Adamyň işi we durmuşy onuň öňünde täze-täze çylşyrymly meseleleri goýýar. Olaryň belli bir bölegi akyl ýetirişiň aşaky derejeleri bolan duýma we kabul ediş arkaly çözlüp, has çylşyrymlylary bolsa özüniň aýan edilmegi üçin akyl ýetirişiň ýokary derejelerine daýanmaly bolýar. Her bir adam durmuşyň belli bir pursatlarynda haýsydyr bir näbelliligiň çözlüşini hut özi açmaly bolýar. Meselem: tomsuň jöwzasynda çölde suwsuz galanyň otlara suw halta geýdirip, gije onda bugarmadan ýygnanan nemleri toplap oňşuk edip bilmegi. Şeýle jöwzada salkynlyk duýmak üçin sowadylan içgä derek çaý içip derlemek bilen fizikanyň degişli kanunyny ulanyp bilmegi we ş.m.

Ýumuşlaryň şeýle çözlüşi adamyň gündelik tejribesinde gaýtalanmaýan, onuň öz pähimi boýunça amal edilýän bolsa, onda adam özboluşly açyş edýär. Şeýle açyş jemgyýet üçin däl-de, onuň diňe özi üçin niýetlenen we döredilendir. Adamyň durmuş bilen özara täsiriniň şeýle görnüşi ýokary akyl ýetirişiň görnüşini düzýän pikirlenme arkaly dolandyrylýar. Pikirlenme-bu sözleýiş, dil bilen baglanyşykly, belli bir täzelik açmaga gönükdirilen, barlygy aralaşdyrylan usulda onuň düýpli baglanyşyklarynda aňda şöhlelendirýän psihiki hadysadyr.

Pikirlenmäniň sözleýiş bilen arabaglanyşygy dil we dil üsti däl aragatnaşyk serişdeleriniň pikiriň maddy “gabygy” bolýandygy bilen düşündirilýär. Sözlerde aňladylan pikir adamyň özi hem-de beýlekiler üçin düşnükli bolýar. Şol bir wagtyň özünde “keşpsiz”, söze, şertli belgilere baglanmaýan pikiriň bolup bilýändigi hem bellenmelidir (Kýulpe, Bine).

Pikirlenmäniň kesgitlemesinde getirilýän onuň açyş edişe gönükdirilenligi bu psihiki hadysanyň hemişe döredijilikli häsiýetde bolýaýndygyny häsiýetlendirýär.

Pikirlenme bir-biriniň üstüni doldurýan iki ylym – logiki-mantyk we paýhaslylyk tarapyndan öwrenilip, birinji özüniň derňewini pikiriň logiki-mantyk görnüşleri bolan düşünjä, pikir ýöretmä we pikir jemlemä gönükdirýär.

Düşünje – bu özünde zatlaryň we hadysalaryň umumy, düýpli häsiýetlerini şöhlelendirýän pikirdir. “Adam” düşünjesi onuň zähmete, pikirlenmä, sözleýişe ukyplylygy ýaly häsiýetlerini özünde jemleýär.

Pikir ýöretme – bu zatlaryň we hadysalaryň ýa-da olaryň häsiýetleriniň arasyndaky baglanyşyklary aňda şöhlelendirmekdir. Meselem: “Demirgazyk buzly ummanynda ýaşaýan aýylar ak bolýar” pikir ýöretmesi jandarlaryň reňkiniň, onuň ýaşaýyş gurşawynyň reňki bilen arabaglanyşyklydygyny aňladýar.

Ýazgylyjow Yslam
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 103-nji toparynyň talyby