Häzirki wagtda Hazarda guşlaryň ýüzlerçe görnüşi gyşlaýar. Guşlaryň arasynda gülgüne öwüşginleri bilen tapawutlanýan gyzyl gazlaryň köp bolmagy diýseň guwandyrýar. Ýurdumyzyň Gyzyl kitabyna girizilen gyzyl gazlar Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň hem nyşany hasaplanýar. Bellenilişi ýaly, 1971-nji ýyldan bäri ýöredilip gelinýän resmi maglumat çeşmeleri kenarýaka sebitlerinde bolup geçýän tebigy üýtgeşmelere garamazdan, Hazar deňiziniň ýakasy guşlaryň köpçülikleýin ýaşaýan ýerine öwrüldi.
Hazar deňziniň türkmen böleginde geçirilen guş ýazuwynyň netijelerine görä, Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen we Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň nyşany hasaplanylýan gyzyl gazlaryň rekord mukdary hasaba alyndy. Ornitologlaryň barlaglaryna görä gyzyl gazlaryň umumy sany 30392 boldy. Ýagny olaryň hasabatynda belleýşi ýaly, bu resmi rekord 1971-nji ýyldan bäri ýöredilip gelinýän milli maglumatlara we gözegçiliklere görä hasaba alyndy. Umuman alanyňda alnan maglumatlar kenarýaka sebitlerinde bolup geçýän tebigy üýtgeşmelere garamazdan, hazaryň türkmen böleginde guşlaryň köpçülikleýin gyşlaýan ýeridigini görkezýär.
Gyzyl gazlar käbir guşlaryň az sanlysynyň ýaşap bilýän aşa kyn tebigy şertlerine çydamlydyrlar. Mysal üçin olar gaty duzly kölleriň golaýynda ýaşaýar. Olaryň işdäsi diýseň gowudyr, adatça günüň dowamynda öz agramynyň dörtden birine çenli iýmit iýýär. Gyzyl gazlaryň iýmiti esasan leňňeç görnüşliler maşgalasyna degişli bolan ýalaňaç aýaklylaryň liçinkalary, gurçuklar, molýuskalar we suwotular bolup durýar. Olaryň gülgüne öwüsýän reňki kiçijik gyzyl leňňeçleri iýmegi bilen döreýär, sebäbi olarda karatinoid saklanýar. Bu aýratynlyk käbir guş görnüşlerinde hem ýöriteleşendir. Ol iýmit gözlände ýokarky dodagy aşakda ýerleşendigi sebäpli kellelerini öwrüp iýmitlenýärler. Gyzyl gazlaryň esasy duşmanlary tilkiler, möjekler, şagallar we iri ýelekli ýyrtyjylar, ýagny köplenç bu guşlaryň koloniýasynyň golaýynda gezýän bürgütler we laçynlar bolup, olar esasan gyzyl gazlaryň jüýjelerini awlaýarlar.Ajaýyp ýurdumyzyň özboluşly we örän baý tebigaty bar. Tebigatda we adamyň ýaşaýşynda guşlaryň ähmiýeti has uludyr. Guşlaryň çäksiz gözelligi gadymy döwürlerden bäri adamlaryň ünsüni özüne çekip geldi. Olardan biri hem gülgüne öwüşginli ganatlary bilen tapawutlanýan gyzyl gazlardyr (flamingo). Gyzyl gazlar uçan wagty ganatlary gyzyl gülgüne bolup görünýär. Aýaklary, çüňküniň düýbi, gözüniň töweregindäki deri örtügi hem gülgüne bolýar. Ulularynyň boýnunyň beýikligi 1.5 metrden geçýär. Gyzyl gazlar Ortaýer deňzinde, Günbatar, Gündogar we Günorta Afrikada, Merkezi Amerikada giňden ýaýrandyr. Gyşlan ýerleri hem bölünen – Afrikanyň we Arabystanyň kenarýakalary, Merkezi Amerika, Hindistan, Türkmenistan.Ýurdumyzda we GDA ýurtlarynda gyzyl gazlaryň bir görnüşi, ýagny gyzyl ganatly, gülgüne öwüsýän başgaça aýdylanda adaty flamingo görnüşi giňden ýaýrandyr. Olary uçýan mahallary Ýewraziýanyň we Afrikanyň köp sebitinde görmek bolýar. Howanyň has sowamagy bilen bu guşlar Günorta sebitlere ýagny Eýran, Hindistan, Birleşen Arap Emirlikleri ýaly ýurtlara uçýarlar.
Şöhradowa Dürli
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 102-nji toparynyň talyby

RU












