Adam bedeniniň iň esasy syrlarynyň biri, daşky görnüşiň (meselem, gözüň reňkiniň) adamyň fiziki we psihologiki häsiýetlerine nähili täsir edýänligidir. Halk arasynda we hatda käbir ylmy barlaglarda gök gözli adamlaryň beýleki adamlara garanyňda agyra has duýgur bolýandygy barada pikirler öňe sürülýär.
Gözüň reňki, esasan, melanin atly pigmentiň mukdary bilen kesgitlenýär.Bu pigmentiň önümçiligine jogap berýän esasy gen, OCA2 we oňa ýakyn bolan HERC2 genleridir. Alymlar bu genleriň diňe bir gözüň reňkine däl, eýsem, beýleki bedeniň funksiýalaryna hem täsir edýändigini çaklaýarlar.Gözüň reňki bilen agyra çydamlylyk arasyndaky baglanyşyk baradaky esasy teoriýa, göz reňkine täsir edýän genleriň agyryny beýleki zatlar bilen duýmakda we oňa reaksiýa bildirmekde uly orny bar bolan bejerginiň mehanizmlerine (meselem, endorfinler) täsir etmegi bilen düşündirilýär.
Käbir lukmançylyk barlaglary, aýratyn-da dogrum wagtyndaky agyryny öwrenenler, gök ýa-da ýaşyl gözli aýallaryň goňur gözli aýallara garanyňda azyrak agyry dindiriji serişdeleri talap edendigini, ýagny agyra has çydamly bolandygyny ýa-da agyra garşy has gowy goranyş mehanizmleriniň bardygyny görkezýär. Melanin, neýronlary goramaga kömek edýän ýaly görünýär. Gök gözli adamlarda melanin pes bolany üçin, käbir neýrologik duýgurlyklara has ýykgyn edýändigi barada çaklamalar bar.Esasy pikir, melanin derejesini dolandyrýan genleriň agyry signallaryny beýnä ýetirýän neýrotransmitterlere (himiki maddalar) hem täsir etmegi mümkin. Şol sebäpli, gök gözli adamlaryň agynyň çäginiň pes bolmagy (ýagny, has kiçi agyny hem güýçli duýmagy) çak edilýär.
Alymlar gök gözli adamlaryň diňe bir agyra däl, eýsem beýleki daşky täsirlere hem has duýgur bolup biljekdigini belläp geçýärler. Käbir barlaglar gök gözli adamlaryň alkogolyň täsirine has çalt düşýändigini we onuň täsiriniň has uzak dowam edýändigini görkezýär. Bu, beýleki neýrologik duýgurlygyň bar bolmagynyň subutnamasy bolup biler.Melanin gözleri UV şöhlelerinden goraýar. Gök gözli adamlarda melanin az bolany üçin, olar Günden we ýagtylykdan has köp azar çekýärler.
Häzirki wagtda, gök gözli adamlaryň agyra beýleki adamlara garanyňda “ynjalyga has duygur” diýip kesgitläp boljak ýeke-täk we doly subutnamasy ýok. Ylmy netijeler garşylykly we çylşyrymly.
Käbir barlaglar (meselem, dogrum agyrysy) gök gözlileriň has çydamly bolmagyny görkezýär.
Beýleki genetik teoriýalar bolsa, olaryň has duýgur bolmagyny çaklaýar.Gözüň reňkini kesgitleýän genler ynsan bedeniniň aglaba ulgamyna (diňe bir gözlere däl-de, neýrologik we endokrin ulgamlara) täsir edýär. Şonuň üçin, gözüň reňki bilen agyra duýgurlyk arasynda genetiki baglanyşyk bolmagy mümkin, ýöne bu baglanyşyk entek doly öwrenilmeli we tassyklanmaly.
Adam agyryny duýanda, bu duýgy diňe bir genlerden däl, eýsem, ýaşaýyş tejribesinden, psihologiki ýagdaýdan we medeni düşünjelerden hem güýçli täsir alýar. Şonuň üçin, ähli gök gözli adamlary bir topara degişli edip, olaryň agyra duýgurlygyny kesgitlemek dogry bolmaz. Her bir adam özboluşly we aýratyn duýgurlyga eýedir.
Babajyýew Mekan
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 111-nji toparynyň talyby