Garynjalar (Latynça: Formicidae) Gymenopteranyň (zerli ganatlylar) toparyna degişli bolan kiçijik mör-möjeklerdir. Olar özboluşly köpçülikleýin (koloniýa) ýaşaýyş, zähmetsöýerligi we garynja ketekleriniň gurluşynyň çylşyrymlylygy bilen dünýäni haýran galdyrýarlar.Garynjalar ýer ýüzünde 12 müňden gowrak görnüşi bilen giňden ýaýrandyr. Olaryň gurluşynyň we ýaşaýyş aýratynlyklarynyň esasy bölekleri. Garynjanyň bedeni üç esasy bölekden ybarat: kelle, döş we garyn. Garyn bilen döşüň arasynda inçe bil ýerleşýär.Kellesinde ýerleşýän antennalary olaryň esasy duýuş we aragatnaşyk guralydyr. Olar antennalaryň kömegi bilen yslary, yrgyldylary (ýer titremesini, beýleki jandarlaryň hereketini) duýup bilýärler.
Topardaky beýleki agzalar (ene garynjalar, liçinkalar, işçi garynjalar) bilen iýmit paýlaşmak üçin ulanylýar.Olar iýmit ýoluny tapmak, howp barada duýdurmak we beýleki habarlary bermek üçin feromonlar (himiki yzlar) arkaly habarlaşýarlar.Garynjalar gaty guramaçylykly we zähmete esaslanýan koloniýalarda ýaşaýarlar. Olaryň her bir ketegi (ant hill) millionlarça agzany we funksiýalary öz içine alyp bilýän uly bir ‘şähere’ meňzeýär.
Ene Garynja (Şa aýal): Koloniýanyň ýeke-täk köpelijisidir. Onuň esasy wezipesi – ýumurtga goýmak (käbir görnüşler günde 1500-e çenli ýumurtga goýýar) we nesli dowam etdirmek.Urkaçy, ýöne tohumsyz garynjalar. Olar koloniýanyň ähli gündelik işlerini ýerine ýetirýärler, şol sanda:
Iýmit ýygnamak.
Höwürtgäni gurmak we bejermek.
Liçinkalara seretmek we iýmitlendirmek.
Goragçylyk (käbir görnüşlerde uly kellesi bolan esger garynjalar goragçylyk edýär).
Erkek Garynjalar: Olaryň ýeke-täk funksiýasy – ene garynjalar bilen tohumlanmak. Olar tohumlanmadan soň köplenç tiz wagtdan ölýärler.
Garynja ketekleri örän çylşyrymly inženerçilik desgasydyr. Olaryň içinde:
Däneleri, tohumlary we beýleki iýmit gorlaryny saklamak üçin. Türkmenistanda giňden ýaýran Messor (Däne ýygnýan) garynjalar uly mukdarda däne ýygnaýarlar.Käbir garynjalar şirejeleri (afids) saklap, olaryň ösümlik şiresini iýenden soň çykarýan süýji suwuklygyny (şekerli süýt) sagyp alýarlar. Günorta Amerikada ýaşaýan ýaprak kesýän garynjalar (Attini) öz hinlerinde toplan ýapraklaryny ulanyp, ýörite kömelekleri ösdürip ýetişdirýärler we bu kömelekler olaryň esasy iýmit çeşmesidir. Garynjalar suwuň aşagynda 24 sagada çenli demini saklap bilýärler. Garynjalar gulaklary bolmasa-da, antennalary we aýaklary arkaly ýeriň yrgyldysyny duýup, daşky gurşawyň hadysalaryna uýgunlaşýarlar.
Garynjalar gaty zähmet söýüjiligi we tertibi bilen meşhurdyrlar. Olary öwrenýän ylma Mirmekologiýa diýilýär.
Ýusupowa Merjen
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 111-nji toparynyň talyby