Güýz – tomus bilen gyşyň aralygyndaky pasyl bolup, adatça sentýabr, oktýabr we noýabr aýlaryny öz içine alýar. Ol tebigatda uly üýtgeşmeleriň bolýan we aýratyn gözellige eýe bolan möwsümdir.Güýz – hasylyň ýygnalýan döwri. Bu pasylda pagta, ir-iýmişler we bakja önümleri bişip ýetişýär. Şonuň üçin halk arasynda güýz bereketliligň we işeňňirligiň pasly hasaplanýar. Nakyllarda “Jüýjäni güýz sanaşarlar” ýaly jümleler duş gelýär.Gündizler gysgalyp, gijeler uzalýar. Howa kem-kemden sowap başlaýar, ýagny yssy howa sowaýar, ýöne gyşky sowuklar ýaly däl-de, mylaýym we jana ýakymly bolýar. Käwagt yzygiderli ýagyşlar ýagýar.Altyn Güýz”): Bu pasylda baglaryň ýapraklaryndaky hlorofil (ýaşyl reňk berýän madda) azalýar we ýapraklara sary, mämişi, gyzyl ýaly reňkleri berýän beýleki pigmentler ýüze çykýar. Netijede, daş-töwerek “altyn” reňklere beslenýär. Soňra bu ýapraklar gurap, ýere düşýär.

Agaç gyşa taýýarlyk görüp, ýaprak bilen şahanyň arasynda ýörite gatlak döredýär. Bu gatlak ýapragy suwdan we iýmitden kesýär. Şonda ýaprak guraýar we ýerden gaçýar. Bu agaç üçin gyşda suwy we gymmatly serişdeleri saklamagyň ýoludur.22-23-nji sentýabr Güýz Gün deňleşmesi bolup, bu günden soň Demirgazyk ýarym şarda gündizler gysgalyp başlaýar.Güýzüň reňk sazlaşygy we oýlanma döredýän howasy köp şahyrlara (mysal üçin, Gurbannazar Ezizowa) we suratkeşlere ylham berýär.Suratkeşler güýzi diňe bir tebigatyň görnüşi hökmünde däl-de, eýsem, ynsan durmuşynyň aýratyn bir döwri hökmünde  Güýz tebigatyň dynç alşyny we täze bir başlangyja (gyşa) taýýarlygyny aňladýar. Suratkeşler eserlerinde bu asudalygy we agraslygy duýgulandyryp bilýärler. Olar köplenç hasylyň ýygnalýan pursatlaryny, miweli agaçlary ýa-da bugdaý harmanyny çekip, güýzüň bereketliligini we zähmetiň hözirini görkezýärler.Dökülip ýatan ýapraklar bolsa durmuşyň geçginjiligini, bir döwrüň tamamlanyp, täzesiniň ýakynlaşýandygyny görkezýän filosofik simwol bolup hyzmat edýär.

Netijede, suratkeşler üçin güýz pasly – reňkleriň iň ýagty, yşygyň iň ýumşak we duýgularyň iň çuňňur paslydyr. Olar palitralarynda sary, mämişi we gyzyl reňkleri garyşdyryp, her bir ýaprakda tebigatyň ýyllyk ädimini görkezýärler.Olar sary we gyzyl ýapraklary gyş bilen ýazyň reňkleri, ýagny gögümtil asmanyň we garaňky suwuň reňkleri bilen garşylykda görkezýärler. Bu, reňkleriň täsirini güýçlendirýär. Ýere düşen sary ýapraklary zolak-zolak ýa-da ýumşak haly ýaly edip çekýärler. Bu, ýapragyň dokumasyndan we ýumşaklygyndan ybarat bolan aýratyn bir “göwheriň” täsirini berýär.

Meläýewa Ogulşat
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 105-nji toparynyň talyby