Tàçmahal aramgàhi mogol binagàrçiligiñ ajaÿyp nusgasydyr.Şa Jahan òz sòÿgùli ayaly Mumtaz Mahalyñ hatyrasyna,Agrada gurduran seÿilgàhli toplumy Tàçmahal aramgàhidir.
Bu toplum aramgàhiñ ymaratyndan,metjitden we her tarapynyñ ortasy derwezeli ùç tarapyna diwar aÿlanan çarbagdan,gyzyl gumdaşyñ plitalaryndan gurlan dòrtburçluk meÿilnamasynda monumental desgany gòrkezÿàr. Täçmahal Günbatar hem-de Gündogar binagarliginiň wekilleriniň biri-birine el berip, erjellik,zehinlilik bilen çeken zähmetleriniň netijesidir.
Täçmahal – özünde ýerli, şeýle hem gündogar we günbatar binagärlik sungatynyň biri birine sazlaşykly gatyşmagy esasynda dörän täsinlikleriň biridir. Türkmenistanyň halk yazyjysy Berdi Kerbabaýew Hindistan baradaky ýol ýazgylarynda Täçmahal ýadygärligi barada şeýle ýazypdyr: “Diňe Hindistanyň däl, hatda dünýäniň iň owadan ymaratlaryndan biri bolan Täçmahal adatdan daşary owadandy. Ak mermerden salnan ýadygärlik şeýle tämiz, şeýle arassa bolany üçin, göýä diýersiň onuň gurluşygy dek düýn gutaran ýalydy.
Dünýädäki gurulan iň romantik bina hasaplanylýan Täç Mahala “gideniňizde, ýüregiňizde ýanyňyzdan alyp gidersiňiz”diýipdirler. Muny gurmak üçin döwlet gaznasyndan giden altynlaryň sany-sajagy ýok. Güýç bilen söýgi birleşip emele gelen Täçmahalyň ýanyndan Şah Jihan özüne gara mermerden gurduryp başlan mahaly ogly,tahtdan düşürüp, tussag edip goýýar we şol tussaghanada-da aradan çykýar.
Täç Mahala ýylda 3 milýondan hem köp turist gelýär. Gurulmak üçin gaznadan sanalgysyz çykdaýjy çykarylan Täç Mahalyň girdeýjisi ,şuwagt Hindistanyň ekenomikasynda uly rol oýnaýar.
Derýaň ýany bolany üçin deň agramlygyny saklamak üçin, piller bilen daşlar getirilip ýerden belli bir möçberine çenli goyup, daşdan dag ýasaýarlar. Ak mermerleriň yanyndan gyzyl we gara mermerlerem getirilip,şekildir suratlar çekilip gurulan Täçmahalyň geomertik çygyzy,sany,şekline häzirki inzhinerler haýran galmakda. Şekilleri emele getirmek üçin hiçhili galam,reňk ulanylman diňe mermeri oýup gara,gyzyl mermerden şekil ýasalan. Giren mahalyň Täçmahal hamana daşlaşýan ýaly görnüş bar,yza tarap ýöräniňde ýakynlaşýar. 4 sany minarasy daşyna egik dur azajyk eger,güýçli ýer titräp minaralar ýykylan mahaly daşyna ýykylmasy üçin. 4 minary uzakdan göni seredeniňizde, yzky minaralar görnenok. Her bir goýulan şekil,gapy Täçmahalyň 4 tarapynda hem edil şol ýerinde şol şekilde gurulan. 4 tarapyna bolsa Kurandan, Yasin aýaty aýratyn we üýtgeşik ýazylypdyr. Uzynlygy 82 metr. Howa gyzgyn bolsada içi salkyn. Sag tarapynda metjit,çep tarypynda myhmanhana bar. Käbir maglumatlarda 20 ýyl diýilsede Täçmahal 22 ýylda 1652-nji ýylda gurulyp gutarýar.
Hindi şahyr: “Adamlar iki topardyr. Täçmahaly görenler we görmedikler” diýär. Elbetde ýöne ýere dünýäde ýedi täsinligiň biri bolmandyr. Ýek-tükleriň “Görenem puşman,görmedigem “diýän ýedi täsinligiň biri bolan Täçmahala, “Görmäge göz gerek,taryp etmäne söz” diýänler köp.
Maksatow Aýbek
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 102-nji toparynyň talyby

RU



