Küştdepdi aýdym we tans dessury Türkmenistanyň iň gadymy, joşgunly we ähmiýetli milli däpleriniň biridir. Ol diňe bir tans däl, eýsem türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklaryny, durmuş pelsepesini we medeni mirasyň baýlygyny özünde jemleýän sungat eseridir.Bu dessur 2017-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň Reprezentatiw sanawyna girizildi we dünýä derejesinde ykrar edildi.Küştdepdiniň manysy we gelip çykyşy,Gadymy Kökleri,Taryhy Subutnamalar: Alymlaryň bellemeklerine görä, Küştdepdiniň kökleri gadymy Parfiýa döwletiniň paýtagty Nusaýda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde tapylan ritonlaryň (gadymy gap) üstündäki tansçylaryň şekillerinde hem görnüpdir. Bu onuň taryhynyň müňýyllyklara uzap gidýändigine şaýatlyk edýär.
Adynyň Manysy: “Küştdepdi” sözi gadymy halk düşünjelerinden gelip çykan bolup, esasan “kowmak” manysyny aňladýar. Käbir maglumatlara görä, “küşt” (haýwanlary kowmak üçin ulanylýan ünlemä meňzeş) we “dep” (depmek) sözlerinden emele gelip, ýamanlygy, keselçiligi we şowlulygy durmuşdan kowmak düşünjesini alamatlandyrýar. Taryhda hassanyň daşynda durup “küşt, küşt” diýip, ony bejermek däbi bilen hem baglanyşykly bolupdyr.
Küştdepdi adamlaryň döwre gurap (halka) durmagy bilen başlanýar we üç esasy bölekden ybarat:
1. Gazal Aýtmak (Şahyrana Düzüm)
Başlangyjy: Dessur oturan ýaşuly zenanlaryň ýa-da ýaş oglan-gyzyň aýdýan gazallary bilen başlanýar.
Gazalçy: Esasan bir oglan bilen bir gyz ýa-da iki baş aýdymçy (gazalçy) döwräniň ortasynda çykyp, aýdym aýdyşyk görnüşinde dogaçlama (improwizasiýa) bilen bentler aýdýarlar.
Temasy: Gazallar giň temalary öz içine alýar: Watan, dostluk, söýgi, ýaşlaryň bagtyýar durmuşy we ýagşy arzuw-dilegler. Gazallar köplenç dört setirli bentler bolup, ruhubelent mazmunly bolýar.
2. Tans Hereketleri (Depimler)
Depginleri: Tans hereketleri gazallaryň aýdymyna laýyklykda dürli depginlerde ýerine ýetirilýär. Esasy görnüşleri:
Üç depim: Tans haýal, pessaý äheňde başlanýar.
Iki depim: Depgin orta çaltlyga geçýär.
Bir depim: Depgin iň ýokary çaltlyga ýetip, tansçylar joşgunly hereket edýärler.
Horeografiýasy: Tansçylar aýaklaryny ritme görä ýere urup, ellerini ýokary galdyryp ýa-da beýleki özboluşly hereketleri edýärler. Bu çalasyn we çeýe hereketler bilen özleşip, köpçüligi şowhuna çekýär.
3. Seslenme (Ritmi Düzgünleşdirmek)
Gaýtalanýan sözler: Gazalyň her bendiniň ahyrynda tansçylar we tomaşaçylar bilelikde “küşt, küşt, küştdepdi”, “haýt-haýt, haýt”, “öh-hä, öh” ýaly ünlemeleri gygyrýarlar. Bu seslenmeler tansyň ritmini sazlaşdyrýar we oňa has-da joşgun berýär.Medeni ähmiýeti: Küştdepdi türkmen medeniýetinde ägirt uly ähmiýete eýedir:Jebislik Güýji: Ol adamlaryň, ýaşlaryň, ýaşulylaryň arasynda jemgyýetçilik bitewüligini we özara düşünişmegi (solidarlygy) berkitmäge hyzmat edýär.Milli Ruhy Aňlatma: Tans Älemiň we Durmuşyň müdimi aýlawyny ýada salýan döwre gurup aýlanýan hereketleri bilen halkyň ruhy pelsepesini we ýaşaýşa synmaz söýgüsini beýan edýär.Däp-Dessurlary Gorap Saklamak: Küştdepdi häzirki döwürde hem toý-dabaralarymyzyň, milli baýramçylyklarymyzyň we halkara festiwallarynyň aýrylmaz bölegi bolup, gadymy däpleri täze nesillere ýetirmekde möhüm orun tutýar.
Muhammetnazarowa Leýli
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 105-nji toparynyň talyby

RU



