Adamzat taryhynyň ilkinji döwründen bäri toprakdan peýdalanyp, ösümlik ösdürmek adamlaryň esasy işleriniň biri bolupdyr. Ilkinji oba hojalyk işleriniň başlanyşy bilen agronomçylyk ylymynyň hem binýady goýuldy. Agronomçylyk – bu toprak, ösümlik we önümçilik gatnaşyklaryny öwrenýän hem-de oba hojalyk önümçiligini ylmy esasda ösdürmäge gönükdirilen ylymdyr.
Ilkinji döwür: oba hojalygynyň emele gelmegi
Agronomçylygyň taryhy biziň eýýamymyzdan ozal takmynan 8–10 müň ýyl mundan öň başlanypdyr. Şol döwürde adamlaryň awçylyk we balykçylyk bilen meşgullanmaklary oba hojalygyna geçmegi adamzadyň ösüşindäki möhüm tapgyr boldy.
Ilkinji ekerançylyk işleri Mesopotamiýada, Nil jülgesinde, Hind derýasynyň boýlarynda hem-de Hytaýda alnyp barylypdyr. Şol ýerlerde bugdaý, arpa, şaly, pagta ýaly ekinleriň irki görnüşleri ösdürilip başlanypdyr.
Antik döwür we orta asyrlar
Antik döwürde Gresiýada, Rim imperiýasynda we Hytaýda agronomçylyk pikirleri ösüş tapdy.
Gresiýaly Aristotel we Teofrat ösümlikleriň ösüş kanunalaýyklygyny öwrenip, olaryň klasifikasiýasyny döretdiler.
Rimli Kolumella we Warron ýaly alymlar toprak işlemek, ekiş we hasyl ýygnamak barada giňişleýin ýazgylary galdyrdylar.
Orta asyrlarda bolsa, musulman alymlary – Ibn Sina, Al-Biruni, Ibn al-Awwam ýaly pikir eýeleri ösümlikleriň iýmitlenmesi, suwaryş we toprak hakynda täze ylmy garaýyşlary orta atdylar.
Täze döwür: ylmy agronomçylygyň döreýşi
XVIII–XIX asyrlarda ylmy agronomçylyk özbaşdak ylym hökmünde kemala geldi.
Nems alymy J. Libih ösümlikleriň mineral iýmitlenmesi baradaky nazaryýeti döretdi.
A.W. Wilýams, A.D. Nojýn, K.A. Timirýazew ýaly alymlar agronomçylygyň fiziki, himiki we biologiki esaslaryny ylmy taýdan düşündirdiler.
Bu döwür agronomçylygyň ylmy esasda ösdürilmeginiň başlangyjy boldy.
XX asyr: mehanizasiýa we ylmy-önümçilik ösüşi
XX asyrda oba hojalygynda traktor, kombaýn ýaly tehnikalaryň girizilmegi bilen agronomçylykda mehanizasiýa giňden ýaýrap başlady. Toprak ylmy, ösümlik seleksiýasy, dökünleriň peýdalanylyşy, suwaryş ulgamlary ýaly ugurlar çalt ösdi.
Sowet döwründe hem agronomçylyk Türkmenistanda aýratyn ösüş tapdy. Oba hojalyk institutlarynda ýokary bilimli agronomlar taýýarlanyldy, pagtaçylyk,däneçilik, şor topraklaryň bejergisi boýunça ylmy-barlag işleri geçirildi.
Häzirki döwür: durnukly ösüş we innowasiýalar
XXI asyrda agronomçylyk ekologiýa we durnukly ösüş bilen berk baglanyşykly ugra öwrüldi. Häzirki wagtda biotehnologiýa, genetika we informatika agronomçylygyň möhüm bölegi boldy.
Dronlar, sensorlaryň kömegi bilen meýdanlaryň ýagdaýy seljerilýär şu nukdaýzaradan hem organiki ekerançylyk giň gerim alýar.
Türkmenistanda hem häzirki wagtda durnukly oba hojalygyny ösdürmek, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, täze ýerli ekin görnüşlerini döretmek boýunça işler alnyp barylýar.
Agronomçylyk müňýyllyklaryň dowamynda adamzat durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolup geldi. Ol ilkinji ekerançylyk tejribelerinden başlap häzirki zaman sanly tehnologiýalary öz içine alýan giň ylymlar ulgamyna öwrüldi. Agronomçylygyň ösüş taryhy – bu adamyň toprak bilen baglanyşygynyň, zähmetiniň we ylmy ösüşiniň taryhyna öwrüldi.
Ogulşat ÝAZGYLYJOWA
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Agranomçylyk fakultetiniň Agranomçylyk hünäriniň 3-nji ýyl talyby

RU



