlyklardan peýdalanýar:

– suw uzak wagtlap üpjün edilýär, şonuň üçin

üçin ýagyş ýagdyrmadaky bolşy ýaly topragyň çyglylygynda düýpli üýtgemeler bolmaýar;

– kesgitlenen çyglylyk derejesi has takyk saklanýar;

– awtomatlaşdyrmak we gözegçilik üçin has köp mümkinçilikler bolýar;

– kömelek görnüşli keselleriň ýaýramagyny amala aşyrýan topragyň üstündäki çyglylyk bolmaýar.

– suwaryş wagtynda suwy tygşytlamak (30% çenli).

ýagdyrmadaky bolşy ýaly topragyň çyglylygynda düýpli üýtgemeler bolmaýar;

– kesgitlenen çyglylyk derejesi has takyk saklanýar;

– awtomatlaşdyrmak we gözegçilik üçin has köp mümkinçilikler bolýar;

– kömelek görnüşli keselleriň ýaýramagyny amala aşyrýan topragyň üstündäki çyglylyk bolmaýar.

– suwaryş wagtynda suwy tygşytlamak (30% çenli).

Ekiş çyzgydy. Banany ösdürip ýetişdirmek üçin esasan Polikarbonatly topraklar has gowy hasaplanýar. Çünki onuň mehaniki gurluşy banany ösdürip ýetişdirmek üçin amatly toprak hasaplanýar. Banan tropiki köp ýyllyk otjumak ösümlik bolup, ony ýyladyşhanalarda ösdürip ýetişdirilende onyn nahallaryndan peýdalanylýar. Nahallary ýörüte gazylan garymlarda oturdylýar. Garymlaryň çuňlugy 50 sm bolmaly. Garymlar ekilmezden öň gowu yzgarlandyrylan we dökünler bilen iýmitlendirilen bolmalydyr. Ekilenden soň her 2-3 hepdeden goşmaça iýmitlendirip durmaly. Ösümlige azot, kaliý we magniý berilmelidir. Kaliý döküni esasan gülleýiş döwri has köpüräk berilýär. Hasylyny ýylda onuň sortuna baglylykda bir ýa-da 2 gezek ýygnalyp alynýar.

Oguljuma ANNALYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby .