Ählimiziň bilşimiz ýaly, türkmen halkynyň baý taryhy bardyr. Gadym
zamanlardan bäri şol taryhy baýlaşdyrmak babatynda uly işler amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň ýerlerinde dürli asyrlarda dürli hanlyklaryň, beglikleriň,
imperiýalaryň bolanlygy hemmä mälim bolsa gerek. Her döwrüň taryhy
öwrenilende ilki bilen ýazuw çeşmelere ýüz tutulýar. Meşhur ýazyjylaryň,
şahyrlaryň, alymlaryň ýazan eserleri bolsa, aňyrsyna ýetip bolmajak
gymmatlykdyr. Aşakda görkezilen eserlerde bolsa XV-XVII asyrlaryň taryhy
maglumatlary beýan edeilendir:
1. Alam araýy Sefewi (Älemiň bezegi Sefewi) – XV-XVII asyryň birinji
ýarymyndaky türkmenleriň taryhyna degişli bolan ýazary näbelli “ Alam araýy
Sewefi” eseri gymmatly taryhy çeşmeleriň biridir. Bu eser Sefewiler nesilşalygyna
bagyşlanan hem bolsa onda Teýmiriler, Şeýbanylar, olaryň düzüminde ýaşan
türkmenler hakynda gymmatly maglumatlar getirilýär. Bu eseriň hakyky asyl
nusgasynyň bary-ýogy iki sany golýazmasy saklanyp galypdyr. Şol golýazmalar
esasynda eýranly taryhçy Ýadollah Şokri 1971-nji ýylda bu taryhy eseri ýörite
düşündirişleri bilen Tähranda kitap görnüşinde çapdan çykardýar. Türkmen
taryhçy alymlaryndan Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky taryh institutynyň uly
ylmy işgäri Orazpolat Ekäýew öwrenip, şol eser esasynda 1990-njy ýylda
“Türkmenleriň ýerleri XV asyryň ahyry XVI asyrda” ady bilen ýörite
monografiýasyny çapdan çykarýar.
2. “Tawarihi guzide Nusratname” (Ýeňiş kitabyndan saýlanylan taryh)
– ýazary näbelli bolan XV-XVI asyrlaryň wakalaryny beýan edýän eserleriň
biridir. Bu eser 1502 – nji ýylyň noýabrynda ýazylyp başlanyp, käbir
maglumatlarda 1505-nji, käbirlerinde bolsa 1510/1511-nji ýyllar aralygynda
ýazylyp gutarylypdyr. Taryhçy Mukminowa R.G bu eseri Muhammet Şeýbany
hanyň özi ýazan bolmagy diýip çaklaýar. Bu eseri rus dilinde terjime edip, 1967-
nji ýylda Daşkentde çapdan çykaran edebiýatçy alym Akramow A.M bu eseri
Şeýbany hana ýakyn adamlaryň biri bolan Muhammet Şalyh ýazan bolmagy
mümkin diýip hem çaklaýar. Eser gadymy özbek dilinde ýazylyp, ol Şeýbany hana
bagyşlanyp, onda Şeýbany hanyň Soltan Hüseýiniň ogullary bilen eden söweşi,
şeýle-de Ysmaýyl şa bilen bolan Talhatanbaba söweşi beýan edilýär.
3. “Şeýboninama” – Muhammet Şeýbany hanyň ýakyn harby
serkerdeleriniň we köşk şahyrlarynyň biri bolan Muhammet Salyh tarapyndan
ýazylan bu eser özbek hany Muhammet Şeýbanynyň ýörişlerine bagyşlanypdyr.
Eser gadymy özbek dilinde ýazylyp onda Şeýbany hanyň Horezmi basyp almagy
Ürgençdäki türkmenleriň görkezen garşylyklary beýan edilýär. Şeýbany han bu
eseri ýazan Muhammet Salyhy ilki Buhara şäheriniň soňra bolsa Çärjewiň häkimi
edip belleýär. Şol sebäpli ýazar Şeýbany hany birkemsiz hökümdar hökmünde
eserinde görkezip ony köp kemli taraplaryny beýan etmeýär. Muhammet Salyhyň
Şeýboninamasy 1961-nji ýylda rus diline terjime edilip neşir edilýär.
4. “Şeýbanynama” – Muhammet Şeýbany hanyň köşk şahyrlarynyň biri
bolan Kemaleddin Aly Benaýy tarapyndan ýazylandyr. Benaýy Şeýbanynyň
köşgünde “Mälik aş-şuar” derejesini, ýagny şahyrlaryň şasy adyny görkezip şol bir
wagtda-da Hyradyň häkimi bolupdyr. Ol öz eserini 1504-1510-nji ýyllar
aralygynda pars dilinde ýazyp onuň hakyky golýazmasy Daşkendiň golýazmalar
institutynda saklanylýar. Eserde Şeýbany hanyň Horezmi basyp alyp Horasana
eden ýörişleri beýan edilýär.
5. “Myhmannameýi Buhara”(Buhara myhmanynyň ýazgylary) –
Yspyhanda doglan Fazlallah Ruzbihan Yspyhanynyň (1457-1530ý.ý) ýazan taryhy
ýatlama eseridir. Ýazara başgaça Hoja Möwlana Yspyhany hem diýipdirler. Ol XV
asyryň ahyrlarynda Akgoýunly türkmen hökümdarlaryna XVI asyrň başlarynda
bolsa Muhammet Şeýbany hana gulluk edipdir. Ol öz eserinde Şeýbany hany öwüp
arşa çykarýar. Eseriň gymmatly tarapy onda Şeýbany hanyň Merw, Kelat, Sarahs
ýerlerine ýörişi we eýeleýşi beýan edilýär. Bu eser 1509-njy ýylyň ýanwar, fewral
aýlarynda ýazylyp başlanypdyr. 1976-njy ýylda eseri özbek edebiýatçy alym
Jelilow R.P. rus diline terjime edip neşir edýär. Ol Eýranda dogulsa-da, XVI
asyryň başlarynda Samarkanda we Buhara syýahat edip, Muhammet Şeýbany hany
bilen tanyşýar we oňa bagyşlap özüniň işini ýazýar. Bu işinde ol Şeýbany hanyň
ähli ýörişlerini jikme-jik beýan edip, şeýle-de Mawerenahryň, Horasynyň syýasy-
ykdysady ýagdaýyny, soňky teýmirileriň hereketlerini giňişleýin gürrüň berýär.
6. “Badaýy al – wakaýy” (Geň wakalar) – eser XV asyryň ahyrynyň XVI
asyryň birinji ýarymynyň wakalaryny beýan edip, onuň ýazary Zeýneddin Mahmyt
Wsifidir (1485-1551/1566 ý.ý ). Ol Hyratda doglup, şol ýerde medresede bilim
alýar.Soňra ol Samarkantda, Buharada, Daşkentde ýaşap Buhara hany Söýünç
hojanyň köşgünde gulluk edip, hanyň ogly Geldimuhammet hana we onuň 6 ýaşly
agtygy Hasan Soltana bagyşlap “ Badaýy al – wakaýy” eserini ýazýar. Eserini
1538/1539-njy ýyllarda ýazyp gutaryp, onda Soltan Hüseýiniň ogullarynyň
Şeýbany han bilen eden söweşleri we ýeňilip, Astrabada gaçyşlary, Şeýbany
hanlarynyň şejeresiniň häkimiýete gelişleri jikme-jik beýan edilýär.
Şunuň ýaly gymmatly eserler geçmişi öwrenmekde uly hazyna bolup çykyş
edýär.
Beki Seytäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniñ taryh mugallymy.