Şirwanşalaryň köşk toplumy. XV asyrda Azerbaýjanyň iň görnükli binagärlik ýadygärlikleriniň biri Bakudaky Şirwanşalaryň köşk toplumy bolup hyzmat edýàr.

Baku hem şol döwürde Şirwanşalaryň paýtagty bolupdyr. Bu bina köne şäheriň iň beýik böleginde ýerleşdirilen. Köşk toplumynyň gurluşyk düzgüni ýüzýyllyklar dowamynda üýtgemän gelipdir. Öz gurluşygy boýunça köpburçluklardan ybarat bolan esasy binanyň demirgazyk tarapyndan Diwanhana gelip goşulýar. Emma ýörite aşakda ýerleşdirilen giňişlikde Şirwanşahlaryň metjidi we gabyrhanasy ýerleşdirilen.Köşgüň günorta tarapynda aýratyn howlynyň içinde altyburçly aramgäh we köne metjidiň galyndylary ýerleşdirilen. Elbetde, bu toplum öňünden meýilleşdirilip gurlan däldir. Ýöne şonda hem häzirki günde onuň daşyndan täze gurluşyklar edilen hem bolsa, köşgüň toplumy umumy çeperçilik taýdan bir bitewi duýgyny döredýär. Onuň gurluşykçylary asyrlarboýy däp bolup gelýän şirwan-apşeron gurluşyk düzgünlerine daýanyp gelipdirler. Daşdan diwar galdyryş düzgünine ussatlyk  bilen eýerip, olar dogry kub görnüşli we köpburçlukly binagärlik göwrümini döredipdir.

Ol diwarlaryň tekiz ýerlerinde oýma nagyşlar bilen gözellik döredipdirler.Däp bolup giden we ýokary derejeli çeperçilik äheňi her bir gurluşykçynyň öz halypasynyň binagärlik ýoluny kabul edip, ony ýyllar boýy ösdürip we baýlaşdyryp gezipdirler. Dürli wagtda gurlan desgalar özleriniň deň masştablygy bilen, şeýle hem sazlaşyk gurluşygy bilen we esasy binagärlik şekilleriniň deň ölçegliligi, kub göwrümleri bilen, gümmezler, girelgeler bilen sazlaşýarlar. Şonuň bilen binanyň nakgaşçylyk bezegi onuň kenarýaka landşafty bilen arabaglanyşyklydyr. Tapylan ýazgylara görä, Şirwanşalaryň gabyrhanasy 1435-nji ýylda gurlan.

Onuň haç görnüşli meýilnamasynda Kawkaz däplerine mahsus bolan haçly-gümmez görnüşli monumental gurluşyk häsiýetlerini görüp bolar. Gabyrhananyň girelgesi ajaýyp oýma nagyşlar bilen bezelen. Köşgüň metjidiniň ýanynda azerbaýjan häsiýetinemahsus göwrümli minara dikeldilen (1442 ý.). Onuň daş görnüşi ýokaryk daralyp gidýän, daşy tekiz silindrden bolup, iç tarapy aýlaw basgançakdan ybaratdyr. Minarany prizma görnüşli haşam çykytlary bolan germewaçly balkon jemläp, onuň aşagynda güberçek ýazgyly haşam zolak ýerleşdirilipdir. Minaranyň üstüni gapyrga görnüşli ýarym aýlawly pürs bezeýär. Beýleki Merkezi Gündogar ýurtlarynyň minaralary bilen deňeşdireniňde, azerbaýjan minaralary ownuk nagyşlar ýa-da ownuk bezegler bilen bezelmän, olaryň gözelligi özüniň sadalygy bilen bellidir.

Döwletowa Ýazgül
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 103-nji toparynyň talyby