Hazar döwlet tebigy goraghanasy Türkmenistanyň iň täsin we ähmiýetli goraghanalarynyň biri bolup, Gündogar Hazar deňizýakasynyň we onuň kenarýaka suwlarynyň tebigy toplumlaryny goramak üçin döredilendir. Bu goraghana Türkmenistanyň ýeketäk deňiz goraghanasy hökmünde aýratyn orun eýeleýär.
Goraghananyň düýbi 1932-nji ýylda Esenguly ornitologiki goraghanasy hökmünde tutuldy. Esasy maksat demirgazyk ýurtlardan gyşlamaga gelýän suwda ýaşaýan guşlary we olaryň ýaşaýyş ýerlerini goramakdy. 1968-nji ýylda giňeldilip, Krasnowodsk döwlet ornitologiki goraghanasy adyny aldy. Türkmenistanyň Garaşsyzlygyndan soň, 1994-nji ýylda bolsa häzirki ady bolan Hazar döwlet tebigy goraghanasy diýlip atlandyryldy we düzümine Ogurjaly çäkli goraghanasy goşuldy.2008-nji ýylda Türkmenistanyň Ramsar Konwensiýasyna goşulmagy bilen, goraghananyň suw giňişligi halkara ähmiýetli suwly-batgalyk ýerleriniň sanawyna girizildi. Bu ýer Russiýadan we Gazagystandan Afrikanyň demirgazyk ýerlerine çenli göçýän guşlaryň iň möhüm göçüş ýollarynyň birinde ýerleşýär.
Hazar goraghanasy suw giňişlikleriniň, deňiz aýlaglarynyň we kenarýaka çöl meýdanlarynyň utgaşmasyndan ybaratdyr.Goraghananyň umumy meýdanynyň takmynan 70-77%-i suw akwatoriýalaryndan ybaratdyr. Ol iki sany esasy bölekden ybarat:
Hazar meýdançasy: Türkmenbaşy, Balkan, Demirgazyk-Çeleken we Mihaýlowsk ýarym aýlaglaryny öz içine alýar.
Esenguly meýdançasy: Günorta subtropiki zolakda, Eýran bilen serhede ýakyn ýerleşýän ýalpak suwly ýerleri we öňki Esenguly aýlagyny öz içine alýar.
Ogurjaly adasy: Goraghananyň düzümine girýän bu uly deňiz adasy köp sanly jandarlar üçin ygtybarly gaçalga bolup hyzmat edýär.
Hazar goraghanasy, esasan, guşlaryň we suwda ýaşaýan beýleki janly-jandarlaryň baýlygy bilen meşhurdyr.
Bu ýerde 300-den gowrak guş görnüşi hasaba alyndy. Goraghana demirgazykdan gyşlamaga we göçmäge gelýän millionlarça guşuň ýaşaýyş we iýmitlenme merkezidir.Gyzyl flamingo (bir wagtda birnäçe müň sanysy duş gelýär), ak we gyýakly gotanlar, ak guw, ördekleriň we gazlaryň köp görnüşleri, gajarlar (maslykçy, ütelgi, balykçy bürgüt) ýaly seýrek ýyrtyjy guşlar.Ýyly howasy we azyk üpjünçiliginiň köplügi sebäpli bu ýerde guşlaryň 70\%-den gowragy gyşlap galýar.
Düwlenleriň bu görnüşi Hazar deňziniň endemek (diňe şol ýerde ýaşaýan) görnüşi bolup, Ogurjaly adasy olaryň köpelýän esasy ýerleriniň biridir. Türkmen Hazary ýylylygy we arassalygy sebäpli balyklara, aýratyn-da nylara (býeluga, bekire, atlazbekire) we beýleki gymmatly balyklara baýdyr.Keýikler, gamyş pişigi, adaty tilki, torsak ýaly süýdemdirijiler goraghananyň kenarýaka böleklerinde we Ogurjaly adasynda duş gelýärler.
Goraghananyň esasan suwly bolmagyna garamazdan, kenarýaka ýerler we adalar hem özüne mahsus ösümlik dünýäsine eýedir.Haralar ýaly suwotularyň dürli görnüşleri, gamyş, tamaris (ýylgyn) we borjagyň käbir görnüşleri.Suwda we kenarýaka zolakda ýaşaýan, şol sanda Türkmenistanyň we Halkara Gyzyl kitaplaryna girizilen (mysal üçin, keýik, zemzen, guşlaryň köp görnüşi) seýrek we ýitip gitmek howpy abanýan haýwanlary goramagy üpjün edýär. Goraghana Merkezi Aziýanyň we Hazarýaka sebitiniň ornitologlary we ekologlary üçin ylmy-barlag işlerini geçirmäge amatly binýat bolup hyzmat edýär.Nebit we gaz känleriniň ýerleşýän Hazaryň türkmen böleginiň ekologiýa taýdan arassa saklanmagynda we deňiz suwunyň hapalanmagynyň öňüni almakda wajyp rol oýnaýar.
Hazar goraghanasy Gündogar Hazaryň tebigatynyň örän ähmiýetli we köp öwüşginli künjegi bolup, Türkmenistanyň tebigaty goramak boýunça alyp barýan syýasatynyň aýdyň mysalydyr.
Berdiniýazowa Güljahan
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 101-nji toparynyň talyby

RU



