Dünýäde her ýylda 1,2 million tonna kişmiş öndürilýär. Bu bolsa şäniksiz kişmiş öndürmekde Türkiýe bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlary birinji we ikinji orunlary eýeläp gelýär. Bu ugurda üçünji ýerde Eýran barýar. Beýleki öndürýän ýurtlaryň arasynda Gresiýa, Çili, Argentina, Awstraliýa we Günorta Afrika Respublikasy bar.
Kişmişiň düzüminde protein we ýaglar bolup, ol süňňüň kuwwatyny artdyrýar. Agyr zähmet, sport bilen meşgullanýan adamlar üçin kişmiş has peýdaly.Türgenlere kişmişi bal bilen garyp iýmek maslahat berilýär. Onuň düzüminde B ýokumy, demir, magniý, bor, köp mukdarda fruktoza bar.. Ol kòrpeler ùçin beÿleki sùÿjiliklerden peÿdalydyr.
Ibn Sina özüniň «Lukmançylyk ylymlarynyň kanunlary» atly kitabynda üzümiň ter we kakadylan kişmişiniň içegelerde agyry dörände, böwregiň we peşew haltasynyň keselleri ýüze çykanda ulanylyşy barada belläp geçen bolsa, Seýit Ysmaýyl Gürgenli «Horezm şanyň genji-hazynasy» atly ylmy eserinde üzümiň göwnüçökgünlikde, nerw bozulmalarda giňden ulanylýanlygyny beýan edÿàr.Ata-babalarymyz has irki döwürlerde kişmişiň dermanlyk häsiýetiniň bardygyny bilipdirler. Ol halk lukmançylygynda giňden ulanylypdyr. Bilermenleriň bellemegine görä, kişmişde peýdaly mikroelementler adaty üzümiňkiden 30 — 40 göterim köpdür. Kişmişiň dürli hili görnüşleri bar. Olardan dört görnüşi has ýörgünlidir.Kişmiş — ýörite usulda kakadylan üzümdir. Kişmişde kaliý örän köpdür, şol sebäpli ol ýürek-damar ulgamyny pugtalandyrýar. Gadymy döwürleriň lukmanlary hem «gahary basyjy» hökmünde kişmiş iýmegiň peýdalydygyny tassyklapdyrlar we ony gaharjaň adamlaryň iýmitine goşmagy maslahat beripdirler. Häzirki zaman barlaglary kişmişiň hakykatdan hem nerw öýjüklerini ýadawlykdan goraýandygyny görkezýär.
Begençmyradow Kowusmyrat
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 102-nji toparynyň talyby

RU












