Gysga hekaýa žanry diňe bir “New Time” žurnalynyň okyjylarynda uly
gyzyklanma döretmän, eýsem ol çeper söz sungatynyň beýleki wekilleriniň hem
ünsüni özüne çekipdir. Mysal üçin, Hemingueý hiç bir adamyny parhsyz goýup
bilmejek 4 sözden ybarat hekaýa ýazyp jedelde utupdyr:
Çaga aýakgaplary satylýar. Geýilmedik. Käbirleriniň pikirine görä, islendik hekaýa esasy üç bölekden ybarat bolýar: giriş, wakanyň iň ýokary çägi hem-de netije. Hekaýa ýazmagyň ussady O.Genri şu talaplary berjaý edip, iň gysga hekaýasyny ýazyp bäsleşikde ýeňiji bolýar: “Sürüji çilimini otlap näçeräk ýangyjyň galandygyny anyklamak üçin ýangyç bagynyň üstüne eglip seretdi. Merhumyň ýaňy ýigrimi üç ýaşy dolupdy. Amerikaly toslamaçy hem detektiw žanrynyň ussady Frederik Braun iň
gorkunç hekaýalaryň iň gysgasyny ýazmagy başardy:
“Ýerdäki iň soňky adam otagyň içinde otyrdy. Gapy kakyldy…”
Emma gysga hekaýa ýazmak üçin edebiýatda ykrar edilen ýazyjy bolmak
hökman däl. Mysal üçin, gartaşan bir fransuz aýaly iň gysga terjimehal ýazmak
bäsleşiginde ýeňiji bolmagy başardy:
“Öňler meniň tekiz ýüzüm hem ýygyrt-ýygyrt ýubkam bardy, indi bolsa
tersine”.
Gysga hekaýalar
