Ýa düýş ýa-da huş, özi-hä göz açyp ýumasy salymda serde seslenen hyýaly
pikirlerde ol keramatly, paýhas eýesi gojanyň kalbyndan dömýän bakylyk
suwundan teşneligimi gandyrmaga hyýalymyň hakykat suraty nury didämde
janlanyp, ýaşaýşyň pynhan älemi sözleriň düri, göwheri bolup, çakylyk goluny
bulady. Türkmeniň ýaýylyp ýatan giň sährasy asman bilen zeminiň aralygynda
özüniň gaýtalanmajak gözelligi, köp dürli öwüşgini bilen şol gojanyň paýhas
gorundan, guýmagursak zehininden we kämil ylmyndan ders alýan mysaly.
Asyrlaryň gatlaryna kök uran, gadymyýetden ýadygär galan ýaşaýşyň yzlary
hakydaňda geçmişiň durmuş ýörelgelerini janlandyrýar. Ylla diýersiň ho-ol
gapdalda läleleriň, aýdymlaryň mylaýym owazyna ses goşýan gelin-gyzlaryň darak
kakyp, halydyr palas dokaýyşlary, alaja işip, sünnäläp keşde çekişleri, beýleki bir
tarapda watanyň her daban topragy üçin janyny orta goýup söweşýän gerçekleriň
gahrymançylygy, eneleriň sallançagyň bady bilen sepleşýän hüwdüleri, gojalaryň
bir-birege sala salyp, ýaşlara berýän öwütleri, dag derelerinde otlaşyp ýören dowar
sürüleri, üstünden Beýik Ýüpek ýoly geçen Gündogaryň gyzan bazary göz öňüňde
janlanýar.
Dünýäniň eşretinden hem ezýetinden, namasyndan hem nalasyndan,
barlygyndan hem ýoklugyndan ruhy alyslykda tenha özi Abu Seýit Abul Haýyr –
Mäne baba ylym ummanynyň çuňlugyna kök salyp, kä öwrenýärdi, käte hem
öwredýärdi. Ýaşaýşyň çarhyna ylmyň syry bilen erk edýäne çalymdaş pursatlar
ýerli halkyň hiç wagt hakydasyndan öçmese gerek. Şygyrlary bolsa hem kalbyň
ylhamlanmagyna, hem kämil ahlak gymmatlyklarynyň dabaralanmagyna itergi
berýän ylahydan kemally güýçdür.
Hydyr görmüş owadan ýaýlalaryň, ilerden – daglardan gaýdýan jahyl heserli
şemalyň, gaýradan ak sähranyň ýüzüni ýelpäp geçen ýumşaksy ýelleriň
ýalkymynda pire heserdeş diwanalardyr derwüşler köne derdiň külpetinde
nazarlap, Abu Seýit Abul Haýyryň täze şygyrlary bilen tanyşýardylar. Şol şygyrlar
kalba – ganat, ömre – zynat. Olarda zemine sygmajak, ýöne köňülde mekan tutan
gyzgyn mähir, düýpsüz umman kimin yşk bar. Şol rubagylarda ylahy söýgi,
watançylyk, ynsanperwerlik hakyndaky oýlanmalar, dünýä akyl ýetirmek baradaky
pelsepeler köňül kelamyna şan berip, ähli işlerde diňe Haka, halka we hakykata
eýermek ündelýär. Şol ündewler türkmen edebiýatynyň paýhas goruny özünde
jemleýän nusgawy şahyrlarymyzyň eserleriniň süňňüne kök salýar.
Bu yşk aryf, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda
şahyrana mazmun bilen geljege ýalkym saçýar:
Abu Sagyt, Omar Haýýam, Hemedany,
Firdöwsi, Nyzamy, Hafyz Perwany,
Jelaleddin Rumy, «Jame ul-many»,
Alarnyň jaýynda men hem kän bolsam –
diýip, Abu Seýit Abul Haýyr – Mäne babanyň söz hem amal keramatyna beýik
sarpa goýup, adyna kalbynda ebedilik orun beren Magtymguly Pyragy öz
döredijiliginde gaýybana halypasynyň öňe süren pikirlerini goldap, ondan ruhy
joşgun hem ylham alýar. Olar paýhas ummanynyň çuňlugynda sözden heýkel
dikip, pikirlerine baky ömri bagyş etdiler. Abu Seýit Abul Haýyr:
Karzymy ýetirgin bol hazynaňdan,
Ýa keremiň joş-da, baýlyga okla –
diýýän bolsa, Magtymguly Pyragy:
Hazynaňdan bergil meniň ryzkymy,
Bendäňi bendäňe mätäç eýleme! –
setirlerini miras goýýar. Mysal getirilen setirler iki ägirdiň ruhy ýakynlygynyň
anyk delili. Olaryň ikisi hem şol bir hazyna eýesine ýüzlenip, bir akabadan ruhy
teşneligini gandyryp, edebiýat hem pelsepe äleminde nury hiç wagt egsilmejek
paýhasdan parlaklygyny hemra edinen tugy dikdiler. Ol tug nesillere nusga. Onuň
ýazlar kibi ýalkymy adamzadyň kalbynda iň gaýtalanmajak nepis duýgulary
oýarýar. Ol zehiniňi taplaýar. Bu hakykat Arkadag Prezidentimiziň eserlerinde
hem örän täsirli beýan edilýär. Halatly piriň keramaty bilen baglanyşykly çeper-
filosofiki teswire eýe bolýan hekaýalaryň örän çuň hem ýiti düşündirilişi Hormatly
Prezidentimiziň beýik alym, uly pir, weli, arap-pars dillerinde şygyr – rubagy
ýazan ussat şahyr, ynsanperwerligiň, dostlugyň, halallygyň we agzybirligiň
ündewçisi hem waspçysy hökmünde tanalýan, döwürdeş alymlary tarapyndan
«Halkyň halany we Hakyň aşygy» diýen iň ýokary hormatly lakama mynasyp
bolan Mäne baba bolan belent sarpasyndan habar berýär. Milli Liderimiziň
«Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda hem Abu Seýit
Abul Haýyryň ady hormat bilen ýatlanylýar we onuň Ibn Sina bilen bolan
söhbetdeşliginden täsin hem täsirli pursatlara okyjynyň ünsi çekilýär. Mäne
babanyň ömrüni we döredijiligini öwrenýän alymlaryň pikirine görä, şol
duşuşykdan soň, Ibn Sina Abu Seýidiň mertebesiniň örän ýokarydygyny ykrar
etmek bilen özüniň iň soňky «Yşarat» atly filosofiki kitabynda oňa ýörite bir
bölümi bagyşlapdyr. Keramatly piriň türkmen soltanlary Çagry beg bilen Togrul
bege döwlet patasyny berendigini eşitmedik türkmen ýok bolsa gerek.
Gündogaryň beýik filosoflarynyň kämil şahsyýetleriniň, olaryň geljekki
nesillere miras goýan bahasyz pähim-paýhaslarynyň, edebi eserleriniň mysalynda
ýaş nesle kämil adam, kämil şahsyýet bolmagyň ýol-ýörelgesi salgy berilýär. Bu
ýol mukaddesdir, röwşendir we ebedidir.
Maral GURBANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň 1-nji ýyl talyby,