Türkmen alabaýynyñ wepalyly tebigy nusgadyr, batyrlygyň hem-de edermenligiň alamatydyr. Halkymyz öý-ojagynyň, mal-mülküniň goraglylygyny öz hemdemi bolan alabaýyna ynanyp, köňül rahatlygyny onuň bilen paýlaşýar. Sagdynlyk we ruhubelentlik ýörelgeleriniň alamatlarynyň ruhy gözbaşynda türkmen alabaýy bardyr.

Türkmen alabaýy diýseň agras, özüne göwni ýetýän, saldamly bolýar. Olar hiç haçan biderek ýere üýrmeýärler we uwlamaýarlar. Möjege garşy çykanlarynda-da sessiz topulýar.Türkmen halky asyrlarboýy itlerde şu sypatlary sünnäläp, nesil arassalygyny saklamak işine uly ùns berip gelipdirler.

Ata-babalarymyz uzak ýyllaryň dowamynda synçylygynyň netijesinde itler bilen baglanyşykly birnäçe nakyllary döredip biziñ şu gùnlerimize çenli getiripdirler. «It üýrse, myhman geler», «It gara görmän üýrmez», «Bir başy it-de eklär», «It geldi, gut geldi» ýaly nakyllar, «Ýurt ýeriň ýitmesin diýseň, it edin» diýen aýtgy muňa mysaldyr.

Halkymyzyň asyrlar boýy ýoldaşy bolup gelÿàn  alabaýymyza ak sakgally ýaşulularmyz: «Alabaý — eýesine örän wepaly haýwan» diýip, ynam bilen aýdýarlar. Öýüň sak goragçysy, mal yzynda gezýän adamlaryň kömekçisi hem sürini goraýjysy, ýolda wepaly ýoldaşy bolýan alabaý itlerimiz sözleriň iň ýagşysy bilen taryplanylmaga mynasypdyr. Ir döwürlerde gapysyndan gulp asmadyk türkmen öýüni, mal-mülküni öz wepaly dostuna — alabaýyna ynanyp, islän ýerine gidip bilipdirler.Alabaýlar eýesine wepalylygy, saklygy bilen birlikde, asudalygy, parahatçylygy goraýjylyk häsiýetleri bilen hem meşhurdyr. Olar aňyrdan gelýän adamyň aýak basyşyndan niýetiniň nähilidigini anyklap bilýärler. Şonuň üçinem olar serhetçilerimiziňem kömekçisi, dost-doganlyk serhetlerimiziň goragçysy bolup durýarlar.

Ergaşewa Merjen
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 102-nji toparynyň talyby