Ýaşlygy we gözelligi saklap galmak üçin hem-de garrylygyň öňüni almak üçin özüňiziň tagamnamaňyzdaky naharlarda şu önümleriň bolmagy hökmanydyr.
Badam. Gadym wagtlardan bäri dermanlyk häsiýete eýe hasaplanýan badamyň maňzynda organizm üçin peýdaly bolan köpsanly mikroelementler barlygy bellidir. Badamy kabul etmek aşgazanda ýaranyň we gastritiň peýda bolmagynyň öňüni alýar. Adamlar üçin badamyň peýdalylygy onuň güýçli fiziki dartgynlylykdan soň iýilmegi bedenimiziň gysga wagtyň içinde “özüni oňlamagyna” ýardam berýär. Ýaşarmak isleýänler üçin günüň dowamynda 200 gramdan aza bolmadyk mukdarda badam miwesini iýmek maslahat berilýär.
Gök çaý. Alymlaryň geçiren gözleglerine görä, gök çaý süýjili diabetiň peýda bolmagynyň öňüni alýar. Immuniteti artdyryp, artykmaç bedeb agramyndan halas bolmaga hem-de deriniň mylaýymlaşmagyna ýardam edýär. Bilermenler günüň dowamynda 0,5 lt çaý içmelidigimiz belleýärler.
Goýun eti. Berhizşynaslar tarapyndan hemişe gözel bolmak isleýänler üçin maslahat berilýän iň gowy önümleriň biri goýun etidir. Ol sink, marganes hem-de testosteron maddasynyň işjeň öndürilmegi üçin zerur bolan minerallara baýdyr. Organizmde bu madda sport, fitnes, tans ýaly fiziki hereketler bilen meşgullanylanda bölünip çykýar.
Şampinon kömelekleri. Ady agzalan bu azyk önümi gan damarlaryny holeterinden arassalaýan iň gowy serişdeleriň biridir. Şampinon kömeleginde omega-3 ýag kislotasy bardyr. Içegelerdäki siňdirilme we geçginlilik ýagdaýy sebäpli olar holesteriniň köpelmegine hem-de bedende ýaýramagyna ýol bermeýär.

Ayşanur ATAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 109-njy toparynyñ talyby