Gidromeliorasiýa — oba hojalygynda öndürijiligi ýokarlandyrmak, ýerleriň hasyllylygyny artdyrmak hem-de ekinleriň suwa bolan islegini kanagatlandyrmak üçin ýerine ýetirilýän suw hojalyk we inženerlik çäreleriniň toplumydyr. Ol ýerleriň suwaryşyny, şorlaşan ýerleriň meliorasiýasyny, suw üpjünçiligini hem-de ýerleriň ekologiýasyny sazlaşdyrmagy maksat edinýär. Bu ugur müňýyllyklaryň dowamynda ösüp, häzirki döwürde ýokary tehnologiýaly ulgam hökmünde şekillenendir.
Gadymy döwürlerde gidromeliorasiýanyň emele gelmegi.
Gidromeliorasiýanyň taryhy örän gadym döwürlere çenli uzaýar. Ilkinji suwaryş ulgamlary Mesopotamiýada (Tigr hem-de Ýelfrat derýalarynyň aralygynda), Müsürde (Nil derýasynyň jülgesinde) hem-de Hind derýasynyň basseýninde döredilipdir. Bu ýerlerde suwaryş kanallary, bentler, howdanlar we suw saklaýjy desgalaryň gurluşygy arkaly oba hojalygynda uly ösüş gazanylypdyr.
Müsürliler her ýyl Nil derýasynyň taşkyndaryny peýdalanyp, meýdanlaryna tebigy dökün hem-de suw almagy başarypdyrlar. Şol döwürde suwy paýlamak we saklamak boýunça ilkinji inženerlik çözgütleri ulanylypdyr.
Orta asyrlarda gidromeliorasiýanyň kämilleşmegi.
Orta asyrlarda gidromeliorasiýa işleri dünýäniň dürli sebitlerinde giň gerim alyp başlady. Arap alymlary we inženerleri tarapyndan suwaryş ulgamyna degişli täze enjamlar (aryklar, keränler, suw çykaryjy çarhlar) işlenip düzülipdir.
Merkezi Aziýa ýurtlarynda — şol sanda häzirki Türkmenistanyň çäginde-de — bu ugurda uly tejribe toplanypdyr. Amyderýa we Murgap derýalarynyň eteginde gurlan gadymy aryklary (Murgap arygy, Han arygy, Garagum arygyň öňdebaryjylary) gidromeliorasiýanyň sebitdäki taryhy ösüşiniň aýdyň subutnamasydyr.
XX asyrda gidromeliorasiýanyň ylmy esasda ösdürilmegi
XX asyr gidromeliorasiýanyň ylmy esasda ösdürilen döwri boldy. Suwaryş ulgamlary döwrebap inženerlik hasaplamalaryna esaslanyp gurlup başlandy. Türkmenistanda 1950–1960-njy ýyllarda uly melioratiw taslamalar durmuşa geçirildi.
Has aýratynam Garagum kanalyň gurlmagy ýurduň oba hojalygynyň ösüşinde uly öwrülişik boldy. Kanal suwaryş ýerleriniň giňeldilmegini, täze oba hojalyk ýerleriniň özleşdirilmegini hem-de sebitde durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etdi.
Häzirki döwürde gidromeliorasiýanyň ýagdaýy we ösüş ugurlary
Häzirki döwürde gidromeliorasiýa işleri ýokary tehnologiýalaryň, elektron dolandyryş ulgamynyň hem-de ekologik durnuklylygyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar. Suw tygşytlaýjy usullar — damjalaýyn suwaryş, suwuň awtomatlaşdyrylan paýlanyşy giňden ornaşdyrylýar.
Türkmenistanda hem soňky ýyllarda “Suw kodeksi”, “Suw strategiýasy”, şeýle hem “Türkmenistany 2030-njy ýyla çenli durnukly ösdürmek” maksatnamalarynyň çäklerinde gidromeliorasiýa ulgamyna aýratyn ähmiýet berilýär.
Gidromeliorasiýanyň taryhy — adamzadyň suw bilen baglanyşykly durmuşynyň, zähmetiniň we döredijiliginiň taryhyny özünde jemleýär. Gadymy döwürlerden başlap häzirki döwre çenli bu ugurda toplanylan tejribe oba hojalygynyň, ykdysadyýetiň hem-de ekologiýanyň durnukly ösmegine hyzmat edip gelýär. Geljekde hem gidromeliorasiýa döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy arkaly ösdüriljekdir.
Hydyrguly SEÝIDOW
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň Gidromeliorasiýa hünäriniň 5-nji ýyl talyby

RU



